20.05
2015
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif 2015-nji ýylyň 20—21-nji maýynda Türkmenistana resmi sapary amala aşyrdy. Pakistanyň Premýer-ministriniň ýanynda ýokary derejedäki wekiliýet boldy.
20.05
2015
Ahal welaýaty, 20-njy maý (TDH). Şu gün Sarahs etrabynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň daşary söwda terminalynyň täze binasyny ulanmaga bermegiň dabarasy boldy.
20.05
2015
Awaza, 20-njy maý (TDH). Şu gün ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň VI halkara Gaz kongresi öz işini tamamlady. Onuň gün tertibine halkara energetika hyzmatdaşlyk we global energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri girizildi.
19.05
2015
Şu gün, 20-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen türkmen paýtagtyna resmi sapar bilen gelýän Pakistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nawaz Şarifiň arasynda gepleşikler geçiriler.
19.05
2015
Aşgabat, 19-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Maýa Hristowadan ynanç hatyny kabul etdi.
19.05
2015
Aşgabat, 19-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu bina paýtagtymyzyň günorta böleginde, edara binalarynyň toplumlaýyn gurulýan ýerinde bina edildi.
19.05
2015
Siziň Alyhezretiňiz,
Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, men hanym Maýa Hristowany Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.
19.05
2015
Awaza, 19-njy maý (TDH). Şu gün ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynda VI Halkara gaz kongresi we bu çärä bagyşlanan pudaklaýyn sergi açyldy.
19.05
2015
Aşgabat, 19-njy maý (TDH). Şu gün Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly iri ylmy işiniň slowen dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy boldy.
18.05
2015
Şu günler ýurdumyzyň sport meýdançalarynda milli baýramçylyga—Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan ýaryşlaryň ençemesi geçirilýär.