18.05
2015
Şu günler ýurdumyzyň sport meýdançalarynda milli baýramçylyga—Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan ýaryşlaryň ençemesi geçirilýär.
18.05
2015
Hormatly halkara Gaz kongresine we sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!
Sizi Türkmenistanyň VI halkara Gaz kongresiniň we onuň bilen bagly halkara serginiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
18.05
2015
Aşgabat, 18-nji maý (TDH). Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde milli senenamamyzyň ähmiýetli senesi mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Milletimiziň döwlet we ruhy ösüşiniň bitewüliginiň beýany bolan bu iki baýramyň beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynda öz beýanyny tapan, türkmen halkynyň bir bitewi, kuwwatly we gülläp ösýän döwlet hakynda köpasyrlyk arzuwynyň amala aşan häzirki döwürde goşalanyp gelmegi tötänleýin däldir.
17.05
2015
Şu günler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy parahatçylygyň, abadançylygyň we jebisligiň dabaralanmagyny alamatlandyrýan umumymilli baýramçylyk--Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen köpsanly gutlag hatlaryny we telegrammalary iberenler tüýs ýürekden gutlaýarlar. Hatlarda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň erkin we gülläp ösýän döwlet hakynda arzuwlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapdy. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak we bagtly ömür, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.
17.05
2015
2015-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň ilkinji “TürkmenÄlem 520E” aragatnaşyk emeli hemrasy Aşgabat wagty bilen irden 7 sagat 10 minutda özüniň ýerleşmeli älem giňişliginiň gündogar uzaklygynyň 52-nji nokadynda geostasionar orbitada Ýer üstünden 36 müň km beýiklikde üstünlikli ýerleşdirildi.
17.05
2015
16-17-nji maýda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp “Türkmenistanyň Konstitusiýasy: döwletlilik, adalatlylyk, ylalaşyk we parahatçylyk” atly maslahat geçirildi.
16.05
2015
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.
15.05
2015
Aşgabat, 15-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary-da çagyryldy. Mejlisde käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.
15.05
2015
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik baradaky ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekip, günäsi geçilenleri mundan beýläk esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşatdy.
15.05
2015
Aşgabat, 15-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyndan, Ministrler Kabinetiniň Bşlygynyň orunbasarlaryndan, şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan ýurdumyzda giňden bellenilýän Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi.