Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň slowen dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy
Jemgyýet
Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň slowen dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy
Çap edildi 19.05.2015
5614

Aşgabat, 19-njy maý (TDH). Şu gün Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly iri ylmy işiniň slowen dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, lukmançylyk ensiklopediýanyň slowen dilindäki sowgatlyk neşiri geçen hepdede döwlet Baştutanymyza Sloweniýa Respublikasyna resmi saparynyň barşynda gowşuryldy. Milli Liderimiz telekommunikasiýalar ulgamynda iri “Iskratel” slowen kompaniýasyna baryp gören wagty bu neşir hormatly Prezidentimize gowşuryldy, kompaniýa daşary ýurtlaryň alymlarynyň we hünärmenleriniň, giň okyjylar köpçüliginiň uly gyzyklanmasyna eýe bolan bu täsin kitabyň täze neşirini çap etmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Indi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň tebigy dermanlyk serişdeleri baradaky düýpli ylmy işi slowen okyjylar köpçüligine hem elýeterli boldy. “Iskratel” kompaniýasynyň wekilleriniň belleýişleri ýaly, bu ensiklopediki iş diňe bir hünärmenler üçin niýetlenen kitap bolmak bilen çäklenmän, ol dünýä jemgyýetçiligine niýetlenen açyk kitapdyr, bu neşiriň üsti bilen olar Türkmenistan barada giň düşünje alyp, bu jomart hem bereketli topragy, tebigat bilen sazlaşykda ýaşaýan parasatly we hoşgylaw halky tüýs ýürekden söýüp biler. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly täze ensiklopedik neşir bilen tanyşdyryş dabarasynyň öň ýanynda bu çärä gatnaşyjylar – ýurdumyzyň iri lukmançylyk merkezleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, talyp ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri uniwersitetiň giň eýwanynda guralan kitap segisi bilen tanyşdylar. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, Watanymyzyň abadançylygynyň we türkmen halkynyň saglygynyň hem-de gülläp ösmeginiň bähbidine milli Liderimiziň alyp barýan köptaraply işine bagyşlanan dürli görnüşde bezelen neşirler görkezilýär. Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň köpýyllyk ylmy-barlag işleriniň netijesi bolan dermanlyk ensiklopediýanyň slowen dilinde neşir edilmegi iki ýurduň we halkyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Bu şanly waka döwletara türkmen-slowen hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmäge, şol sanda ynsanperwerlik we ylym-bilim ulgamlary ýaly möhüm ugurlarda giňeltmäge ýardam eder. Meşhur syýasatçy we alym hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli kitaplarynyň daşary ýurt dillerine yzygiderli ýagdaýda terjime edilmegi millionlarça daşary ýurt okyjylaryny täsin tebigata, örän gadymy taryha we baý medeniýete eýe bolan, ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan demokratik, Garaşsyz döwlet Türkmenistanyň ägirt uly gazananlary bilen ýakyndan tanyşdyrýar.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow