Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýurdumyzyň haryt-çig mal biržasynyň söwda mümkinçilikleri artýar
Ykdysadyýet
Ýurdumyzyň haryt-çig mal biržasynyň söwda mümkinçilikleri artýar
Çap edildi 20.05.2015
1740

Ahal welaýaty, 20-njy maý (TDH). Şu gün Sarahs etrabynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň daşary söwda terminalynyň täze binasyny ulanmaga bermegiň dabarasy boldy. Bu desga häzirki zaman ülňülerine laýyklykda guruldy we tehniki taýdan üpjün edildi. Onda netijeli işlemek üçin zerur bolan ähli şertler döredildi. Daşary söwda terminaly iri toplum bolup, ol dolandyryş we hojalyk binasyny, gözegçilik-geçiriş bölümini, ýük we ýeňil awtoulaglar üçin duralgany, tehniki bloklary, myhmanhanany we naharhanany öz içine alýar. Toplumyň çäginde ýükleri çekmek üçin enjamlar oturdyldy. Uly ammarlaryň 10-synda ýurdumyzda öndürilen eksport ugurly önümler, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlar saklanar. Terminalyň dört sany açyk we iki sany ýapyk ammarlary pagta önümleri üçin niýetlenendir, ammarlaryň ikisinde ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleri, şol sanda tikin we sütükli önümler, ýuwlan goýun, geçi, düýe ýüňleri we beýlekiler ýerleşdiriler. Ammarlaryň biri gök we miwe önümlerini saklamak üçin niýetlenendir. Bu ýerde şeýle hem içi sowadyjyly ammar guruldy. Terminaly Türkmenistanyň Döwlet haryt-çir mal biržasynyň buýurmasy boýunça onuň garamagyndaky “Altyn Zamana” döwlet jemagat-önümçilik edarasy tarapyndan bina edildi. Täze daşary söwda toplumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda öndürilýän önümleriň eksport kuwwatyny artdyrmak, şeýle hem birža söwdalarynda daşary ýurtly alyjylar üçin oňaýly şertleri döretmek barada öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmäge ýardam eder. Döwrebap terminalyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň düzüminiň üstüni ýetirip, onuň işini kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. Täze terminalyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar—pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, etrap we welaýat häkimlikleriň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary we myhmanlary milli Liderimize Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň eksport möçberlerini artdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýygjam daşary ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak, daşary ýurt biržalarynyň tejribesini özleşdirmek hem-de türkmen biržasynda döwrebap, has netijeli işlemegiň usullaryny ornaşdyrmak babatda daşary bazarlaryň islegini we mümkinçiliklerini öwrenmek, ýurduň bazarlarynda elýeterli bahalar boýunça haryt bolçulygyny, netijede halkyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna täsir edýän ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokary bolmagyny üpjün etmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow