22.05
2015
Aşgabat, 22-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
22.05
2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, olary talaba laýyk saklamak hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň her birinde gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümlerini saklamaga niýetlenen bir sany döwrebap sowadyjy ammaryň taslamasyny düzmek hem-de olary gurmak barada degişli ýerli kärhanalar bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
22.05
2015
Bişkek, 22-nji maý /TDH/. Şu gün gyrgyz paýtagtynyň T.Satylganow adyndaky Milli filarmoniýanyň uly zalynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.
21.05
2015
Aşgabat, 21-nji maý (TDH). Şu gün Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarifiň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy.
21.05
2015
Aşgabat, 21-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan giň möçberli işler hem-de zolagy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy.
21.05
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Esen Öwezmämmedowiç Ýanikow “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
21.05
2015
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Baku şäherinde bolup geçen köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren heläkçilik zerarly Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewe çuňňur gynanjyny beýan etdi.
21.05
2015
Awaza, 21-nji maý (TDH). Şu gün “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda 19-20-nji maýda bu ýerde geçirilen Türkmenistanyň VI halkara Gaz kongresine gabatlanyp guralan halkara sergisiniň ýapylyşy boldy.
20.05
2015
Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty 2015-nji ýylyň 23-nji maýynda sagat 9.00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň jaýynda geçirilýär.
20.05
2015
Aşgabat, 20-nji maý (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarifiň arasynda gepleşikler geçirildi.