26.12 2016
Hormatly adamlar! Ýurdumyzda saýlawlar demokratik esaslarda, halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Ata Watanymyzda saýlawlary dünýäde ykrar edilen ölçeglere laýyk geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi raýatlaryň öz erk-isleglerini erkin beýan etmeklerine ähli mümkinçilikleri berýär. Saýlawlar köp partiýalylyk şertlerinde geçirilýär.
26.12 2016
Hormatly adamlar! Men şu gün Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň möhüm tapgyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärlige bellige alyndym.
26.12 2016
Hormatly adamlar! 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçiriler.
26.12 2016
Hormatly adamlar! Meni uly döwlet baştutany wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlän, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan watandaşlaryma, esasan hem raýatlaryň teklipçi toparyna köp sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde üstünlikler gazanmaklaryny arzuw edýärin.
26.12 2016
Ýurdumyzda 2017-nji ýylyň fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleri barha ýaýbaňlanýar. Bu möhüm çäre bäsdeşlik esasynda aýanlyk hem-de aç-açanlyk şertlerinde geçýär.
26.12 2016
Meni Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlän raýatlaryň teklipçi toparyna köp sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde abraý hem-de uly üstünlikler gazanmaklaryny arzuw edýärin.
26.12 2016
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlise welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.
26.12 2016
2016-njy ýylda Türkmenistanda umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan desgalaryň 202-si ulanmaga berildi.
26.12 2016
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni ýuwujy serişdeleri öndürýän zawody gurar. Täze kärhana ýylda 20 müň tonna önümçilik kuwwatyna eýe bolar. Taýýar edip ulanmaga bermek üçin desganyň taslamasyny düzjek we ony bina etjek potratçyny saýlamaga 2017-nji ýylyň 7-nji fewralyna çenli halkara bäsleşik yglan edildi.
26.12 2016
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde ýaýlymda özüne berlen wagty bu wezipä dalaşgär bolan beýlekilere bermek barada gelen kararyny häzirki döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýekşenbe güni, 25-nji dekabrda milli telewideniýede eden çykyşynda habar berdi.
1528 sahypa
Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar