Ýurdumyzda 2017-nji ýylyň fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleri barha ýaýbaňlanýar. Bu möhüm çäre bäsdeşlik esasynda aýanlyk hem-de aç-açanlyk şertlerinde geçýär. Halkara kadalaryna laýyk gelýän we ýokary işjeňlik derejesinde guralan hem-de jebislik ýagdaýynda geçýän bu möwsüm türkmen halkyna gadymdan mahsus bolan milli demokratiýanyň dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyz häzir Beýik özgertmeleri başdan geçirýär. Türkmenistan öz syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda uly üstünlikler gazanýar. Ýurdumyzyň her bir raýaty hakyndaky alada bu günki gün döwletimiziň, jemgyýetimiziň baş maksady bolup durýar. Soňky ýyllarda oba hojalygynda amala aşyrylýan hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde bu ugurda ajaýyp üstünlikler gazanyldy. Ýeriň hakyky eýeleri kemala geldi. Pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy, daýhanlar bilen öz wagtynda hasaplaşygyň geçirilmegi oba zähmetkeşlerini yhlasly we öndürijilikli zähmet çekmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Men döwlet baştutanynyň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçmegini arzuw edýärin. Öz halkynyň bagtly we abadan durmuşyny üpjün edip biljek mynasyp dalaşgäriň bu jogapkärli wezipä saýlanyljakdygyna ynanýaryn. Ähli dalaşgärlere üstünlik arzuw edýärin, şeýle hem meni dalaşgärlige hödürlän raýatlaryň teklipçi toparynyň agzalaryna hem-de dalaşgär hökmünde bellige alnandygym üçin Merkezi saýlaw toparynyň agzalaryna köp sagbolsun aýdýaryn. Hormatly Prezidentimize hem-de ýurdumyzyň halkyna Täze bagtly ýyly arzuw edýärin.