Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Ahal welaýatynyň baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy Serdar Begmuhammedowiç Jelilowyň Merkezi saýlaw toparynda eden ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Ahal welaýatynyň baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy Serdar Begmuhammedowiç Jelilowyň Merkezi saýlaw toparynda eden ÇYKYŞY
Çap edildi 26.12.2016
1315

Hormatly adamlar! 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçiriler. Saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, deň hukukly bäsleşik esasynda, demokratik ýörelgeler boýunça, açyklykda, aýanlykda geçirilýär. Türkmenistan döwletimiziň esasy Kanuny 2016-njy ýylda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda rejelenen gömüşinde kabul edilip, onda halk köpçüliginden, ýerlerden, syýasy partyýalardan, jemgyýetçilik birleşiklerinden gelip gowşan teklipleri nazara almak bilen üýtgetmeler girizildi. Ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlygyny artdyrmaklyga gönükdirilen Milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde biziň her birimiziň öňümizde örän uly jogapkärçilikli wezipeler durýar. Döwletimiziň ösüşini üpjün etmek boýunça kabul edilen Milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň netijelerini bagtyýar döwletimiziň her bir raýaty gündelik durmuşda görýär. Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri düýpgöter özgerdi, durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň ýüzlerçesi gurlup ulanmaga berildi, senagat pudagynda täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizildi. Şonuň netijesinde täze iş orunlary döredilip, bagtyýar raýatlarymyzyň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap önümçiliklerde zähmet çekmegi we ýurdumyzyň okgunly ösüşine mynasyp goşantlaryny goşmaklygy üçin zerur şertler döredildi. Amala aşyrylýan özgertmeler ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, daşary-ykdysady gatnaşyklarda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda oňyn netijelerini berýär. Hormatly adamlar! Meni jogapkärli wezipä dalaşgärlige hödürlän raýatlaryň teklipçi toparynyň agzalaryna hem-de Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hökmünde bellige alan Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparynyň agzalaryna köp sagbolsun aýdýaryn. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi, beýleki ähli dalaşgärleri we mähriban halkymyzy ýetip gelýän Täze 2017-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, Täze 2017-nji ýyl düşümli, rysgally, bereketli ýyllaryň biri bolsun!

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow