Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
Çap edildi 06.10.2026
30

Şu gün — Hatyra güni Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem Watan goragynda söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen ýatlanyldy. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Öten-geçenleri ýatlamak, edermen Watan goragçylaryny, tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleriniň biridir. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillere ýetirmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli künjeginde Watan gahrymanlarynyň ruhlarynyň şat bolmagy dileg edilip, aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. Biz bu gün pajygaly Aşgabat ýertitremesinde pida bolan ildeşlerimizi, Watan ugrunda şehit bolan edermen goragçylary, şeýle hem 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlaryny hatyralaýarys. Şol agyr ýyllardan bäri näçe wagt geçse-de, häzirki nesliň Watanyň edermen goragçylarynyň görkezen gahrymançylygyna goýýan hormat-sarpasy belentdir. Çünki olar nesilleriň nurana geljeginiň hatyrasyna öz janyny pida etdiler. Türkmen halkynyň taryhynda şeýle ýowuz wakalar ençeme gezek bolup geçipdi. Mähriban topragymyza çäksiz söýginiň, agzybirligiň, öz güýjüne ynamyň we durmuşy söýmegiň netijesinde, türkmen halky agyr ýitgilere sezewar bolanda-da, kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdyr. Paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy milli gahrymanlarymyza çuňňur sarpanyň, halkymyzyň beýik geçmişine hormatyň özboluşly nyşanydyr. Ir bilen ildeşlerimiz bu toplumyň «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül desselerini goýup, halkymyzyň gahrymanlaryny hatyraladylar.

...Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança geldi. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bellenen ýere barýar. Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Gurban bolan Watan goragçylary we tebigy betbagtçylykda ömür tanapy kesilenler baradaky halk hasratynyň özboluşly senasyna öwrülen gamgyn «Keçpelek» sazy ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, «Ruhy tagzym» ýadygärligine gül çemenini goýdy.

Adamzadyň taryhynda iň weýrançylykly ýertitremeleriň biri bolan 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesi baradaky hasratly ýatlamalar halk hakydasynda baky ýaşaýar. Bu tebigy betbagtçylyk gülläp ösýän şäheri hem-de onuň töwereklerini sähel pursatda düýbünden weýran etdi, ildeşlerimiziň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesip, her bir maşgala öwezini dolup bolmajak ýitgileri getirdi. Şol aýylganç gijede döwlet Baştutanymyzyň garry atasy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym, tutuş ömrüni ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapy kesildi. Aşgabat ýertitremesinde diri galanlar tutanýerliligiň, gaýduwsyzlygyň, synmaz erkiň belent nusgasyny görkezdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan şähergurluşyk maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Aşgabat soňky ýyllarda dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, bagtyýar we abadan durmuşyň mekanyna, sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygyň merkezine, iri halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Onuň täze keşbinde ata-babalarymyzyň ýurdumyzyň ýagty geljegi, türkmen halkynyň bagtly ykbaly baradaky arzuw-umytlary öz beýanyny tapýar. Paýtagtymyzyň ähli ulgamlarda gazanýan ägirt uly üstünlikleri halkara giňişlikde hem giňden ykrar edilýär.

Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleriniň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň yzygiderli gurulmagy ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň täze eýýamynyň nyşanydyr. Amala aşyrylýan özgertmeler Türkmenistanyň ösüşine we rowaçlygyna, ilatymyzyň abadançylygyny berkitmäge, her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Dürli ýyllarda Aşgabat şäheri «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Şeýle hem GDA-nyň çäklerinde «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Geçen ýyl ak mermerli paýtagtymyzyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi baş şäherimiziň iri ylym-bilim we medeni merkez hökmünde möhüm orun eýeleýändigini görkezen nobatdaky şanly waka boldy.

Gözel paýtagtymyzyň diplomatiýanyň hem-de bitaraplygyň sebit we halkara merkezi hökmündäki abraýy-da barha artýar. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň ýerleşdirilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan ýörelgelerini dabaralandyrýar.

...Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähriban Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy. Türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky synmaz hakydanyň nyşany hökmünde «baky ot» ýanyp dur.

Ata-babalarymyzyň görkezen gahrymançylygy ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin nusgalykdyr. Watanymyzyň azatlygy ugrunda göreşen pederlerimiziň şöhraty halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ildeşlerimiziň müňlerçesi Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda mertligiň, harby borja wepalylygyň, eziz topragymyza çäksiz söýginiň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Watanymyzy gorap, il-ýurduň azatlygy ugrunda janyny gurban eden merdana gerçeklerimiziň, milli gahrymanlarymyzyň aldym-berdimli söweşlerde görkezen edermenligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy, gahrymançylygy ata Watany, il-halky söýmegiň beýik mekdebidir.

...Soňra Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary gül desselerini goýdular. Ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem olara goşuldylar.

Hakyda halkyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Ol nesilleriň arasyndaky arabaglanyşyk bolup, durmuşa aýratyn, çuň many-mazmun berýär, geçmişe nazar aýlap, geljege ynamly garamaga mümkinçilik açýar. Geçmiş taryhyny bilýän hem-de oňa hormat goýýan jemgyýetde ruhubelentlik belende göterilýär. Ol milletiň watansöýüjilik we döredijilik mümkinçiliklerini birleşdirmäge, durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Biziň hakydamyz, ýaşuly nesle bolan çäksiz hoşallygymyz parahatçylygy pugtalandyrmaga, Garaşsyz türkmen döwletiniň okgunly ösmegine, jemgyýetde belent ynsanperwer däpleri aýawly saklamaga gönükdirilen anyk işlerde öz beýanyny tapýar.

Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler biziň her birimizde hakyky watançylyk duýgusyny, milli buýsanjy döredýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýyny belende galdyrmak, Watanymyzy, halkymyzy söýmek hem-de guwanmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy giňden bellenilen şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy ata-babalarymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň, asylly ýörelgeleriniň berkarar Watanymyzyň döwletlilik binýadyny emele getirýändigini aýdyň görkezýär. Ýurdumyz Garaşsyzlygynyň şanly senesini söweşde we şatlykly günde goç ýigidiň wepaly hemrasy bolan bedewleriň hormatyna guralan giň gerimli dabaralar bilen utgaşdyryp belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu gün ýurdumyzda Hatyra gününiň geçirilip, öten-geçenleriň ýatlanylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz öten-geçenleri hatyralap, gül desseleriniň goýlandygyny belledi we berilýän sadakalaryň, doga-dilegleriň kabul bolmagyny dileg etdi.

Hatyra çäresi tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Hatyra çäreleri, paýtagtymyzda bolşy ýaly, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirildi. Wepat bolanlaryň ruhuna aýat-töwirler okalyp, sadakalar berildi.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen çäre beýik pederlerimiziň däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň, halkymyzyň ruhubelentligini belende götermegiň hatyrasyna nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow