Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanowyň Merkezi saýlaw toparynda eden ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanowyň Merkezi saýlaw toparynda eden ÇYKYŞY
Çap edildi 26.12.2016
1327

Hormatly adamlar! Men şu gün Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň möhüm tapgyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärlige bellige alyndym. Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri görkezmegiň we bellige almagyň ýokary guramaçylykly derejede geçirilýändigini hem-de ýurdumyzda halkara kadalaryna laýyk gelýän demokratik saýlawlary geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini aýratyn bellemek isleýärin. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärlige bellige alnanlaryň ählisi üçin milli saýlaw kanunçylyga laýyklykda saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak, telewideniýede, radioda, şeýle hem metbugatda çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyz köp ugurly ösüşlere beslenýär, halkymyzyň ýokary durmuş derejesi üpjün edilýär. Demokratiýany ösdürmek, syýasy, ykdysady we medeni özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de milli kanunçylygy halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirmek işleri giň gerimde alnyp barylýar. Milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösdürilmegi, bazar ykdysadyýetine geçilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän düýpli özgertmeler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen täze rejelenen görnüşinde öz beýanyny tapýar. Pursatdan peýdalanyp, meni dalaşgärlige goldan teklipçi toparyň agzalaryna we Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgär edip bellige alan Merkezi saýlaw toparynyň agzalaryna köp sagbolsun aýdýaryn. Hormatly Prezidentimizi, beýleki dalaşgärleriň ählisini, şeýle hem türkmenistanlylary ýetip gelýän Тäze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Täze 2017-nji ýyl berkarar ýurdumyz, eziz watandaşlarymyz üçin täze ýeňişleriň, bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýyly bolsun!

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow