29.12
2016
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň tamamlanýandygyny we 2017-nji ýylyň ýetip gelýändigini alamatlandyrýan Täze ýyl baýramçylyk çärelerine gatnaşdy.
29.12
2016
Biziň basketbolçylarymyz Gollandiýanyň Eýndhowen şäherinde 3х3 görnüşinde geçirilen iri halkara ýaryşynda uly üstünlik gazanyp, türkmenistanly sport söýüjileriň ählisine ajaýyp Täze ýyl sowgadyny taýýarladylar: ýurdumyzyň zenanlar ýygyndy topary altyn medallara, erkekler topary bolsa kümüş medallara eýe boldular.
29.12
2016
Meni jogapkärli döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlän raýatlaryň teklipçi toparyna çuňňur hoşallygymy bildirýärin we olara işlerinde uly üstünliklerarzuw edýärin.
28.12
2016
Meni ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzalaryna köp sagbolsun aýdýaryn hem-de olara işlerinde üstünlikler arzuw edýärin.
28.12
2016
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşyp, baýramçylyk çäresine gatnaşýan çagalar bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan ajaýyp dabaralaryň şatlygyny paýlaşdy.
27.12
2016
Meni Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärlige hödürlän raýatlaryň teklipçi toparyna hoşallygymy bildirýärin we olara işlerinde uly üstünlikler arzuw edýärin.
27.12
2016
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramçylygy dabaralandyrylan şanly 2016-njy ýyl tamamlanyp barýar. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen bu ýyl ýatdan çykmajak wakalara, beýik işlere we rowaç tutumlara baý boldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar. Bu ýylyň her bir güni ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokary galýandygyny, ykdysady kuwwatynyň durnukly ösýändigini, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny we milletiň ruhy taýdan galkynýandygyny alamatlandyrýan täze wakalara, anyk magumatlara beslendi.
27.12
2016
Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mejlisler zalynda çäre geçirildi, ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýokary okuw mekdebinde täze fakulteti döretmek hem-da onuň üçin aýratyn binany gurmak barada kabul eden çözgüdi bilen baglylykda ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm wezipelererine bagyşlandy.
27.12
2016
Köpugurly “Aşgabat” sport toplumynda agyr atletika boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi, oňa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden 100-e golaý türgen gatnaşdy. Sport baradaky döwlet komitetiniň we Agyr atletika boýunça milli federasiýanyň guran bu birinjiliginiň jemleri boýunça Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparymyzyň deslapky düzümi saýlanyp alnar.
26.12
2016
Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletlerine gitmek we Türkmenistana gelmek baradaky hukuklarynyň döwlet tarapyndan goragyny kepillendirmek, biometriki maglumatly pasportlaryň eýeleriniň halkara gatnawlary üçin açyk bolan gözegçilik-geçiriş bölümlerindäki pasport barlagyndan geçişlerini ýeňilleşdirmek, şeýle hem şol pasportlaryň hakykylygyna güwä geçmegi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.