Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär - Seýdiniň нebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory Ramazan Mustapakulyýewiç Durdyýewiň Merkezi saýlaw toparynda eden çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär - Seýdiniň нebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory Ramazan Mustapakulyýewiç Durdyýewiň Merkezi saýlaw toparynda eden çykyşy
Çap edildi 26.12.2016
1400

Hormatly adamlar! Ýurdumyzda saýlawlar demokratik esaslarda, halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Ata Watanymyzda saýlawlary dünýäde ykrar edilen ölçeglere laýyk geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi raýatlaryň öz erk-isleglerini erkin beýan etmeklerine ähli mümkinçilikleri berýär. Saýlawlar köp partiýalylyk şertlerinde geçirilýär. Şunuň bilen birlikde hem saýlawlara raýatlaryň teklipçi toparlarynyň hödürlän dalaşgärleriniň gatnaşmagy, ýurdumyzyň öz milli demokratik ösüş ýoluny saýlap alandygynyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan Saýlaw kodeksi saýlawlary geçirmegiň demokratik kadalaryny özünde jemleýär we yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň Prezidentiniň saýlawlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde milli demokratiýa ýörelgeleriniň dabaralanýandygyna, adam hukuklarynyň doly berjaý edilýändigine şaýatlyk edýär. Döwletimiziň hukuk ýagdaýyny we onuň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzy ösdürmek babatynda uzak möhletleýin, toplumlaýyn maksatnamalar we özgertmeler durmuşa geçirilýär. Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň milli Maksatnamasynda nebitiň we gazyň çykarylyşyny we gaýtadan işlenilişini birnäçe esse artdyrmak göz öňünde tutulýar. Gury ýerde nebiti we gazy gözlemek hem-de olary çykarmak üçin tebigy ýataklary özleşdirmek işjeň ýola goýulýar. Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýangyç serişdeleriniň ýataklary hem özleşdirilýär. Biz, elbetde, gazanylanlar bilen çäklenmän, barha ösüşlere tarap öňe aýgytly hereket etmeli. Ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, “Çekseň zähmet, ýagar rehnet”. Pursatdan peýdalanyp, meni dalaşgärlige hödürlän teklipçi toparynyň hemme agzalaryna we Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgär edip bellige alan Merkezi saýlaw toparynyň agzalaryna köp sagbolsun aýdýaryn. Hormatly Prezidentimizi, beýleki ähli dalaşgärleri we ýurdumyzyň bagtyýar halkyny ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow