02.08 2017
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ýurdumyz bilen dostlykly hyzmatdaşlygyň ösjekdigine ynanýandygyny belledi
02.08 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gana Hyrat şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.
01.08 2017
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň söweşjeň taýýarlygyny barlamak boýunça tälim-okuw türgenleşigi geçirildi
01.08 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2017-nji ýylyň 17-nji awgusty — 7-nji sentýabry aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 160 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.
31.07 2017
Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine doly möçberli goşulyşmak ugruna eýermek bilen, häzirki wagtda okgunly ösýän döwletleriň sanawynda mynasyp orun eýeledi. Tutuş halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasion ýoly bilen ösdürmek syýasatynyň esasyny düzýär.
31.07 2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýurdumyzyň welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
30.07 2017
Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýekşenbe güni säher çagyny işjeň sport maşklaryna, atly gezelenç etmäge ýa-da ylgaw bilen meşgullanmak endigine eýerip, öz eý görýän Ruhubelent atlytaýçanagy bilen birnäçe wagt didarlaşdy.
30.07 2017
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hat ugratdy, ol ýerde Aşgabada bolan sapary wagtynda mähirli kabul edilenligi we myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri beýan edilýär.
29.07 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa oýunlaryna 50 günüň galmagy mynasybetli guralan köpçülikleýin çärelere gatnaşdy. Bu taryhy senäniň şanyna geçirilen köpçülikleýin welosiped ýörişi bilen başlandy.
29.07 2017
Köpçülikleýin welosiped ýörişinden soňra Döwlet Baştutanymyz “Trivandi Сhanzo Limited” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy Jin Tomlin bilen söhbetdeş boldy. Jin Tomlin Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk çäreleri boýunça Türkmenistanda iş alyp barmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
1527 sahypa
Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap