Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Antonio Guterreş: BMG Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär
Syýasy habarlar
Antonio Guterreş: BMG Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär
Çap edildi 30.07.2017
1514

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hat ugratdy, ol ýerde Aşgabada bolan sapary wagtynda mähirli kabul edilenligi we myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri beýan edilýär. Şeýle-de: “Maňa Siz bilen duşuşmak örän ýakymly boldy. Durnukly ösüşi, durnukly ulag ulgamyny, terrorçylyga garşy göreşmegi, sebit hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegini öz içine alýan umumy maksatlarymyza ýetmek ugrunda Siziň hökümetiňiziň edýän tagallalaryna ýokary baha berýärin” – diýlipň hatda aýdylýar. “Aşgabatda “BMG-niň we Merkezi Aziýanyň arasynda BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejeli gepleşikleriniň” şowly geçmegine beren goldawyňyz üçin hoşallygymy bildirýärin. Onuň netijesi boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy terrorçylyga garşy göreşmek we zorlukly ekstremizmiň öňüni almak boýunça BMG bilen hyzmatdaşlygy we utgaşyklylygy berkitmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň jebisdigine şaýatlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada öňýni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkezine on ýyl mundan öň dörän wagtyndan bäri berýän şahsy goldawyňyza örän ýokary baha berýärin. Bu goldaw sebit hyzmatdaşlygyny we öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmekde Siziň ýurdyňyzyň tagallalarynyň uludyna şaýatlyk edýär. Mende şeýle hem Aşgabat şäherinde hökümetiňiz tarapyndan berlen BMG-niň täze binasy we BMG-niň ýurtlarynyň toparlarynyň jaýlary uly täsir galdyrdy. Şeýle hem meniň saparymyň dowamynda beren maddy-tehniki goldawyňyz üçin aýratyn hoşallyk bildirýärin. Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär, biziň yzygiderli gatnaşyklarymyz möhüm netijelerini bermegini dowam edýär. Häzirki zamanyň iň bir derwaýys meseleleriniň netijeli çözgitlerini tapmak boýunça BMG-niň işine ygrarlylygyňyza we Siziň liderlik başarnyklygyňyza bil baglaýaryn”.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow