07.08
2017
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama bilen „Türkmenistanyň Kazyýet edaralarynyň hormatly işgäri“ diýen döşe dakylýan nyşan hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
07.08
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
05.08
2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.
04.08
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine garaldy hem-de halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen içerki syýasatyň birnäçe möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
04.08
2017
Aşgabat şäheriniň ulag ugurlary boýunça birbada Koreýa Respublikasynyň “Hyundai New Super Aero City” kysymly täze awtobuslarynyň 200-si we Ýaponiýanyň “Toyota Corolla” kysymly taksileriniň 100-si çykaryldy. Bu ulaglar paýtagtymyzyň ulag parkynyň üstüni ýetirip, şäheriçi boýunça ýokary hyzmatlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer. Mälim bolşy ýaly, soňky döwürde paýtagtymyzyň çäkleri giňeldildi, täze ýaşaýyş toplumlary, şaýollar we köçeler gurulýar.
04.08
2017
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça oýunlarynyň başlanmagyna az wagt galdy. “Aşgabat 2017” taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar, milli Liderimiz öňde boljak iri bäsleşiklere taýýarlyk görmek meselelerine uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça, şol sanda söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini guramakda iri möçberli işler geçirilýär. Şu ýylyň 28-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän günlerinde dükanlaryň gije-gündizleýin işini guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
03.08
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, käbir pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Döwlet Baştutanymyzyň ara alyp maslahatlaşmaga çykaran esasy meseleleri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görüşi, şol sanda hyzmatlar, söwda we jemgyýetçilik iýmiti ulgamlary bilen baglanyşykly anyk wezipeleri çözmekden ybarat boldy.
02.08
2017
Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Türkmenistan tebigy gazyň tassyklanylan gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär we häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” iberýän esasy döwletleriň hataryna girýär. Özüniň geosyýasy taýadan amatly ýerleşýändigi hem-de uglewodorod serişdelerine örän baýdygy netijesinde, ýurdumyz ýewropa we aziýa bazarlaryny hem öz içine alýan dürli ugurlar boýunça gazy eksport etmegi artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.
02.08
2017
Tutuş ýurdumyzyň sabyrsyzlyk we uly ruhubelentlik ýagdaýynda garaşýan uly sport baýramynyň — “Aşgabat 2017” oýunlarynyň badalga almagynyň öň ýanynda paýtagtymyzda V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan açylan “Ýörite lybaslary paýlamak we akkreditasiýa merkezi” (UDAC) işe başlady.
02.08
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.