29.07 2017
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň mejlisler zalynda bu iri möçberli halkara ýaryşlarynyň başlanmagyna 50 gün galmagy mynasybetli metbugat duşuşygy geçirildi, ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Aziada-2017-niň ýerine ýetiriji komiteti guradylar.
29.07 2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 10-sy hasaba alyndy.
28.07 2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagyndan gelip, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine, “Aşgabat 2017” oýunlaryna, şeýle hem meýilleşdirilen sport-köpçülikleýin çärelere, hususan-da, paýtagtymyzda geçiriljek yklymlaýyn ýaryşlara, 50 günüň galmagy mynasybetli 29-njy iýulda geçiriljek çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
28.07 2017
Şu gün paýtagtymyzyň Abadan etrabynyň köpugurly sport toplumynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 günüň galmagy mynasybetli aýdym-sazly sport baýramçylygy geçirildi.
28.07 2017
Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 gün galmagy mynasybetli metbugat duşuşygy geçirildi. Ol Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasy tarapyndan guraldy. Çärä Hytaýyň esasy habar beriş serişdeleriniň, şol sanda “SSTW russkiý” Halkara teleýaýlymynyň, Hytaýyň Halkara radiosynyň, gündelik çykýan Halk gazetiniň (“Ženmin žibao onlaýn”), “Sinhua” habarlar agentliginiň, “Hytaý” žurnalynyň, “Lukwi” (Lookwee), “Witwa” (VITVO) neşirleriniň, HHR-de işleýän diplomatik wekilhanalaryň metbugat gulluklarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Pekiniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
27.07 2017
“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” atly neşiriň nobatdaky, 9-njy sany çapdan çykdy. Onda hormatly Prezidentimizi Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylda alyp baran köpugurly we netijeli işleri beýan edilýär. Şol ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň halkara hukuk derejesini gazanmagynyň 20 ýyllygyna beslendi.
27.07 2017
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gysga möhletli dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda gurlan köpugurly sport toplumyna baryp gördi.
26.07 2017
Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynda gysga wagtlaýyn dynç almak üçin Balkan welaýatyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.
26.07 2017
Gaýtadan işleýän senagatyň beýleki ulgam dörediş pudaklarynda bolşy ýaly, himiýa senagatyna hem milli ykdysadyýeti çig mala esaslanmaýan ösüş ýoluna geçirmek boýunça meseleleriň çözgüdini tapmakda, täze pudaklaryň kemala gelmeginde, dürli görnüşli hem-de bäsdeşlige ukyply daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, içeriki bazaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin hem-de daşarky bazarlarda giň islege eýe bolan eksporta ugrukdyrylan önümleriň möçberleriniň artdyrylmagynda uly orun degişlidir.
25.07 2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda geçirilýän iri möçberli işleriň barşy, şeýle hem Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça geçirilýän çäreler bilen tanyşdy.
1527 sahypa
Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap