Baş sahypa
\
\
Hormatly Prezidentimize Aziadanyň ilkinji akkreditasiýa resminamasy hem-de V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryna ilkinji çakylyk gowşuryldy
Hormatly Prezidentimize Aziadanyň ilkinji akkreditasiýa resminamasy hem-de V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryna ilkinji çakylyk gowşuryldy
Çap edildi 29.07.2017
1220

Köpçülikleýin welosiped ýörişinden soňra Döwlet Baştutanymyz “Trivandi Сhanzo Limited” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy Jin Tomlin bilen söhbetdeş boldy. Jin Tomlin Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk çäreleri boýunça Türkmenistanda iş alyp barmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Jin Tomlin iri yklymlaýyn ýaryşlara bolan taýýarlyga Türkmenistanda örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilýändigini aýratyn belledi we bu ýaryşlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine hem-de onuň çäklerinde guraljak çäreleriň örän ýatda galyjy boljakdygyna ynam bildirdi. Soňra kompaniýanyň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy guramaçylyk komitetiniň adyndan hem-de öz adyndan milli Liderimize Aziadanyň ilkinji akkreditasiýa resminamasyny we V Aziýa oýunlarynyň açylyş, ýapylyş dabaralaryna hem-de sport ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk berýän ilkinji çakylygy uly hormat bilen gowşyrdy. Hormatly Prezidentimiz hormat üçin minnetdarlyk bildirip, Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna az wagtyň galandygyny, ýöne entek etmeli işleriň köplügini belledi. Sport, munuň özi diňe bir parahatçylygyň ilçisi däl, eýsem, gözelligiň, dostlugyň, hyzmatdaşlygyň esasy nyşany bolup durýa. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe bolan pursatynda onuň tertipnamasynda sportuň 16 görnüşiniň bardygyny, bu gün bolsa olaryň sany 21-e ýetendigini belledi. Şeýle hem ilki başda Aziýa oýunlaryna gatnaşýan döwletleriň sany 22 bolan bolsa, oňa Okeaniýa ýurtlary hem goşulyp, onuň möçberi 64-e ýetdi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow