06.09
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň geňeşiniň prezidenti jenap Olumuiwa Benard Aliuny kabul etdi.
06.09
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sergeý Prihodkony kabul etdi.
06.09
2017
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
05.09
2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde BMG-niň Hemişelik wekili hanym Ýelena Panowanyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, döwlet işgärlerini taýýarlamak we okuw maksatnamalaryna maglumat usullaryny ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
05.09
2017
Türkmenistanyň iň gözel künjekleriniň biri – Gökdere şypahana zolagynda kuraş boýunça ýurdumyzyň ýygyndy topary “Aşgabat 2017” oýunlarynyň öň ýanyndaky iň soňky türgenleşiklerini geçirýär.
05.09
2017
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýän türkmen kompaniýalaryň sany barha artýar. Häzirki wagtda olaryň üsti “Hoş zaman” guşçulyk hojalygy bilen ýetirildi.
04.09
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we türkmen halkyna Alžir Halk-Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelaziz Buteflika, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah, Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Mohammed bin Raşid Al-Maktum, Abu-Dabiniň Mirasdüşer şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Muhammed Bin Zaýed Al-Nahaýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
03.09
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin döwlet standartyna üýtgetmeler girizildi.
03.09
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we türkmen halkyna Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisi, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Halifa Bin Zaýed Al Nahaýan bagtyýarlyk, sagdynlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny we gutlaglaryny ýolladylar.
02.09
2017
Telekommunikasiýa we habarlar ulgamynda Hytaýyň “Huawei Tech. Investment Co., Limited” öňdebaryjy kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy hökmünde çykyş eder. Bu barada Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet yglan etdi.