08.09 2017
Türkmenistan Jemagat hojalygy ministrliginiň garamagyndaky agyzsuw edaralary üçin zerur bolan alýuminiý sulfatynyň (koagulýant) 15 müň tonnasyny satyn almagy maksat edinýär. Bu barada hökümetiň mejlisinde gurluşyk, energetika hem-de jemagat hojalygy ugamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer D.Amangeldiýew habar berdi.
08.09 2017
Demir ýol ulaglary ministrligi pudagyň kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetine öwürmäge taýýarlanýar. Hökümetiň mejlisinde ulag we aragatnaşyk boýunça wise-premýer B.Annameredowyň habar berşi ýaly, häzirki wagtda ministrliginiň garamagyndaky birnäçe kärhanalaryň guramaçylyk-hukuk düzümini kämilleşdirmek boýunça işler geçirilýär. Demir ýoluň Aşgabat böleginiň birleşdirilen hojalygynyň paýly gatnaşmagynda “Türkmendemirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek teklip edilýär.
07.09 2017
Şu gün Türkmenistanda şanly sene - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagyna 10 gün galmagy mynasybetli uly dabaralar geçirildi.
07.09 2017
Türkmenistanyň paýtagtynda iri halkara ýaryşlaryň — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagyna sanlyja gün galdy. Bu oýunlary geçirmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda giň möçberli taýýarlyk işleri, şol sanda oýunlaryň myhmanlaryny we gatnaşyjylary ýokary derejede awtoulag serişdeleri we hyzmatlar bilen üpjün etmek boýunça taýýarlyk çäreleri alnyp barylýar.
07.09 2017
Ýurdumyzyň milli ýygyndy topary Aziýanyň Kubogy ugrundaky saýlama oýunlarynyň final böleginiň üçünji tapgyrynda Singapuryň topary bilen duşuşyp, oýny deňme-deň tamamlady. Munuň özi türkmen futbolçylaryna “E” toparda ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi, bu toparda 2019-njy ýylyň tomsunda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek iri ýaryşlara gatnaşmak üçin iki ýollanma ugrunda bäsleşilýär.
07.09 2017
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakyndaky taryhy çözgüdi Garaşsyz Watanymyzyň sport älemindäki abraýynyň has ýokary derejelere galýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oýunlaryň açylmagyna on gün galmagy mynasybetli şu gün geçirilen dabarada eden çykyşynda belledi.
07.09 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat 2017” oýunlaryna on gün galmagy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy.
06.09 2017
“Aşgabat 2017"" oýunlaryna taýýarlyk görmek ýurdumyzyň durmuşynyň derwaýys meseleleriniň birine öwrüldi. V Aziýa oýunlary diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýa sebitinde müňlerçe tomaşaçylara we gatnaşyjylara gujak açjak iň iri sport baýramçylygydyr.
06.09 2017
Bäsleşige ussat žurnalistler — merkezi we welaýat habar beriş serişdeleriniň işgärleri hem-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ştatdan daşary awtorlar — nebitçiler, gazçylar, mugallymlar, talyplar we beýlekiler gatnaşdylar. Gazetde çap etmek üçin işleriň 50-si-Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe — sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlaryny beýan edýän makalalar, fotoreportažlar, goşgular seçilip alyndy.
06.09 2017
Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna girişdiler. Bu ýerde hemişe bolşy ýaly, howa şertlerine görä, ýygym möwsümi ýurdumyzyň beýleki sebitlerine garanyňda biraz gijräk badalga alýar.
1527 sahypa
Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap