Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyz we russiýaly wise-premýer ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyz we russiýaly wise-premýer ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar
Çap edildi 06.09.2017
1509

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sergeý Prihodkony kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň baştutany Dmitriý Medwedewiň milli Liderimize we onuň üsti bilen tutuş türkmen halkyna parahatçylyk hem-de abadançylyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny we salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Russiýada Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha we döwletara hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz öz gezeginde Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, oňyn we deňhukuklylyk esasynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda gatnaşyklaryň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly kuwwatyň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-russiýa hökümetara toparynyň netijeli işi bellenildi. Milli Liderimiz we myhman ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň ýokary derejesiniň mundan beýläk hem döwletara gatnaşyklarynyň giňeldilmegi üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler. Munuň özi asyrlaryň dowamynda taryhy gatnaşyklar bilen baglanyşykly iki halkyň uzakmöhletleýin bähbitlerine kybap gelýär. Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, ähli türkmen halkyna 17-27-nji sentýabrda Aşgabatda Ýapyk binalarda hem-de söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi we bu sport forumynyň Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde halkara abraýynyň has-da artmagyna ýardam etjekdigini belledi. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Sergeý Prihodko iki ýurduň däp bolan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak hem-de we iki tarapyň hem bähbitlerine kybap derejede guralýan hyzmatdaşlygyň geljekde ilerledilmegine ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklap, doganlyk türkmen we Russiýanyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar. Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin hem gatnaşdy. *** Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary S.Prihodko Daşary işler ministrliginde kabul edildi, ol ýerde döwletara gatnaşyklarynyň ösüşlerine gönükdirilen iki taraplaýyn pikir alyşmalar boldy.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow