Baş sahypa
\
\
“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy
“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy
Çap edildi 05.09.2017
3396

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýän türkmen kompaniýalaryň sany barha artýar. Häzirki wagtda olaryň üsti “Hoş zaman” guşçulyk hojalygy bilen ýetirildi. 2004-nji ýylda döredilen we goňşy ýurtlardan işewürlik boýunça kärdeşleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýän bu kärhana durnukly ösýär hem-de häzirki wagtda sebitde esasy hojalyklaryň biri bolup durýar. “Hoş zaman” kompaniýasy ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmekde innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň örän netijeli hyzmatdaşy bolmaga umyt edýär. Türkmenistanda ýurdumyzyň senagatçylary we telekeçileri milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalara has işjeň gatnaşýarlar. Döwletimiz telekeçiligiň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Esasy türkmen kompaniýalarynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde guramaga we geçirmäge saldamly goşant goşmaga çalyşmaklarynyň özi hem olaryň diňe bir ykdysady özgertmelere däl, eýsem, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna hem işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. “Hoş zaman” hyzmatdaş hökmünde Aziadanyň gatnaşyjylarynyň iýmit we hyzmatlar üpjünçilik baradaky maksatnamasyna şokolad önümlerini hödürlär. “Aşgabat 2017” oýunlarynyň hyzmatdaşy hem-de Türkmenistan üçin şeýle ägirt uly wakanyň bir bölegi bolmak biziň kärhanamyz üçin uly hormatdyr” diýip, kompaniýanyň wekili belledi.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow