02.09
2017
Türkmenistanda Gurban baýramy bellenilip başlandy. Ol üç günüň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunça giňden belleniler. Asylly däbe görä, baýramçylygyň birinji gününde irden paýtagtymyzyň we welaýatlaryň ähli metjitlerinde Baýram namazy okalýar.
02.09
2017
Gurban baýramy bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de milli Liderimiziň üsti bilen türkmen halkymyzy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Iki mukaddesligiň hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdel Aziz Al Saud, Omanyň Soltany Kabus bin Said gutladylar.
01.09
2017
Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa we merkeziniň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Germaniýanyň süýjüli diabet keselleri jemgyýetinden hem-de Daşky gurşaw boýunça saglygy goraýyş gaznasyndan paýtagtymyzyň täze lukmançylyk merkezine berlen ýörite güwänamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
01.09
2017
Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täsin saglygy goraýyş taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaş bolan “Gap Inşaat” türk gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi.
01.09
2017
Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze ýokary okuw mekdebiniň - Jemagat hojalygy institutynyň açylyş dabarasy boldy.
01.09
2017
Täze lukmançylyk merkeziniň binasynyň ýanynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň hökümet agzalary, birnäçe pudaklaýyn düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar ýygnandylar. Olaryň hatarynda bu dabaralara gatnaşmak üçin ýörite çagyrylan germaniýaly myhmanlar bar. Saglygy goraýyş ulgamynyň köpsanly işgärlerine dabarada möhüm orun degişli boldy.
01.09
2017
Ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde täze, 2017-2018-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. Döwletimiz ýaşajyk türkmenistanlylaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy, eziz ýurdumyza mynasyp gulluk etmek üçin ähli şertleri döredýär.
01.09
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Täjiistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon döwlet Baştutanymyza we türkmen halkyna berk jan saglyk, bagt, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýolladylar.
01.09
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
01.09
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig” fransuz kompaniýasynyň prezidenti—baş direktory Marten Buigi kabul etdi.