10.10 2017
“Nowruz ýaýlasynyň ak öýünde” hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrülen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ikinji, jemleýji güni geçirildi. Onuň barşynda ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi hem-de möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisiň çäklerinde milli Liderimiz täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen möhüm resminamalaryň hem-de kanunçylyk namalarynyň birnäçesine gol çekdi.
10.10 2017
Prezident Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, dünýä sportunda görnükli wakalaryň birine öwrülen bu iri ýaryşlara taýýarlygyň derejesine ýokary baha berdi. Owganystan Yslam Respublikasynyň Baştutany pursatdan peýdalanyp, öz kärdeşine Aziadanyň ajaýyp guralandygy, şol sanda bu iri ýaryşlara gatnaşan owgan türgenleri üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi, olara mähirliligiň we myhmansöýerligiň görkezilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
10.10 2017
Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň birinji böleginiň rejelenen görnüşine laýyklykda, şu ählihalk baýramçylyk we hatyra günlerinde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär:
10.10 2017
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesine Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy:
10.10 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, Türkmenistanyň halkynyň ruhy başlangyçlaryny we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge, medeniýetiň ösmegine goşan uly şahsy goşantlary, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli jemgyýetçilik işlerini, ýokary önümçilik-ykdysady görkezijilerini we halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy:
10.10 2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleriniň sanawy tassyklanyldy (eger olar iş günlerine gabat gelse):
10.10 2017
Türkmenistanyň ykdysadyýetinde erkin bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini dowam etdirmek hem-de ýurdumyzyň ähli sarp edijileri üçin tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, ýaşaýyş jaý-jemagat, awtoulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahalaryny tertipleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti karar kabul etdi, oňa laýyklykda 2017-nji ýylyň 1-nji noýabryndan tebigy gazyň bahasyny goşulan baha üçin salgyt hasaba alnanda şu möçberlerde bellemeli:
10.10 2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara düzümlere wekilçilik etmegine degişli birnäçe kararlara gol çekdi.
09.10 2017
Şu gün “Now­ruz ýaý­la­sy­nyň ak öýi” bi­na­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şyn­da mö­hüm wa­ka bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň no­bat­da­ky mas­la­ha­ty öz işi­ne baş­la­dy.
09.10 2017
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­tyn­da­ky çykyşy (Ahal we­la­ýa­ty, 2017-nji ýy­lyň 9-njy okt­ýab­ry)
1527 sahypa
Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap