09.10
2017
Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky, ýigrimi üçünji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, Konstitusiýanyň rejelenen görnüşine, ýurdumyzyň kanunçylyk hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasyna laýyklykda işlenip taýýarlanan kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň birnäçesi kabul edildi.
09.10
2017
Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan çap edilýän “Milli goşun” žurnalynyň nobatdaky sany neşir edildi. Bu neşir ruhy-watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak, şeýle hem harby gullukçylaryň döredijiligini höweslendirmek maksady bilen neşir edilýär. Olaryň çeperçilik mümkinçilikleri žurnalyň göwnejaý bezelen sahypalarynda beýan edilýär.
09.10
2017
Döwlet baştutanynyň gutlagynda:- Sizi Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn -diýilýär.—Biz deňiz çäklerimiziň bitewiligini üpjün edýän, Hazar deňzini dostlugyň we ylalaşygyň deňzine öwürmekde uly işleri bitirýän deňizçi harby gullukçylaryň hyzmatyna berlen ýokary baha berýäris.
08.10
2017
Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň dag etegindäki ajaýyp ýaýlasynda “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şol ýerde bag ekmek boýunça nobatdaky ekologiýa çäresi bolan ählihalk ýowaryna badalga berdi.
08.10
2017
Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Şweýsariýa Konfederasiýasyndan, Singapurdan, Türkiýe Respublikasyndan, Owganystan Yslam Respublikasyndan we beýleki döwletlerden gelen işewürlere daşary ýurt walýutasyna bugdaý uny, dürli görnüşli boýalan tüýjümek önümler, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 19 million 654 müň dollaryndan gowrak boldy.
08.10
2017
Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly atlara mynasyp bolan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri bolan medeniýet we sungat işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy.
07.10
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi, resminama laýyklykda ýürdumyzyň milli medenýetini, teatr, kino, aýdym-saz sungatyny, žurnalistikasyny we medeni aň-bilim edaralaryny ösdürmäge, zehinli ýaş döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan aýratyn goşantlary, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli şu medeniýet, sungat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy:
06.10
2017
6-njy oktýabrda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň, şeýle hem 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň ýatlama güni – Hatyra güni bellenilýär. Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-doga okalýar, sadakalar berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine gatnaşdy. Şu gün bu ýere ir säher bilen ýürek emri bilen aşgabatlylaryň müňlerçesi we paýtagtymyzyň myhmanlary geldiler.
05.10
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda ykdysadyýetiň pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna garaldy hem-de ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.
05.10
2017
Türkmenistanyň ernergetika pudagynyň işgärleri geçen 9 aýyň dowamynda meýilnama boýunça işleri artygy bilen ýerine ýetirdiler.