Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Uly ýaşly nesilleriň wekillerine «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy
Jemgyýet
Uly ýaşly nesilleriň wekillerine «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy
Çap edildi 10.10.2017
2556

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesine Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Aleksandr Sahatowiç Dadaýewe, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Meret Hezretgulyýewiç Aşyrbaýewe, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Heýkeltaraşlyk kafedrasynyň uly mugallymy Babasary Annamyradowa, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň Bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini utgaşdyryjy bölüminiň esasy hünärmeni Erkin Mätiýewiç Kösäýewe, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäheriniň 2-nji saglyk öýüniň gorag işgäri Meretgeldi Gulgeldyýewe, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Akmyrat Geldimyradowa, Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň Altyn asyr şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Amanberdi Ýagmurowa, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Akwekil geňeşliginiň Akwekil obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Meretmuhammet Saparowa, Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetiniň Balkan welaýat müdirliginiň Etrek etrabynyň wekili, Etrek etrabynyň baş ymamy Begarslan Esenowa, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Paraw geňeşliginiň Paraw obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Mäti Nurmämmedowa, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky geňeşliginiň Uzynsuw obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Torjan Ataweliýewe, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Almalyk geňeşliginiň Bereketli obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Gurbanmyrat Öwezowa, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Akgala geňeşliginiň Hywaçyoý obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Dädebaý Welžikowa, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew adyndaky geňeşliginiň Garaoý obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Bazar Mamyşowa, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Altyn asyr geňeşliginiň Mäşpaýa obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Hudaýguly Hudaýberdiýewe, Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň Gyzylaýak geňeşliginiň Gyzylaýak obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Gurbangeldi Kerimowa, Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Hojakenepsi geňeşliginiň Eljik obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Çiltenkuly Rahmedowa, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Agzybirlik geňeşliginiň Agzybirlik obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Ýagşymyrat Gurbanýazowa, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň Ýagtyýol şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Atajan Şamuhammedowiç Kakabaýewe, Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň Serhetabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Gurbanseýit Agageldiýewiç Saparmyradowa.

Soňky habarlar
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky ÇYKYŞY
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
11.04
Gahryman Arkadagymyz MAGATE-niň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow