Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si
Çap edildi 09.10.2017
11813

Şu gün “Now­ruz ýaý­la­sy­nyň ak öýi” bi­na­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şyn­da mö­hüm wa­ka bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň no­bat­da­ky mas­la­ha­ty öz işi­ne baş­la­dy. Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­lyk şan­ly baý­ram­çy­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän umu­my­mil­li mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­ne ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­giň wa­jyp we­zi­pe­le­ri, Türk­me­nis­tan­da tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan oňyn dur­muş-yk­dy­sa­dy we de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­ri yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler gi­ri­zil­di. Türk­men jem­gy­ýe­ti­niň gur­lu­şy­nyň ga­dy­my esas­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny, hal­ky­my­zyň pe­der­le­ri­mi­ziň paý­has­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne we kö­pa­syr­lyk ta­ry­hy bo­lan de­mok­ra­tik esas­la­ra üýt­gew­siz yg­rar­ly­ly­gy­ny özün­de jem­le­ýär. Ýa­şu­ly ne­sil­le­re hor­mat goý­mak, ýa­şu­lu­la­ryň, ak gy­ňaç­ly ene­le­riň baý dur­muş tej­ri­be­si­ne da­ýan­mak türk­men hal­ky­nyň asyr­lar aşyp gel­ýän mil­li ýö­rel­ge­le­ri bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzy­gi­der­li ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da mö­hüm orun eýe­le­ýär we ol äh­mi­ýet­li ut­gaş­dy­ry­jy müm­kin­çi­li­gi eme­le ge­tir­ýär. Hut şo­nuň üçin hem ge­çi­ril­ýän mas­la­hat umu­mymil­li möç­be­re eýe bo­lup, onuň do­wa­myn­da Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň saz­la­şyk­ly ösü­şi, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy we bag­ty­ýar­ly­gy üçin mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan wa­jyp me­se­le­le­re ga­ral­ýar we anyk çöz­güt­ler ka­bul edil­ýär. Ir bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz “Now­ruz ýaý­la­sy­nyň ak öýi” bi­na­sy­na gel­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne baş­la­maz­dan öňür­ti bu ýer­de Mej­li­siň Baş­ly­gy­nyň, ýur­du­my­zyň Hö­kü­met ag­za­la­ry­nyň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da gi­ňiş­le­ýin mas­la­hat ge­çir­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz öňi bi­len hal­ky­myz we ýur­du­myz üçin bäh­bit­li çöz­güt­le­riň ka­bul edil­ýän Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň işe gi­riş­me­gi bi­len mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ry gut­la­dy we bu umu­my­mil­li çä­rä­niň üs­tün­lik­le­re bes­len­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra özü­niň tä­ze dö­re­den “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ki­ta­by­ny sow­gat ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Be­ýik Ýü­pek ýo­ly ägirt uly ta­ry­hy mi­ras bo­lup, onuň mer­ke­zi lo­gis­ti­ka dü­zü­mi bi­ziň Wa­ta­ny­myz­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýär, halk­la­ryň we ýurt­la­ryň öza­ra ýa­kyn­laş­ma­gy üçin kuw­wat­ly iter­gi bo­lup hyz­mat ed­ýär, ola­ryň ara­syn­da sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy­na, ýurt­la­ryň, se­bit­le­riň we tu­tuş yk­lym­la­ryň ara­syn­da öza­ra dü­şü­ni­şil­me­gi­ne hem-de hyz­mat­daş­ly­ga, öza­ra gat­na­şyk­la­ryň yg­ty­bar­ly bin­ýat­la­ry­nyň ke­ma­la gel­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar aja­ýyp sow­gat üçin mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ho­şal­lyk bil­di­rip, mu­nuň äh­li­halk da­ba­ra­sy­nyň öňü­sy­ra­syn­da­ky ýa­kym­ly wa­ka öw­rü­len­di­gi­ni bel­le­di­ler. Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi T.Ata­hal­ly­ýe­wiň we­la­ýa­tyň çä­gin­de ýer­leş­ýän “Now­ruz ýaý­la­sy­nyň ak öýi” bi­na­syn­da ge­çi­ril­ýän Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ne gör­len taý­ýar­lyk iş­le­ri, mas­la­ha­tyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan mak­sat­na­ma we ony üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin gör­len çä­re­ler ba­ra­da­ky ha­sa­ba­ty diň­le­nil­di. Iş mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de hä­zir­ki dö­wür­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, şeý­le hem Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne gör­len taý­ýar­lyk iş­le­ri we onuň gün ter­ti­bi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ýur­du­myz­da her ýyl­da ge­çi­ril­ýän we hal­ky­my­zyň asyr­lar aşyp gel­ýän asyl­ly mil­li ýö­rel­ge­le­re yg­rar­ly­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi, on­da öňe sü­rül­ýän tek­lip­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak we de­giş­li çöz­güt­le­ri ka­bul et­mek üçin äh­li ze­rur müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi şu gü­nüň der­wa­ýys we­zi­pe­si­di­gi­ni bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu iş­le­ri berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. Soň­ra ýur­du­my­zyň Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri Ý.Ber­di­ýew Türk­me­nis­ta­nyň Har­by-De­ňiz Güýç­le­ri­niň şu gün bel­le­nil­ýän gü­ni my­na­sy­bet­li me­ýil­leş­di­ri­len me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler we şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan mak­sat­na­ma ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň Har­by-De­ňiz Güýç­le­ri­niň ser­ker­de­le­ri­ni, de­ňiz­çi es­ger­le­ri we bu ug­ra de­giş­li beý­le­ki iş­gär­le­ri her ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da bel­le­nil­ýän hü­när baý­ram­çy­ly­gy bi­len gut­la­dy. Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan Har­by dokt­ri­na­sy­na la­ýyk­lyk­da howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek döw­le­ti­mi­ziň ama­la aşyr­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dy­gy­ny bel­le­di. Ha­zar deň­zi­ni dost­lu­gyň we yla­la­şy­gyň deň­zi­ne öwür­mek­de har­by de­ňiz­çi­le­riň ägirt uly hyz­ma­ty­nyň bar­dy­gy­ny bel­läp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu iş­le­ri döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk de­re­je­de ös­dür­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy. Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow ýur­du­my­zyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ama­la aşyr­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň esa­sy ugur­la­ry we oňa la­ýyk­lyk­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny iş­jeň ös­dür­mek bo­ýun­ça gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän äh­li da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Dün­ýä­niň gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän äh­li ýurt­la­ry bi­len bi­rek-bi­re­ge yna­nyş­mak we hor­mat goý­mak esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­niň Türk­me­nis­ta­nyň dur­mu­şa ge­çir­ýän “Açyk ga­py­lar” sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ugur­da yzy­gi­der­li iş­le­riň do­wam et­di­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy. Mil­li Li­de­ri­miz mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da şeý­le hem ýur­du­my­zyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan iş­le­riň dep­gin­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň güý­jün­den do­ly peý­da­lan­mak we oba­se­na­gat top­lu­my­na hä­zir­ki za­man yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry­ny, tä­ze­çil usul­la­ry giň­den or­naş­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re top­lum­la­ýyn esas­da çe­me­le­şil­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam et­mek bi­len, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň Bal­kan, Da­şo­guz we Le­bap we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­le­ri­ne Ma­ry hem-de Ahal we­la­ýat­la­ryn­da bar bo­lan Ak öý bi­na­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry taý­ýar­la­ma­gy tab­şyr­dy. Mu­nuň özi asyr­lar aşyp gel­ýän mil­li ýö­rel­ge­le­riň da­ba­ra­lan­ma­gyn­da we türk­men hal­ky­nyň bi­na­gär­lik usul­la­ry bi­len hä­zir­ki za­man tej­ri­be­le­ri­niň ut­gaş­dy­ryl­ma­gyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bar­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de oba ho­ja­lyk iş­le­ri bi­len bir ha­tar­da, se­bi­tiň se­na­gat dü­zü­mi­ni ös­dür­mek, dur­muş üp­jün­çi­li­gi­ni mun­dan beý­läk-de go­wu­lan­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­lan­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di we bu ba­bat­da hä­kim­le­re bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň gu­ra­ma­çy­lyk­ly we ýo­ka­ry hil de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­li­di­gi­ni, onuň üs­tün­lik­li jem­len­me­gi­niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz üçin bäh­bit­li bol­şy ýa­ly, gel­jek­ki bol ha­sy­lyň gi­re­wi­di­gi­ni bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň döw­rüň ta­la­by­na we ru­hu­na la­ýyk de­re­je­de ös­dü­ril­me­li­di­gi­ni, ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­niň äh­li gör­ke­zi­ji­ler ba­bat­da nus­ga­lyk bol­ma­ly­dy­gy­ny aý­dyp, bu iş­le­riň hem­me­ta­rap­la­ýyn esas­da do­wam et­di­ril­me­gi ba­bat­da hä­ki­me bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. Aý­ra­tyn-da, şan­ly se­ne­ler my­na­sy­bet­li gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän des­ga­lar­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy­na ün­si çe­kip, dür­li mak­sat­ly bi­na­la­ryň bel­le­ni­len möh­let­ler­de gur­lup ulan­ma­ga be­ril­me­gi­niň we olar­da ýo­ka­ry hil de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi­niň mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da we mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li ýag­daý­da ös­dü­ril­me­li­di­gi­ni, ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li çä­re­le­riň mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ril­me­li­di­gi­ni bel­läp, bu ba­bat­da mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu gün açyl­ýan Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de öň­ki umu­my­mil­li fo­rum­lar­da bol­şy ýa­ly, mö­hüm çöz­güt­le­riň ka­bul edil­ýän­di­gi­ni bel­läp, bu ge­zek­ki umu­my­mil­li mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da hem ili­miz, ýur­du­myz üçin bäh­bit­li oňyn ka­rar­la­ryň ka­bul edil­jek­di­gi­ni, ola­ryň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­ti­niň bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di we mas­la­ha­tyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne ta­rap ug­ra­dy. ...Aja­ýyp bi­na­nyň için­de aý­ra­tyn da­ba­ra­ly ýag­daý, ag­zy­bir­lik we ru­hu­be­lent­lik de­re­je­si eme­le gel­di. Bu ýe­re Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­den we­kil­ler ýyg­nan­dy­lar. Bu ýe­re ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör tu­rup, şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­dy­lar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz za­lyň sah­na­sy­na geç­di we türk­men jem­gy­ýe­ti­niň halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi esas­la­ry­na yg­rar­ly­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lan köp san­ly mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ry we myh­man­la­ry gut­la­dy. Mil­li Li­de­ri­miz bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy­nyň giň­den we da­ba­ra­ly ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýan gün­le­rin­de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li mö­hüm me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin Ahal we­la­ýa­ty­nyň Now­ruz ýaý­la­syn­da bi­na edi­len ak öý­de Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ne jem­len­dik di­ýip, sö­ze baş­la­dy. Bu ge­zek­ki mej­li­se halk ara­syn­da uly hor­mat­dan peý­da­lan­ýan ýa­şu­lu­lar, Hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň ýol­baş­çy­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn dü­züm­le­riň, sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, we­la­ýat­la­ryň, et­rap­la­ryň we şä­her­le­riň hä­kim­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry döw­let­ler­dä­ki il­çi­le­ri, da­şa­ry ýurt­la­ryň bi­ziň ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­ýar­lar. Ola­ryň ha­ta­ryn­da dür­li pu­dak­la­ryň eda­ra­la­ry­nyň we kär­ha­na­la­ry­nyň köp san­ly iş­gär­le­ri, ak gy­ňaç­ly ene­ler bar. Da­ba­ra­ly pur­sat ge­lip ýet­di. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ni açyk di­ýip yg­lan ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy ýaň­lan­ýar. Umu­my­mil­li fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň hem­me­si oňa ru­hu­be­lent­lik bi­len go­şul­ýar­lar. Mil­li Li­de­ri­miz Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň pre­zi­diu­my­na saý­la­nan ag­za­la­ry­ny öz ýer­le­ri­ne ge­çip otur­ma­ga ça­gyr­ýar. Mej­li­siň ba­şyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ry we äh­li wa­tan­daş­la­ry­my­zy Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy we berk jan sag­lyk, uly üs­tün­lik­ler, eder­men türk­men hal­ky­na bol­sa bagt hem-de aba­dan­çy­lyk ar­zuw et­di. Goý, ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len öňe bar­ýan mäh­ri­ban Wa­ta­ny­myz he­mi­şe gül­le­sin! Goý, mäh­ri­ban hal­ky­myz Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň baý­ram­çy­lyk­la­ry­ny we da­ba­ra­la­ry­ny aja­ýyp zäh­met üs­tün­lik­le­ri bi­len gar­şy­la­syn! — di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy. Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň mej­li­siň gün ter­ti­bi bi­len ta­nyş­mak­la­ry üçin müm­kin­çi­li­giň dö­re­di­len­di­gi­ni bel­läp, şu gün ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­jak me­se­le­ler bo­ýun­ça tek­lip­le­riň ýa-da bel­lik­le­riň bar­dy­gy bi­len gy­zyk­lan­dy. Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gy ne­ti­je­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­niň tas­syk­lan­ýan­dy­gy­ny yg­lan ed­ýär. Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň öňün­de mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şy bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýyg­na­nan­la­ry mü­bä­rek­läp we hem­me­le­ri Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­ly­nyň şan­ly wa­ka­sy bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­ty­nyň açyl­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ra, myh­man­la­ra hem-de il­deş­le­ri­mi­ze iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di. Şu gün­ki umu­my­mil­li fo­rum ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň giň­den we da­ba­ra­ly baý­ram edil­ýän 26 ýyl­lyk se­ne­si­niň öň ýa­nyn­da ge­çi­ril­ýär. Döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­myz bol­sa, bi­ziň be­lent buý­san­jy­myz­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy. Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji döw­let. Biz dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry bi­len gat­na­şyk­la­ry­my­zy bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak esa­syn­da alyp bar­ma­ga ça­lyş­ýa­rys. Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da oňyn bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­ny gy­şar­nyk­syz ber­jaý ed­ýä­ris. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy, il­ki bi­len, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­di. Soň­ra bol­sa onuň de­giş­li Re­zol­ýu­si­ýa­la­ry bi­len gol­da­nyl­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň bu Re­zol­ýu­si­ýa­sy­ny öz Esa­sy Ka­nu­nyn­da be­ýan eden ýe­ke-täk döw­let­dir. Şo­ňa gö­rä-de, biz bu ta­ry­hy Re­zol­ýu­si­ýa aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­rip, ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ni Kons­ti­tu­si­ýa­myz­da anyk be­ýan et­dik. Dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len he­mi­şe­lik bi­ta­rap­ly­gyň Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ýö­rel­ge­si bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­läp geç­dik di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di. Türk­me­nis­tan oňyn bi­ta­rap­ly­gyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ni gol­dan­mak bi­len, di­ňe bir mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň bäh­bit­le­ri­ne däl-de, eý­sem, tu­tuş Ýer ýü­zü­niň halk­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri üçin hem iş­jeň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy. Biz Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2017—2023-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy, Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy ýa­ly ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len, şeý­le hem dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry bi­len ýo­la goý­lan sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mä­ge we yzy­gi­der­li ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şo­nuň ýa­ly-da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len we dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry bo­lan Ösüş Mak­sat­na­ma­sy­nyň, ÝU­NES­KO-nyň, Ilat Gaz­na­sy­nyň, Ça­ga­lar Gaz­na­sy­nyň, Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň, Ne­şe­le­re we je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Mü­dir­li­gi­niň ýur­du­myz­da ýer­leş­ýän we­kil­ha­na­la­ry bi­len alyp bar­ýan hyz­mat­daş­ly­gy­my­zy yzy­gi­der­li ös­dür­ýä­ris we tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dyr­ýa­rys. Şeý­le hem bu ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýä­ris — di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy 12-nji de­kab­ry Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni di­ýip yg­lan et­di. 2017-nji ýy­lyň 19-njy ap­re­lin­de bol­sa, bi­ziň Bi­ta­rap döw­le­ti­miz bu gu­ra­ma­nyň Ça­ga­lar Gaz­na­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ge­ňe­şi­niň 2018—2020-nji ýyl­lar üçin ag­za­ly­gy­na we Ze­nan­la­ryň hu­kuk ýag­da­ýy bo­ýun­ça Ko­mis­si­ýa­sy­nyň 2018—2022-nji ýyl­lar üçin ag­za­ly­gy­na saý­lan­dy di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Mö­hüm wa­ka­la­ryň ha­ta­ryn­da şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Yk­dy­sa­dy we Dur­muş Ge­ňe­şi­niň Ko­mis­si­ýa­sy­nyň mej­li­sin­de bu gu­ra­ma­nyň ösü­şiň bäh­bit­le­ri­ne Ylym we teh­ni­ka bo­ýun­ça Ko­mis­si­ýa­sy­na 2017—2020-nji ýyl­lar, Ilat hem-de ösüş bo­ýun­ça Ko­mis­si­ýa­sy­na 2016—2020-nji ýyl­lar, şeý­le hem Dur­muş ösü­şi bo­ýun­ça Ko­mis­si­ýa­sy­na 2017—2021-nji ýyl­lar üçin saý­lan­ma­gy­ny bel­le­mek bo­lar. Ga­raş­syz döw­le­ti­miz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji mej­li­sin­de äh­lu­mu­my ki­ber howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek me­se­le­si­ne düýp­li çe­me­leş­me­gi tek­lip et­di. «Azia­da — 2017: Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň ha­ty­ra­sy­na hal­ka­ra sport hyz­mat­daş­ly­gy» at­ly hal­ka­ra sport kong­re­si­niň jem­leý­ji Jar­na­ma­sy Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 71-nji mej­li­si­niň res­mi­na­ma­sy hök­mün­de ýaý­ra­dyl­dy. Bu res­mi­na­ma esas­la­nyp, Türk­me­nis­tan ÝU­NES­KO-nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da be­den­ter­bi­ýe hem-de sport bo­ýun­ça jo­gap­kär mi­nistr­le­riň we ýol­baş­çy­la­ryň ýe­din­ji hal­ka­ra mas­la­ha­ty­ny ge­çir­me­gi göz öňün­de tut­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Şu ýyl bi­ziň ýur­du­myz Ener­ge­ti­ka Har­ti­ýa­sy­nyň Hal­ka­ra Kon­fe­ren­si­ýa­sy­na baş­lyk­lyk ed­ýän döw­le­tiň borç­la­ry­ny hem ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Bi­ziň ýur­du­my­zyň şeý­le ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­na saý­lan­ma­gy Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň bü­tin adam­za­dyň bäh­bit­le­ri üçin hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji sy­ýa­sa­ty­na hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da ka­nun­çy­lyk taý­dan ber­ki­di­len bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne üýt­gew­siz yg­rar­ly bo­lup gal­mak bi­len, biz gel­jek­de hem ak­gö­wün­li­lik, dost­luk we giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­ty­ny alyp ba­ra­rys. Bu sy­ýa­sat bol­sa, di­ňe bir mil­li bäh­bit­le­ri­mi­ze däl-de, eý­sem, dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň bäh­bit­le­ri­ne-de, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň mak­sat­la­ry­na hem do­ly la­ýyk gel­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, biz Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de tut­ýan or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­mak üçin gel­jek­de hem hem­me­ta­rap­la­ýyn ta­gal­la­la­ry ede­ris. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri­ne şu ýy­lyň 9 aýy­nyň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp, ýa­ňy-ýa­kyn­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de se­re­di­len­di­gi­ni aý­dyp, fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň ün­sü­ni ama­la aşy­ryl­ýan döw­let stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy me­se­le­le­ri­ne çek­di. Biz yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­gi, onuň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­me­gi mak­sat edin­ýä­ris. Şu we­zi­pe­ler­den ugur alyp, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri çy­kar­mak we özü­miz­de ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň beý­le­ki ýurt­la­ra ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça Döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çi­rip baş­la­dyk. Şeý­le hem elekt­ron se­na­ga­ty­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny ama­la aşyr­ma­ga gi­riş­dik di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Bu mak­sat­na­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de eý­ýäm go­wy ne­ti­je­le­ri hem ga­zan­dyk. Ýur­du­my­za beý­le­ki döw­let­ler­den ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň möç­be­ri azal­dy. Da­şa­ry ýurt­la­ra iber­ýän önüm­le­ri­mi­ziň möç­be­ri bol­sa art­dy di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2007-nji ýyl­da ka­bul edi­len «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň» dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da dur­muş mak­sat­ly we in­že­ner üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň müň­ler­çe des­ga­la­ry­nyň gur­lup, ulan­ma­ga ber­len­di­gi, şeý­le hem «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2012—2016-njy ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň» çäk­le­rin­de ägirt uly hal­ka­ra äh­mi­ýe­ti bo­lan on­lar­ça tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ry­lan­dy­gy bel­le­nil­di. Hä­zir­ki dö­wür­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da öz­gert­me­ler ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň mö­hüm çeş­me­le­ri­niň on­lar­ça­sy üçin düýp­li esas­lar go­ýul­dy. Bu iş­le­riň yzy­gi­der­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­jek kuw­wat­ly önüm­çi­lik, dur­muş we in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň berk esas­la­ry­ny dö­ret­mek do­wam ed­ýär. Trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­le­riň, şol san­da Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň, de­mir ýol­la­ryň, ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň, uly köp­rü­le­riň, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky on­lar­ça bi­na­la­ryň we beý­le­ki iri des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy mu­nuň aý­dyň my­sal­la­ry­dyr. Mej­li­siň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ila­tyň jan ba­şy­na düş­ýän je­mi içer­ki önü­miň or­ta­ça möç­be­ri­ni göz öňün­de tu­ta­nyň­da, Türk­me­nis­tan in­di dur­muş-yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri bo­ýun­ça gir­de­ji de­re­je­si ýo­ka­ry bo­lan ýurt­la­ry hä­si­ýet­len­dir­ýän umu­my ka­bul edi­len sep­git­den geç­di di­ýip nyg­ta­dy. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Yk­dy­sa­dy we dur­muş me­se­le­le­ri bo­ýun­ça de­par­ta­men­ti, Söw­da we ösüş bo­ýun­ça ge­ňe­şi, Hal­ka­ra pul gaz­na­sy, Bü­tin­dün­ýä ban­ky hem-de beý­le­ki ab­raý­ly gu­ra­ma­lar hem Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz­da pul-karz, sal­gyt-býu­jet, nyrh, ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar­lar. Ab­raý­ly hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry­nyň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, ýur­du­myz­da 2017-nji we 2018-nji ýyl­lar­da hem je­mi içer­ki önü­miň ýo­ka­ry dep­gin bi­len, ýag­ny 6,4 gö­te­rim de­re­je­de ös­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Bu bol­sa, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2015-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da bo­lup ge­çen 70-nji mej­li­sin­de yg­lan edi­len Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­nyň kö­pü­si­niň 2007-nji ýyl­dan bä­ri ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ri­len­di­gi­ni aý­dyň tas­syk­la­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nyg­taý­şy ýa­ly, ama­la aşy­ryl­ýan yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler we ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi do­lan­dyr­ma­gyň hem-de döw­let ta­ra­pyn­dan düz­gün­leş­dir­me­giň usul­la­ry­nyň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­me­gi, hal­ky­my­zyň do­ly gol­da­ma­gy ne­ti­je­sin­de müm­kin bol­dy. “Hä­zir­ki dö­wür­de biz ýur­du­myz­da dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len kuw­wat­ly hä­zir­ki za­man yk­dy­sa­dy ul­ga­myň ýo­ka­ry ösü­şe eýe bo­lan­dy­gy­ny do­ly tas­syk­lap bi­le­ris. Bu ul­gam eýe­çi­li­giň dür­li gör­nüş­le­ri­ne esas­lan­ýar hem-de ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na tap­gyr­ma-tap­gyr geç­me­gi göz öňün­de tut­ýar” di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy. Mil­li Li­de­ri­miz çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň şu ýy­lyň hal­ka­ra äh­mi­ýet­li mö­hüm wa­ka­sy bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Bi­ziň ýur­du­myz V Azi­ýa oýun­la­ry­na örän jo­gap­kär­çi­lik­li taý­ýar­lan­dy. Aş­ga­bat­da 2010-njy ýyl­da Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň düý­bi tu­tul­dy. Onuň gur­lu­şy­gy­na köp möç­ber­de ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ril­di. Bu ýer­de gur­lan des­ga­lar Hal­ka­ra Olim­pi­ýa Ko­mi­te­ti­niň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da en­jam­laş­dy­ryl­dy di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Olim­pi­ýa sta­dio­ny­nyň mün­be­ri­ni çe­per keş­bi bi­len be­ze­ýän ahal­te­ke be­de­wi­niň heý­ke­li­niň, şeý­le hem ýo­ka­ry dün­ýä ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa se­riş­de­ler­den gur­lan Spor­tuň suw gör­nüş­le­ri mer­ke­zi­niň Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­me­gi hem ýur­du­myz­da sport des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na düýp­li we örän jo­gap­kär­li ga­ral­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy. Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň sport des­ga­la­ryn­da spor­tuň 21 gör­nü­şi bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­di. Bu ýa­ryş­la­ra 65 ýy­gyn­dy to­pa­ryň tür­gen­le­ri gat­naş­dy­lar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň tür­gen­le­ri­niň bu oýun­lar­da umu­my to­par ha­sa­byn­da has köp me­dal alyp, bi­rin­ji or­na çyk­ma­gy bi­zi örän be­gen­dir­ýär di­ýip bel­le­di. “Sport­da ga­za­nan bu aja­ýyp ýe­ňiş­le­ri­mi­ziň mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň wa­tan­çy­lyk duý­gu­sy­ny, eziz Di­ýa­ry­my­za bo­lan buý­san­jy­ny has art­dy­ran­dy­gy­ny aýt­ma­ga bi­ziň do­ly hu­ku­gy­myz bar­dyr. Bu oýun­la­ryň örän ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi dün­ýä­niň Olim­pi­ýa he­re­ke­tin­de ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny öň­kü­den-de ber­kit­di. Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­ny dün­ýä de­re­je­li sport mer­ke­zi hök­mün­de yk­rar et­di” di­ýip hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­dy. Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýa­kyn ýyl­lar­da ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry ba­ra­da du­rup geç­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­de bo­lup ge­çen kä­bir yk­dy­sa­dy we sy­ýa­sy wa­ka­lar ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne bel­li bir de­re­je­de ýa­ra­maz tä­si­ri­ni ýe­tir­di. Şol ýyl­lar­da, il­kin­ji no­bat­da, dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösüş dep­gi­ni pe­se düş­di. Bu bol­sa, geo­sy­ýa­sy ýag­daý­lar, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň ba­ha­sy­nyň pe­sel­me­gi, Türk­me­nis­ta­nyň esa­sy söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­la­ry bo­lan ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dur­nuk­syz ös­me­gi, er­kin ýör­gün­li da­şa­ry ýurt pu­lu­nyň hüm­me­ti­niň üýt­ge­me­gi, gaz­na ba­zar­la­ryn­da gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň dur­nuk­syz ýag­da­ýy hem-de beý­le­ki se­bäp­ler bi­len bag­ly­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Dün­ýä ýurt­la­ryn­da bo­lup geç­ýän bu ha­dy­sa­la­ryň düýp­li öw­re­nil­me­gi Türk­me­nis­ta­ny 2018—2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň anyk mak­sat­la­ry­na we we­zi­pe­le­ri­ne dü­ze­diş­le­ri gi­riz­mek üçin aý­ra­tyn ün­si jem­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­dy. Şo­ňa gö­rä-de, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi dur­nuk­ly ös­dür­mek üçin äh­li se­riş­de­le­ri­mi­zi we müm­kin­çi­lik­le­ri­mi­zi do­ly peý­da­lan­mak we­zi­pe­si öň­de go­ýul­dy. Ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na geç­me­gi çalt­lan­dyr­mak, hu­su­san-da, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te da­hyl­syz pu­da­gy­ny çalt dep­gin­ler bi­len ös­dür­mek bel­le­nil­di. Bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ry we paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­ni dö­ret­mek, gaz­na bir­ža­la­ry­nyň we gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň ba­za­ry­nyň işi­ni güýç­len­dir­mek göz öňün­de tu­tul­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, şu­nuň esa­syn­da «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018—2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň» tas­la­ma­sy iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Bu tas­la­ma ta­nyş­mak üçin mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra be­ril­di. Mil­li Li­de­ri­miz bu res­mi­na­ma­nyň esa­sy ugur­la­ry ba­ra­da du­rup ge­çip, mak­sat­na­ma­da Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zy ýo­kar­da gör­ke­zi­len dö­wür­de dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­la­ry­nyň kes­git­le­nen­di­gi­ni, öň­de du­ran we­zi­pe­le­riň, esa­sy ýö­rel­ge­le­riň, ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň we ga­ra­şyl­ýan ne­ti­je­le­riň be­ýan edi­len­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le hem bel­le­nen şu mak­sat­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça çä­re­ler, şol san­da yk­dy­sa­dy eda­ra­la­ryň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­dy. Döw­let ta­ra­pyn­dan düz­gün­leş­dir­me­giň ul­ga­my­ny we döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň ýol­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça we­zi­pe­ler bel­le­nil­di. Dün­ýä ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy çök­gün­li­gi şert­le­rin­de mak­royk­dy­sa­dy do­lan­dy­ry­şy go­wu­lan­dyr­mak üçin äh­li ze­rur çä­re­le­ri gör­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu gör­ke­zi­ji­le­riň ba­ra­bar­ly­gy­ny ga­zan­mak, ma­li­ýe we bank ul­ga­myn­da ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­ri do­wam et­mek bel­le­nil­ýär. Mak­sat­na­ma­da kes­git­le­ni­şi­ne la­ýyk­lyk­da, gel­jek 7 ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň je­mi içer­ki önü­mi­niň ýyl­lyk ösüş dep­gi­ni­ni ýo­ka­ry (6,2—8,2 gö­te­rim) de­re­je­de sak­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şu dö­wür­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dü­zü­min­de se­na­ga­tyň pa­ýy or­ta­ça 33 gö­te­ri­me, gur­lu­şy­gyň­ky 14, oba ho­ja­ly­gy­nyň pa­ýy 10,9 gö­te­ri­me ýe­ter. Bu gör­ke­zi­ji ulag we ara­gat­na­şyk pu­dak­la­ry bo­ýun­ça 9,1, söw­da ul­ga­my bo­ýun­ça 2 gö­te­ri­me, dür­li ugur­ly hyz­mat­lar ul­ga­my bo­ýun­ça hem 21 gö­te­ri­me ba­ra­bar bo­lar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy. Se­na­gat taý­dan ösen yk­dy­sa­dy­ýe­tiň esas­la­ry­ny dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, ile­ri tu­tul­ýan mil­li ugur­la­ry dö­ret­mek we üp­jün et­mek hem-de yl­my-teh­ni­ki baş­lan­gyç­la­ry gol­da­mak bo­ýun­ça iş­ler do­wam et­di­ri­ler. Umu­man, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge döw­let gol­da­wy yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­ly çä­re­le­riň ul­ga­my­ny ama­la aşyr­mak ar­ka­ly äh­lu­mu­my we se­bit de­re­je­le­rin­de be­ril­ýär. Bu iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­mi­zi ep-es­li art­dyr­ma­ga do­ly şert dö­re­der. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de beý­le­ki döw­let­ler­den ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­ýän kuw­wat­lyk­la­ry dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Mak­sat­na­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­rün­de iş­jeň ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty al­nyp bar­lar. Ýur­du­my­zy 2018—2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek ul­ga­my­na esa­sy ma­ýa go­ýu­my hök­mün­de 240 mil­liard ma­nat­dan gow­rak se­riş­de goý­be­ri­ler. Şu dö­wür­de ne­bit­gaz top­lu­my­na 159,9 mil­liard ma­nat möç­ber­de düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ri­ler we 6 müň 900-den gow­rak tä­ze iş orun­la­ry dö­re­di­ler. Ahal we­la­ýa­ty­nyň Owa­dan­de­pe şä­her­çe­sin­de gu­rul­ýan za­wod­da 2024-nji ýyl­da te­bi­gy gaz­dan eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa 600 müň ton­na A-92 ky­sym­ly ben­zin ön­dü­rip baş­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Şol dö­wür­de «Ma­laý» kä­nin­de Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si üçin gaz gy­sy­jy be­ke­diň gur­lu­şy­gy hem ta­mam­la­nar. Özi hem bu­la­ryň hem­me­si bi­ziň öz güý­jü­miz bi­len ama­la aşy­ry­lar. Bu uly zat­dyr! Ýur­du­myz­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ön­dü­ril­ýän umu­my möç­be­ri 2024-nji ýy­la çen­li 33 mil­liard ki­lo­wat/sa­ga­da ýe­ti­ri­ler. Bu bol­sa, 2018-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 27,2 gö­te­rim köp bo­lar. Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­de 2018—2024-nji ýyl­lar­da po­lip­ro­pi­len, po­li­wi­nilh­lo­rid, kaus­tik so­da, duz kis­lo­ta­sy­ny we su­wuk hlor ön­dür­ýän gaz­him­ýa top­lu­my­ny gur­mak, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ga­ra­bo­gaz şä­he­rin­de ýyl­da 1 mil­lion 155 müň ton­na kar­ba­mid ön­dür­ýän za­wo­dy işe gi­riz­mek, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de ýod-brom suw­la­ry­ny gaý­ta­dan iş­le­me­giň esa­syn­da ýod-brom ön­dür­mek bo­ýun­ça kär­ha­na­la­ryň kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Mak­sat­na­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ýan döw­rün­de ýur­du­my­zyň ulag üp­jün­çi­lik ul­ga­my­nyň iri mer­kez­le­ri­niň bi­ri bo­lan Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz por­ty dö­re­di­ler. Bu­lar­dan baş­ga-da, 2022-nji ýyl­da Ma­ry şä­he­rin­de 300 müň ton­na am­miak se­lit­ra­sy­ny we 450 müň ton­na kar­ba­mid ön­dür­ýän top­lu­myň gur­lu­şy­gy­na gi­ri­şi­ler. 2021-nji ýyl­da Türk­me­na­ba­dyň hi­mi­ýa za­wo­dy­nyň se­na­gat meý­dan­ça­syn­da her ýyl­da 300 müň ton­na kon­sent­rir­le­nen fos­for dö­kün­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­ny işe gi­riz­mek üçin düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry­ny öz­leş­dir­mek bel­le­nil­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da mi­ne­ral dö­kün­le­riň ön­dü­ril­ýän möç­ber­le­ri 2018-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 2024-nji ýyl­da 1,6 es­se ar­tar we 3 mil­lion 825 müň ton­na ýe­ti­ri­ler. Bu önüm­le­riň 74,5 gö­te­ri­mi da­şar­ky ba­zar­la­ra ibe­ri­ler. Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ata­my­rat şä­he­rin­de we Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ga­ra­bo­gaz şä­he­rin­de her bi­ri sa­gat­da 100 ýo­lag­ça hyz­mat ed­ýän hä­zir­ki za­man ho­wa men­zil­le­ri­ni gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di. Kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­ýän eme­li hem­ra­my­zyň älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­ka­ryl­ma­gy ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly döw­le­te öw­rü­len­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Mil­li kos­mos ul­ga­my­my­zy kä­mil­leş­dir­mek we ös­dür­mek üçin, 2018—2024-nji ýyl­lar­da 1 mil­liard 300 mil­lion ma­na­da go­laý düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­nük­dir­mek bel­le­nil­ýär. Şol dö­wür­de ýe­rüs­ti gö­zeg­çi­li­gi ge­çir­mä­ge ni­ýet­le­nen ýe­ne-de bir eme­li hem­ra­ny dö­ret­mek we älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­kar­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu bol­sa oba ho­ja­ly­gyn­da, ne­bit se­na­ga­tyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re we daş­ky gur­şa­wa gö­zeg­çi­lik et­mä­ge şert dö­re­der di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Ýur­du­myz­da In­ter­net ul­ga­my­nyň hem­me­le­re el­ýe­ter­li bol­ma­gy yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ni çalt­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Iň ýö­ne­keý ha­sap­la­ma­la­ra gö­rä, 2045-nji ýy­la çen­li bü­tin dün­ýä bo­ýun­ça 100 mil­liard­dan gow­rak en­jam In­ter­net ul­ga­my­na bi­rik­di­ri­ler. Mu­ňa yk­jam we gö­te­ril­ýän en­jam­lar, ab­zal­lar, luk­man­çy­lyk hem-de se­na­gat gu­ral­la­ry, howp­suz­lyk en­jam­la­ry, aw­to­mo­bil­ler, egin­baş­lar we beý­le­ki teh­no­lo­gi­ýa­lar hem de­giş­li­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow oý­la­ny­şyk­ly çöz­güt­le­ri ka­bul et­mek we daş-tö­we­rek­de bo­lup geç­ýän wa­ka­la­ra has düýp­li dü­şün­mek üçin mag­lu­mat­lar teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ul­ga­myn­da soň­ky ýyl­lar­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­riň ägirt uly äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çe­kip, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry­na, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­ne, Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­na In­ter­net ul­ga­my­ny ös­dür­mek, elekt­ron se­na­ga­ty­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça ýö­ri­te mak­sat­na­ma taý­ýar­la­ma­gy tab­şyr­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, ýa­kyn wagt­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da hem köp möç­ber­de ma­ýa go­ýum­la­ry­ny öz­leş­dir­mek we hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Dur­muş me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni çalt­lan­dyr­mak Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ka­bul eden Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ama­la aşy­ry­lar. Ýur­du­myz­da 2018—2024-nji ýyl­lar­da or­ta­ça zäh­met ha­ky her ýyl 10 gö­te­rim ar­tar. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek we ony hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry bi­len üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry­ny gur­mak, düýp­li abat­la­mak hem-de ola­ryň dur­ku­ny tä­ze­le­mek iş­le­ri do­wam et­di­ri­ler, tä­ze gur­lu­şyk­la­ryň ha­sa­by­na be­den­ter­bi­ýe we sport des­ga­la­ry­nyň hem-de bi­na­la­ry­nyň ul­ga­my­ny gi­ňelt­mek bo­ýun­ça çä­re­ler hem dur­mu­şa ge­çi­ri­ler. Ýur­du­myz­da bel­le­ni­len dö­wür­de bi­lim ul­ga­my­nyň äh­li bas­gan­çak­la­ry­ny döw­re­bap ýag­da­ýa ge­tir­mek bo­ýun­ça iş­ler do­wam et­di­ri­ler. Ho­ja­ly­gy ýö­ret­me­giň döw­le­te da­hyl­syz we ga­ry­şyk pu­da­gy­nyň bin­ýa­dyn­da or­ta hem-de ýo­ka­ry hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň ul­ga­my­ny gi­ňelt­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, tö­leg­li bi­lim al­mak ul­ga­my hem ös­dü­ri­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da­ky ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­ler ba­ra­da aý­dyp, me­de­ni­ýet we çe­per dö­re­di­ji­lik ul­gam­la­ry­ny döw­let ta­ra­pyn­dan mag­lu­mat bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň gö­rül­jek­di­gi­ni, in­no­wa­sion ösüş, me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň ila­ta el­ýe­ter­li bol­ma­gy­ny gi­ňelt­mek we dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ga­za­nan­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­mak üçin şert­le­riň dö­re­dil­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy. Mak­sat­na­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ýan döw­rün­de ila­tyň hal-ýag­da­ýy­ny has go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li çä­re­ler ama­la aşy­ry­lar. Hu­su­san-da, ýa­şa­ýyş-je­ma­gat hyz­mat­la­ry top­lu­my we aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün edi­len ýa­şa­ýyş jaý­la­ry gur­lar, dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň müň­ler­çe­si­ni, meý­da­ny mil­lion­lar­ça ine­dör­dül metr bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny bi­na et­mek, hä­zir­ki za­man in­že­ner­çi­lik kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry­ny çek­mek bel­le­nil­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, karz se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na gu­rul­ýan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň möç­be­ri ar­tar. Ýaş maş­ga­la­la­ry ýa­şa­ýyş jaý­la­ry bi­len üp­jün et­mek üçin, karz se­riş­de­le­ri­ni we ýer bö­lek­le­ri­ni ber­me­giň ul­ga­my yzy­gi­der­li ös­dü­ri­ler. Mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, ýa­kyn ýyl­la­ryň do­wa­myn­da hu­su­sy te­le­ke­çi­lik ul­ga­myn­da ki­çi we iri se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň ýüz­ler­çe­si­ni dö­ret­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şol dö­wür­de da­şa­ry ýurt we bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ry dö­ret­mek bo­ýun­ça hem düýp­li öz­gert­me­ler ge­çi­ri­ler. Ýur­du­myz­da ýö­ri­te yk­dy­sa­dy zo­lak­lar dö­re­di­ler. Iş­läp gel­ýän döw­let kär­ha­na­la­ry hu­su­sy­laş­dy­ry­lar hem-de paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri gu­ra­lar. Ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na geç­me­giň do­wa­myn­da düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ry­lar. Giň ge­rim­li şeý­le iş­le­ri ge­çir­me­giň ne­ti­je­sin­de, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de döw­le­te da­hyl­syz pu­da­gyň pa­ýy yzy­gi­der­li ar­tar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Ýur­du­my­zyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len, elekt­ro­mo­bil­le­ri ýyg­na­ýan bi­le­lik­dä­ki za­wo­dy gur­mak hem göz öňün­de tu­tul­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zy ýa­kyn 7 ýy­lyň do­wa­myn­da ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­na ün­si çe­kip, bu me­se­lä­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin mag­lu­mat­la­ryň ber­len­di­gi­ni aýt­dy hem-de Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry­nyň bu ba­ra­da öz pi­kir­le­ri­ni aýt­mak­la­ry­ny ha­ýyş et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam edip, fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne ýe­ne-de bir örän mö­hüm me­se­lä­niň gi­ri­zi­len­di­gi­ni bel­le­di. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň 2018-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­niň tas­la­ma­syn­da Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­ny taý­ýar­la­mak iş­jeň al­nyp ba­ryl­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy we onuň di­ňe aý­ry-aý­ry ugur­la­ry ba­ra­da du­rup geç­di. Bu me­se­le­de pu­dak­la­ry çalt we yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­giň ha­sa­by­na ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şi ga­zan­mak bi­ziň esa­sy mak­sa­dy­myz bo­lar di­ýip pi­kir ed­ýä­rin. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len we top­lum­la­ýyn ös­dür­mek bo­ýun­ça öz­gert­me­ler do­wam et­di­ril­me­li­dir. Bu öz­gert­me­ler hal­ka­ra we se­bit äh­mi­ýet­li giň ge­rim­li, aý­ra­tyn mö­hüm ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­ny göz öňün­de tut­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­dy. Ra­ýat­la­ry­my­zyň dur­muş aba­dan­çy­ly­gy­ny, hu­kuk­la­ry­nyň we bäh­bit­le­ri­niň go­ral­ma­gy­ny üp­jün et­mek Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy we ge­çen ýyl­lar­da bol­şy ýa­ly, 2018-nji ýyl­da hem bi­ziň alyp bar­ýan dur­muş sy­ýa­sa­ty­my­zyň ila­ty­my­zyň ýa­şaý­şy­nyň hi­li­ni we de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim, me­de­ni­ýet ul­gam­la­ry­nyň we hyz­mat­lar ul­ga­my­na de­giş­li beý­le­ki gör­nüş­dä­ki iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak esa­syn­da adam müm­kin­çi­li­gi­ni art­dyr­mak üçin şert­le­ri dö­ret­me­li­dir. Şo­ňa gö­rä-de, gel­jek ýyl­da dur­muş ul­ga­my­ny ma­li­ýe­leş­dir­me­giň muk­da­ry ýur­du­my­zyň Döw­let býu­je­ti­niň çyk­da­jy­la­ry­nyň umu­my möç­be­ri­niň 75—80 gö­te­ri­min­den az bol­ma­ly däl­dir. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň yg­ty­bar­ly ösü­şi­ne, ma­li­ýe we dur­muş dur­nuk­ly­ly­gy­na esas­lan­ýan ila­tyň gir­de­ji­le­ri­niň art­ma­gy we ýa­şa­ýyş jaý şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy üp­jün edil­me­li­dir. Şeý­le hem döw­let ta­ra­pyn­dan ene­li­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­mak bo­ýun­ça çä­re­ler gö­rül­me­li­dir. Zäh­met se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li do­lan­dyr­mak we zäh­met ba­za­ryn­da­ky me­se­le­le­ri çöz­mek, ra­ýat­la­ry­my­zyň zäh­met çek­mä­ge bo­lan kons­ti­tu­sion hu­kuk­la­ry­ny ama­la aşyr­mak üçin şert­le­ri dö­ret­mek me­se­le­le­ri bo­ýun­ça çä­re­le­ri ma­li­ýe­leş­dir­mek Döw­let býu­je­tin­de uly or­ny eýe­le­me­li­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy we äh­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry­na, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­ne gel­jek ýy­lyň Döw­let býu­je­ti­ni taý­ýar­la­ma­ga örän jo­gap­kär­li ga­rap, ony ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ka­bul et­me­gi tab­şyr­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz Ga­raş­syz­ly­gy­ny alan il­kin­ji dö­wür­ler­de hal­ky­my­za gaz, agyz su­wy, elekt­rik ener­gi­ýa­sy we na­har du­zy mugt be­ril­di. Je­ma­gat hyz­mat­la­ry üçin hem ujyp­syz tö­leg bel­len­di. Şol çyl­şy­rym­ly dö­wür­de bu çä­re­ler ra­ýat­la­ry­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş ýag­da­ýy­ny ýe­ňil­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­lip­di di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy we esa­sy se­bäp­le­riň ha­ta­ryn­da ma­li­ýe kyn­çy­lyk­la­ry­ny, şol san­da zäh­met hak­la­ry­ny tö­le­mek, ze­rur bo­lan der­man­la­ry sa­tyn al­mak, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry sak­la­mak üçin se­riş­de­le­riň ýe­ter­lik däl­di­gi­ni gör­kez­di. Bu bol­sa, ra­ýat­la­ry­my­zyň ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň şert­le­ri­ne uý­gun­laş­ma­gy üçin amat­syz ýag­da­ýy dö­red­ýär­di. Mu­nuň özi şeý­le aý­gyt­ly çä­re­le­riň gö­rül­me­gi­ne ge­tir­di. Hal­ky­myz köp se­riş­de­le­ri mugt ulan­dy we dün­ýä­niň baş­ga hiç bir döw­le­tin­de bol­ma­dyk dur­muş ýe­ňil­lik­le­rin­den peý­da­lan­dy. Bu çyk­da­jy­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let býu­je­tin­den ma­li­ýe­leş­dir­mek üçin ägirt köp ma­li­ýe se­riş­de­le­ri goý­be­ril­ýär. Ýö­ne, hä­zir­ki dö­wür­de bu ýe­ňil­lik­le­ri ýa­tyr­ma­gyň wag­ty gel­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na düýp­li go­şul­ma­gy mil­li baý­lyk­la­ry­my­zy aýaw­ly, re­je­li, tyg­şyt­ly we ýo­ka­ry ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gy ta­lap ed­ýär. Ila­tyň gir­de­ji­le­ri­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy, iş bi­len üp­jün­çi­li­gi­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy ozal mugt ber­len dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri üçin in­di bel­li bir de­re­je­de tö­leg­le­ri gi­riz­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu bol­sa, öň dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri bi­len bag­ly bo­lan pu­dak­la­ryň dü­şe­wünt­li iş­le­me­gi­ni ýo­la goý­mak üçin äh­li şert­le­ri dö­re­der di­ýip pi­kir ed­ýä­rin di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­my­zyň bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri te­bi­gy se­riş­de­le­ri­mi­zi sarp et­mek üçin tö­leg­le­ri bel­le­me­gi hem-de bar bo­lan ýe­ňil­lik­le­ri ýa­tyr­ma­gy yzy­gi­der­li mas­la­hat ber­ýän­dik­le­rin­den hem ugur alyn­sa, dog­ry bo­lar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gel­jek­de hyz­mat­lar, te­bi­gy gaz, elekt­rik ener­gi­ýa­sy, agyz su­wy we na­har du­zy üçin ka­da­ly tö­leg­le­riň tap­gyr­ma-tap­gyr gi­ri­zil­me­gi­niň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny aý­dyp, bu tek­li­biň gol­da­nyl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz ýe­ne-de bir mö­hüm me­se­le ba­ra­da du­rup geç­di. Adat­ça, ra­ýat­lar­dan ge­lip go­wuş­ýan ýüz­tut­ma­lar he­mi­şe de­giş­li eda­ra­lar ta­ra­pyn­dan sel­je­ril­ýär. Bu ýüz­tut­ma­la­ryň äh­li­si jik­me-jik öw­re­nil­ýär we olar bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. Soň­ky dö­wür­de ra­ýat­la­ry­myz­dan Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­ty­nyň hu­kuk ýag­da­ýy­ny üýt­get­mek we alyp bar­ýan işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça en­çe­me tek­lip­ler ge­lip go­wuş­dy di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di. Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­ty 2008-nji ýyl­dan bä­ri he­re­ket edip, ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm or­ny eýe­läp gel­ýär. Hal­ky­my­zyň däp-des­su­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýa­şu­lu­lar bi­len mas­la­hat­laş­man, hiç bir mö­hüm ka­nun ýa-da res­mi­na­ma ka­bul edil­me­ýär. Ge­çen dö­wür­de Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­tyn­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­mek hem-de ra­ýat­la­ry­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak bi­len bag­ly köp san­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy we örän mö­hüm çöz­güt­ler ka­bul edil­di. El­bet­de, bu res­mi­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zy ös­dür­mek­de hem, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy üçin hem oňyn ne­ti­je­le­ri ber­di. Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­ty­nyň döw­le­ti­miz­de eýe­le­ýän or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz onuň hu­kuk ýag­da­ýy­ny üýt­get­me­gi we gur­lu­şy­ny öz­gert­me­gi tek­lip et­di. Bu mas­la­ha­ty Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty di­ýip at­lan­dyr­sak, şeý­le hem onuň işi­ne hal­ky­my­zyň äh­li gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gy­ny üp­jün et­mek üçin, dü­zü­mi­ni gi­ňelt­sek, mak­sa­da­la­ýyk bo­lar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy. Şeý­le hem, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ýer­li eda­ra­la­ry­ny dö­ret­mek ze­rur bo­lup dur­ýar. Bu ba­ra­da aýt­mak bi­len, men hä­zir­ki wagt­da he­re­ket ed­ýän et­rap, şä­her hem-de we­la­ýat halk mas­la­hat­la­ry­ny göz öňün­de tut­ýa­ryn. We­kil­çi­lik­li bu eda­ra­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ýer­li eda­ra­la­ry hök­mün­de res­mi­leş­dir­sek, biz ola­ryň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin şert­le­ri dö­re­de­ris di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Bu we­zi­pe­le­ri ama­la aşyr­mak üçin, de­giş­li ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­ny ka­bul et­mek ze­rur­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di we Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­ne, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry­na we Ada­lat mi­nistr­li­gi­ne de­giş­li res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça tek­lip­le­ri ber­me­gi tab­şyr­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow çy­ky­şy­ny jem­läp, şu mej­lis­de ga­ra­mak üçin ýo­kar­da ag­za­lyp ge­çi­len res­mi­na­ma­la­ryň hö­dür­le­nen­di­gi­ni nyg­ta­dy. Ola­ry Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty ma­kul­lan­dan soň ka­bul et­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu işi gaý­ra goý­man, ýe­ri­ne ýe­tir­me­li. Se­bä­bi, wagt ga­raş­ma­ýar. Öň­de bi­ze uly we jo­gap­kär­li we­zi­pe­ler ga­raş­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy hem-de bu tek­lip­le­ri do­ly öw­ren­me­giň hem-de umu­my­mil­li fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň öz pi­kir­le­ri­ni aýt­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Eger ze­rur di­ýip ha­sap et­sek, on­da bu tek­lip­le­re de­giş­li üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­ri­ze­ris. Ýa­şu­lu­la­ryň şu mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­sin­den öz mas­la­ha­ty­ny ge­çir­me­gi hem-de de­giş­li res­mi­na­ma­la­ra se­ret­me­gi we ola­ry ka­bul et­me­gi ha­ýyş ede­ris di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow saý­law­lar ha­kyn­da­ky me­se­lä ün­si çe­kip, 2018-nji ýyl­da biz Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň, we­la­ýat, et­rap we şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň, şeý­le hem Ge­ňeş­le­riň ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry­ny ge­çi­re­ris di­ýip, bu saý­law­la­ra hä­zir­den taý­ýar­lyk gö­rüp baş­la­ma­gy tab­şyr­dy. Sö­zü­niň ahy­ryn­da mil­li Li­de­ri­miz bi­ziň uzak möh­let­li örän mö­hüm mak­sat­la­ry­my­zyň, da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­my­zyň mun­dan beý­läk hem üýt­gew­siz gal­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.”Se­bä­bi, biz de­mok­ra­tik döw­le­ti­mi­ziň, ada­lat­ly ra­ýat jem­gy­ýe­ti­mi­ziň hu­kuk bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­mek hem-de kä­mil­leş­dir­mek üçin, dö­re­di­ji­lik we pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji ýö­rel­ge­le­re eýer­ýän Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň Ýer ýü­zün­dä­ki at-ab­ra­ýy­ny mun­dan beý­läk-de ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we ynam­ly öňe git­mä­ge yg­rar­ly­dy­rys” di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy. “Biz öz sö­zü­miz, ja­ny­myz-te­ni­miz we şöh­rat­ly iş­le­ri­miz bi­len, aja­ýyp gel­je­gi­miz üçin Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­za, mäh­ri­ban hal­ky­my­za ýü­rek­den hyz­mat et­me­li­di­ris. Bi­ziň hä­zir­ki we gel­jek­dä­ki üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň gi­re­wi, ine, şun­da jem­le­nen­dir” di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ra berk jan sag­lyk, uzak ömür, bag­ty­ýar dur­muş we asu­da as­man, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň ha­ty­ra­sy­na alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. “Goý, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň we ag­zy­bir hal­ky­my­zyň at-ab­ra­ýy we şan-şöh­ra­ty älem-ja­ha­na ýaň sal­syn! Goý, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gyň röw­şen ýo­ly bi­len ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ynam­ly bar­ýan eziz Di­ýa­ry­myz mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­sün! Goý, Türk­men döw­le­ti­niň hal­ka­ra ab­ra­ýy Ýer ýü­zü­ne dol­sun! Ýa­şa­syn, eziz Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan! Ýa­şa­syn, ba­ky sars­maz Türk­men döw­le­ti! Ýa­şa­syn, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­ri! Ýa­şa­syn, Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan!” di­ýen ru­hu­be­lent­lik­li söz­ler bi­len çy­ky­şy­ny ta­mam­la­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şy uly üns bi­len diň­le­nil­di we do­wam­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­lan­dy. Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz umu­my­mil­li fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga gi­riş­me­gi tek­lip et­di we mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra söz ber­di. Il­ki bi­len Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ar­ça­bil et­ra­by­nyň ýa­şaý­jy­sy, hor­mat­ly dynç alyş­da­ky Şa­ber­di Aman­sa­pa­row mil­li Li­de­ri­mi­zi we bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ry ýa­kyn­la­şyp gel­ýän Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy we “Now­ruz ýaý­la­sy­nyň Ak öýün­de” ge­çi­ril­ýän bu mej­li­siň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň il­ki Ma­ry we­la­ýa­tyn­da, soň­ra bol­sa Ahal we­la­ýa­tyn­da şu­nuň ýa­ly bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy ha­kyn­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­nyň türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly pe­der­le­ri­niň ru­hy kök­le­ri­ne da­ýan­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le hem ol şu­nuň ýa­ly aja­ýyp bi­na­ny gur­du­ran­dy­gy üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, pe­der­le­ri­mi­ziň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­mek bi­len, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň hal­kyň aba­dan­çy­ly­gy­na gö­nük­di­ri­len äh­li mak­sat­na­ma­la­ryň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýa­şu­lu­lar bi­len mas­la­hat­laş­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň şu gün­ki çy­ky­şy­nyň çuň­ňur ma­na eýe­di­gi­ni we ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­läp, Ş.Aman­sa­pa­row äh­li ýa­şu­lu­la­ryň adyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tä­ze baş­lan­gyç­la­ry­ny we Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri­ni do­ly gol­da­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Mas­la­ha­tyň mej­li­si­ne ila­tyň äh­li gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gy ýur­du­myz­da halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­niň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Ýa­şu­ly nes­liň we­ki­li­niň bel­leý­şi ýa­ly, gül­läp ös­ýän Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly köp san­ly des­ga­lar gu­rul­ýar we ulan­ma­ga be­ril­ýär. Bu bol­sa adam­la­ryň dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. Ýa­şu­lu­la­ryň döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň mil­li baý­lyk­la­ry­my­zy ne­ti­je­li we aýaw­ly peý­da­lan­mak, ozal ýe­ňil­lik­li şert­ler­de be­ril­ýän te­bi­gy ga­za, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na, aras­sa agyz su­wu­na, azyk­lyk du­za do­ly tö­le­gi gi­riz­mek, şeý­le hem jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry, ara­gat­na­şyk we je­ma­gat hyz­mat­la­ry­nyň tö­leg­le­ri­ne tä­ze­den se­ret­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly tek­lip­le­ri­ni do­ly gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny nyg­ta­dy. Ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na ge­çil­ýän dö­wür­de mu­nuň özi ila­tyň aba­dan­çy­lyk de­re­je­si­niň ýo­ka­ry­ly­gy bi­len dü­şün­di­ril­ýär. Mun­dan baş­ga-da, Ş.Aman­sa­pa­row ýur­du­my­zyň dür­li de­re­je­dä­ki döw­let eda­ra­la­ry­nyň gul­luk­çy­la­ry üçin göz öňün­de tu­tu­lan ýe­ňil­lik­le­re tä­ze­den se­ret­me­giň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Bu bol­sa tyg­şyt­la­ny­lan se­riş­de­le­ri ra­ýat­la­ryň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça beý­le­ki mö­hüm we­zi­pe­le­riň çöz­gü­di­ne gö­nük­di­ril­me­gi­ne ýar­dam be­rer. Jem­gy­ýet­çi­lik ula­gy­nyň, ara­gat­na­şy­gyň we je­ma­gat ho­ja­ly­gy­nyň hyz­mat­la­ry­na goý­lan ba­ha­la­ra tä­ze­den se­re­dil­me­gi bu pu­dak­la­ryň yk­dy­sa­dy ýag­da­ýy­nyň pug­ta­lan­ma­gy­ny şert­len­di­rer. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ol hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu tek­li­bi gol­da­mak ba­ra­da­ky ha­ýyş bi­len ýüz tut­dy. Soň­ra ol türk­men hal­ky­nyň mil­li Li­de­ri­mi­ziň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry­ny do­ly gol­da­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýaş­la­ryň be­den taý­dan sag­dyn, ru­hy taý­dan kä­mil we bi­lim­li bol­mak­la­ry, ola­ra zäh­met hem-de wa­tan­sö­ýü­ji­lik ter­bi­ýe­si­niň be­ril­me­gi ug­run­da yzy­gi­der­li ala­da ed­ýär. Ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­nyň uly üs­tün­lik­le­re eýe bol­ma­gy, türk­men tür­gen­le­ri­niň aja­ýyp ýe­ňiş­le­ri ga­zan­ma­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň giň möç­ber­li ta­gal­la­sy­nyň anyk ne­ti­je­si­dir. Ýur­du­my­zyň ýaş ne­sil­le­ri ha­kyn­da yzy­gi­der­li ala­da ed­ýän mil­li Li­de­ri­mi­ze çuň­ňur ho­şal­lyk bil­dir­ýän ýa­şu­ly nes­liň we­kil­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ama­la aşyr­ýan dö­re­di­ji­lik sy­ýa­sa­ty­nyň, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň giň­den wa­gyz edil­me­gi we ola­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ug­run­da mun­dan beý­läk-de äh­li ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­maz­lar di­ýip, Ş.Aman­sa­pa­row bel­le­di. Çy­kyş ede­niň nyg­taý­şy ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz adam­la­ryň aba­dan we bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len ägirt uly iş­le­ri ama­la aşyr­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de eziz Di­ýa­ry­my­zyň keş­bi ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­di. Bi­ziň äh­li­miz Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de ösen kuw­wat­ly we aba­dan döw­let hök­mün­de bü­tin dün­ýä­de meş­hur­ly­ga eýe bol­ýan­dy­gy­nyň şa­ýat­la­ry bol­ýa­rys. Ş.Aman­sa­pa­row bu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, ýa­şu­lu­la­ryň adyn­dan Ga­raş­syz we Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny mun­dan beý­läk-de art­dyr­mak bo­ýun­ça bi­ti­ren hyz­mat­la­ry hem-de ägirt uly iş­le­ri üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ikin­ji ge­zek Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny di­ýen be­lent ady dak­mak ha­kyn­da­ky tek­li­bi be­ýan et­di we ony gol­da­mak ha­ýy­şy bi­len ýyg­na­nan­la­ra ýüz­len­di. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, hor­mat­ly ýa­şu­ly mil­li Li­de­ri­mi­ze iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny aýt­dy we çy­ky­şy­ny Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ze ba­gyş­la­nan joş­gun­ly şy­gyr se­tir­le­ri bi­len ta­mam­la­dy. Soň­ra «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­ni­niň Türk­me­na­bat­da­ky S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky hi­mi­ýa za­wo­dy­nyň baş hü­när­me­ni Ber­di­my­rat Ju­ma­ýe­we söz be­ril­di. Ol fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­niň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň maz­mu­ny bo­ýun­ça hal­ky­my­zyň bäh­bi­di­ne ýug­ru­lan çuň ma­ny­ly çy­ky­şy­ny ru­hu­be­lent­lik bi­len diň­län­dik­le­ri­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möç­ber­li öz­gert­me­ler stra­te­gi­ýa­sy­nyň, şeý­le hem ýur­du­my­zy 2018—2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň do­ly gol­da­nyl­ýan­dy­gy be­ýan edil­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ka­bul edi­len top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma­la­ryň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de ös­me­gi­ni şert­len­dir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tä­ze za­wod­la­ryň we fab­rik­le­riň, beý­le­ki önüm­çi­lik des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na aý­ra­tyn üns ber­ýär. Mu­nuň özi ila­ty­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň has-da ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si eziz Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­dy. Hi­mi­ýa pu­da­gy­nyň iş­gär­le­ri mu­ňa tüýs ýü­rek­den buý­san­ýar­lar. Çy­kyş eden yk­dy­sa­dy­ýet­de yl­myň mö­hüm or­ny ba­ra­da aý­dyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan­da se­na­gat ul­ga­myn­da, şol san­da hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da yl­my kuw­wa­tyň or­nu­nyň art­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Içer­ki is­leg­le­ri ka­na­gat­lan­dyr­mak hem-de da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän önüm­le­riň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, mi­ne­ral dö­kün­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri­ni çy­kar­ýan, iň tä­ze en­jam­lar we öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edi­len döw­re­bap kär­ha­na­la­ry gur­mak hem-de ulan­ma­ga ber­mek pu­da­gy ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu­la­ryň äh­li­si ýur­du­my­zyň önüm­le­ri­niň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, ola­ryň ýer­le­nil­ýän ba­zar­la­ry­ny gi­ňelt­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer hem-de özyg­ty­ýar­ly döw­le­ti­mi­ziň iň tä­ze ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lar. Pu­da­gyň iş­gär­le­ri­niň Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­tyn­da öňe sür­len äh­li tek­lip­le­ri do­ly gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny aý­dyp, B.Ju­ma­ýew kär­deş­le­ri­niň adyn­dan öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy. Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň iş­gä­ri Hal­bi­bi Täç­ja­no­wa söz be­ril­ýär. Ol yk­dy­sa­dy­ýet ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň adyn­dan mil­li Li­de­ri­mi­zi we fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­ni Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, dur­muş ugur­ly mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ok­gun­ly ös­dü­ril­me­gi hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň dur­muş-ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň» dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de oba­la­ry­myz­da şä­her­dä­ki ýa­ly oňaý­ly şert­ler dö­re­dil­ýär we ola­ryň keş­bi düýp­li öz­ger­ýär. Türk­men hal­ky bu aja­ýyp hem-de bag­ty­ýar dur­muş üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za çäk­siz ho­şal­lyk bil­dir­ýär di­ýip, H.Täç­ja­no­wa aýt­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şyn­da anyk tek­lip­le­riň en­çe­me­si­niň öňe sür­len­di­gi­ni bel­läp, çy­kyş eden “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018—2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­ny” do­ly gol­da­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Bu mak­sat­na­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi tä­ze sep­git­le­re çy­ka­rar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan­da iş­jeň ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi nyg­tal­dy. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne her ýyl ägirt uly se­riş­de­ler goý­be­ril­ýär. Zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy we içer­ki kuw­wa­tyň art­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni ýo­ka­ry de­re­je­de sak­lan­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şy­ga­ry yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­me­gi äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ok­gun­ly yk­dy­sa­dy ösü­şi hem-de türk­me­nis­tan­ly­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­ny şert­len­dir­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­ni ös­dür­mä­ge uly üns ber­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Hu­su­san-da, 2018-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­niň çyk­da­jy bö­le­gi­niň 70 gö­te­rim­den gow­ra­gy ila­tyň dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­me­gi ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir, Türk­me­nis­ta­nyň her bir et­ra­byn­da we şä­he­rin­de ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny, şol san­da köp ça­ga­ly maş­ga­la­lar hem-de ýaş hü­när­men­ler üçin ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny gur­mak üçin se­riş­de­ler göz öňün­de tu­tu­lan­dyr. Çy­ky­şyň do­wa­myn­da H.Täç­ja­no­wa ra­ýat­la­ryň Wa­ta­ny­my­zyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny re­je­li ulan­ma­ga jo­gap­kär­li çe­me­leş­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne geç­mek şert­le­rin­de türk­men yk­dy­sa­dy­ýet­çi­le­ri­niň umu­my­mil­li fo­rum­da ila­ta be­ril­ýän dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri ul­ga­my­na we je­ma­gat hyz­mat­la­ry­nyň hem-de ne­bit önüm­le­ri­niň de­giş­li ba­ha­la­ry­na tä­ze­den ga­ra­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi­ni do­ly gol­da­ýan­dyk­la­ry nyg­tal­dy. Bu çä­re­ler ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de döw­let se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­mak üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­re­der. Çy­kyş eden­le­riň bel­leý­şi ýa­ly, yk­dy­sa­dy ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny, şeý­le hem Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň şu gün­ki mej­li­sin­de öňe sür­len tek­lip­le­riň äh­li­si­ni do­ly gol­da­ýar­lar we ma­kul­la­ýar­lar. H.Täç­ja­no­wa çy­ky­şy­ny ta­mam­lap, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň işi eziz Wa­ta­ny­my­zyň we hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da ba­gyş­la­nan­dyr. Soň­ra Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň baş me­ha­ni­gi­niň orun­ba­sa­ry Al­la­my­rat Täç­my­ra­do­wa söz be­ril­di. Ol Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­lyn­da, eziz Wa­ta­ny­my­zyň şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän bu mö­hüm fo­rum­da çy­kyş et­mä­ge dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin örän şat­dy­gy­ny aýt­dy. Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň we­ki­li­niň nyg­taý­şy ýa­ly, şu gün ýur­du­my­zyň ta­ry­hyn­da tä­ze bag­ty­ýar eý­ýa­my dö­re­di­ji hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ikin­ji ge­zek Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny di­ýen be­lent ady dak­mak ha­kyn­da­ky tek­lip öňe sü­rül­di. Bu tek­li­bi ne­bit­gaz top­lu­my­nyň äh­li iş­gär­le­ri tüýs ýü­rek­den gol­da­ýar­lar hem-de il­deş­le­ri­mi­ziň äh­li­si­ni ony gol­da­ma­ga ça­gyr­ýar­lar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýan­gyç-ener­ge­ti­ka ul­ga­my­nyň ok­gun­ly ös­me­gi­ne uly üns ber­ýär. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan bu ul­ga­ma ägirt uly ma­ýa se­riş­de­le­ri goý­be­ril­ýär. Türk­men ne­bit­çi­le­ri iň tä­ze teh­ni­ka­lar we en­jam­lar bi­len üp­jün edil­ýär. Şu­nuň ne­ti­je­sin­de sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gyn­da tä­ze ýer­ler üs­tün­lik­li öz­leş­di­ril­ýär we he­re­ket ed­ýän ne­bit­gaz ýa­tak­la­ry­nyň dur­ky tä­ze­len­ýär. Şeý­le­lik­de , “ga­ra al­ty­nyň” hem-de “ma­wy ýan­gy­jyň” çy­ka­ry­ly­şy art­dy­ryl­ýar we bi­ziň ýur­du­myz dün­ýä­niň ener­ge­ti­ka döw­let­le­ri­niň ha­ta­ryn­da go­şul­ýar di­ýip, A.Täç­my­ra­dow nyg­ta­dy. Ýur­du­myz­da çig ne­bi­tiň çy­ka­ry­ly­şy­nyň, onuň gaý­ta­dan iş­len­ýän möç­ber­le­ri­niň, ne­bit önüm­le­ri­niň eks­por­tu­nyň art­dy­ryl­ma­gy Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň mun­dan beý­läk-de gi­ňel­dil­me­gi­ni, ýo­ka­ry hil­li önüm­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri­niň çy­ka­ryl­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän iň döw­re­bap se­na­gat des­ga­la­ry­ny ulan­ma­ga ber­me­giň ha­sa­by­na onuň dü­zü­mi­niň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öň­den gö­rü­ji­lik­li ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de iç­ki hem-de dün­ýä ba­zar­la­ryn­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan ha­ryt­la­ry ön­dür­mek we ýer­le­mek bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­lar üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­de gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­nyň ýo­ka­ry dep­gin­de gu­rul­ma­gy, Bag­ty­ýar­lyk şert­na­ma­la­ýyn çäk­de ga­zy gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wo­dyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi mil­li Li­de­ri­mi­ziň ama­la aşyr­ýan giň möç­ber­li iş­le­ri­niň aý­dyň ne­ti­je­si­dir. Ägirt uly Gal­ky­nyş gaz oja­gyn­da ha­ryt­lyk ga­zy ön­dür­ýän za­wo­dyň düý­bi tu­tul­dy, Ahal we­la­ýa­tyn­da “ma­wy ýan­gy­jy” gaý­ta­dan iş­le­mek ar­ka­ly ben­zin ön­dür­ýän za­wo­dyň gur­lu­şy­gy güýç­li dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýar. Bu­la­ryň äh­li­si ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz pu­da­gy­ny tä­ze be­lent­lik­le­re alyp bar­ýar, Türk­me­nis­ta­nyň se­na­gat taý­dan ösen döw­le­te öw­rül­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na sal­dam­ly go­şant goş­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň pu­dak­la­ýyn dü­zü­mi­ni mun­dan beý­läk-de yzy­gi­der­li ös­dür­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li çä­re­ler gö­rül­ýär. Hä­zir­ki wagt­da şeý­le hem Türk­me­nis­tan —Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy ama­la aşy­ryl­ýar. Mu­nuň özi döw­let­le­riň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, dost­luk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. A.Täç­my­ra­do­wyň bel­leý­şi ýa­ly, ýur­du­myz ägirt uly te­bi­gy baý­lyk­la­ra eýe­dir. Ýö­ne, ba­zar gat­na­şyk­la­ry şert­le­rin­de yk­dy­sa­dy ösüş di­ňe şu ýag­da­ýa bag­ly bol­ma­ly däl­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ne­bit­gaz pu­da­gy­nyň we­ki­li öz kär­deş­le­ri­niň adyn­dan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň çy­ky­şyn­da ila­ta be­ril­ýän dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri­ne gaý­ta­dan ga­ra­mak, de­giş­li nyrh­lar bel­le­nen­de hal­ky­my­zyň we döw­le­ti­mi­ziň bäh­bit­le­ri­niň na­za­ra alyn­ma­gy ba­ra­da be­ýan edi­len tek­li­bi do­ly gol­da­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, çy­kyş eden türk­men ne­bit­çi­le­ri­niň adyn­dan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hal­ky­myz ba­ra­da hem­me­ta­rap­la­ýyn ala­da ed­ýän­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za berk jan sag­lyk, uzak ömür we eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan ägirt uly iş­le­rin­de tä­ze aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. Soň­ra çy­kyş eden Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ha­laç et­ra­by­nyň ýa­şaý­jy­sy, pen­sio­ner Ogul­sa­par Ça­ry­ýe­wa Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de döw­le­ti­mi­ziň hem­me­ta­rap­la­ýyn ala­da et­me­gi ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan­da hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi hem-de göw­ne­jaý dynç al­mak­la­ry üçin äh­li şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Ýa­şu­ly nes­liň döw­let dur­mu­şy­na iş­jeň gat­naş­ma­gy, onuň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len ne­ti­je­li çä­re­ler gö­rül­ýär. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da jem­gy­ýet­de ag­zy­bir­li­gi we yla­la­şyk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, ýaş­la­ry wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mä­ge my­na­syp go­şant goş­ýan ýa­şu­lu­la­ra sar­pa goý­mak ba­ra­da­ky ga­dym­dan gel­ýän mil­li däp­ler üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. We­la­ýat­lar bo­ýun­ça ama­la aşyr­ýan iş sa­par­la­ry­nyň bar­şyn­da mil­li Li­de­ri­miz öz iş­le­rin­de hem-de äh­li baş­lan­gyç­la­ryn­da hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar bi­len he­mi­şe mas­la­hat­laş­ýar di­ýip, çy­kyş eden bel­le­di we şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. Ýa­şu­ly nes­liň we­ki­li Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň şu gün­ki mej­li­sin­de eziz Wa­ta­ny­my­zyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­lip öňe sür­len tek­lip­le­riň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, kü­müş saç­ly ene­le­ri­mi­ziň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sür­ýän dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň äh­li­si­ni gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny nyg­ta­dy. Umu­my­mil­li fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek we Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi­ni gol­dap, ila­tyň dür­li gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň umu­my­mil­li fo­ru­ma gat­naş­ma­gy­nyň mil­li Li­de­ri­mi­ziň türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan gel­ýän de­mok­ra­tik däp­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­nyň no­bat­da­ky aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Halk Mas­la­ha­tyn­da döw­let dur­mu­şy­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar. Çy­kyş eden şeý­le hem ýa­şu­ly nes­liň we­kil­le­ri­niň ila­tyň ara­syn­da te­bi­gy ga­zy, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny we beý­le­ki mil­li baý­lyk­la­ry aýaw­ly ulan­ma­gyň ze­rur­ly­gy ba­ra­da­ky dü­şün­di­riş iş­le­ri­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge iş­jeň gat­naş­jak­dy­gy­na ynan­dyr­dy. Döw­le­ti­mi­ziň ed­ýän ýa­daw­syz ala­da­sy­na jo­gap edip, kü­müş saç­ly ene­ler hem-de ýa­şu­lu­lar ýaş nes­li ha­ky­ky wa­tan­çy­lyk hem-de zäh­met­sö­ýer­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mä­ge, hä­zir­ki dö­wür­de hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk däp­le­ri­ni aýaw­ly sak­la­ma­ga we do­wam et­dir­mä­ge my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Ze­nan­la­ra hor­mat goý­mak, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň wes­ýet­le­ri­ne we­pa­ly bol­mak şol däp­le­riň ara­syn­da aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär. Çy­ky­şyň ahy­ryn­da O.Ça­ry­ýe­wa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny di­ýen be­lent ady ikin­ji ge­zek ber­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi gol­dap, mil­li Li­de­ri­mi­zi ýur­du­my­zyň ýe­tip gel­ýän baş baý­ra­my bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy we berk jan sag­lyk, uzak ömür hem-de alyp bar­ýan asyl­ly iş­le­rin­de tä­ze aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. Soň­ra Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­by­nyň «Pa­ra­hat» daý­han bir­le­şi­gi­niň kä­ren­de­çi­si Il­my­rat Ab­dy­low çy­kyş edip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi hem-de türk­men tür­gen­le­ri­niň ga­za­nan ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri bi­len gut­la­dy. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň pa­ra­sat­ly we öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ugur­la­ryn­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy. Ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk pu­da­gy hem ok­gun­ly ös­ýär. Daý­han­lar üçin ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­lar, gu­ral­lar, ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar, dö­kün­ler we beý­le­ki ze­rur zat­lar alyn­ýar. Pu­da­ga yl­myň ga­za­nan­la­ry­ny hem-de tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ýa­kyn­da kuw­wat­ly gal­la oru­jy hem-de pag­ta ýy­gy­jy kom­baýn­la­ryň, trak­tor­la­ryň köp san­ly­sy­nyň ge­lip go­wuş­ma­gy hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Oba zäh­met­keş­le­ri­niň äh­li­si­niň adyn­dan I.Ab­dy­low mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­ry­hy çy­ky­şyn­da “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018—2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­ny” ka­bul et­mek ba­ra­da be­ýan edi­len tek­li­bi do­ly gol­da­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Daý­han­lar mun­dan beý­läk hem oba ho­ja­ly­gyn­da tä­ze sep­git­le­re ýet­mek, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça öz öň­le­rin­de goý­lan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry eder di­ýip, kä­ren­de­çi aýt­dy. Fo­ru­ma gat­na­şy­jy çy­ky­şy­ny do­wam edip, hä­zir­ki wagt­da oba ho­ja­ly­gyn­da hu­su­sy bö­lü­miň pa­ýy­nyň art­ýan­dy­gy­nyň, ýe­ri uzak­möh­let­li kä­ren­de­si­ne ber­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Mu­nuň özi bol­sa daý­han­la­ryň has-da tu­tan­ýer­li zäh­met çek­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär, iri daý­han ho­ja­lyk­la­ry­nyň ýüz­ler­çe­si peý­da bol­ýar. Şeý­le­lik­de, ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ge­çil­me­gi gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­le­ri ber­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz top­ra­gyň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, su­wy re­je­li ulan­mak, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­na aýaw­ly ga­ra­mak me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­ýär di­ýip, I.Ab­dy­low nyg­ta­dy. Türk­men eke­ran­çy­la­ry bu ala­da ýo­ka­ry ba­ha ber­mek bi­len, ho­ja­ly­gy ýö­ret­me­giň dür­li usul­la­ry­ny ulan­ýar­lar, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ön­dü­ri­ji­li­gi­ni art­dyr­ýar­lar, eke­ran­çy­la­ryň me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar­lar. Daý­han­lar sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gyn­dan bol ha­syl al­ýar­lar. Döw­le­ti­mi­ziň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­na hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy dö­re­dil­ýär, ila­ty­myz eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­ler bi­len üp­jün edil­ýär. Oba ýa­şaý­jy­la­ry­nyň dur­muş şert­le­ri yzy­gi­der­li go­wu­lan­ýar, we­la­ýat­la­ryň äh­li­sin­de tä­ze döw­re­bap oba­lar gu­rul­ýar, şä­her­ler we et­rap­lar aba­dan­laş­dy­ryl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy we türk­men hal­ky­ny ýe­tip gel­ýän baý­ram — mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gyň 26 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­lap, I.Ab­dy­low oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň äh­li iş­gär­le­ri­niň adyn­dan mil­li Li­de­ri­mi­ze daý­han­la­ryň ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi üçin dö­re­di­len giň müm­kin­çi­lik­le­ri üçin ho­şal­lyk bil­dir­di. Çy­ky­şyň ahy­ryn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za al­kyş söz­ler aý­dyl­dy. Soň­ra Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň We­kil­ba­zar et­ra­byn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy Toý­ly Ça­ry­ýe­we söz be­ril­di. Te­le­ke­çi­niň bel­leý­şi ýa­ly, Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň paý­has­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Türk­me­nis­tan tä­ze sep­git­le­ri eýe­le­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň “Döw­let adam üçin­dir!” şy­ga­ry­ny esa­sy ugur edin­ýän we dur­muş ul­ga­my­na gö­nük­di­ri­len sy­ýa­sa­ty­nyň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň beý­le­ki pu­dak­la­ry bi­len bir ha­tar­da ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­lik ul­ga­my saz­la­şyk­ly ösüş ýo­lu­na düş­di. Hu­su­sy te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi onuň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­gy­ny şert­len­dir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­me­gi ne­ti­je­sin­de türk­men te­le­ke­çi­le­ri gys­ga döw­rüň için­de oba ho­ja­ly­gyn­da, se­na­gat­da, gur­lu­şyk­da we hyz­mat­lar ul­ga­myn­da uly üs­tün­lik­le­re eýe bol­dy. De­giş­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi, hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­re döw­let ta­ra­pyn­dan ýe­ňil­lik­li karz se­riş­de­le­ri­niň, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mek üçin ýer bö­lek­le­ri­niň be­ril­me­gi ne­ti­je­li iş üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­dy. Türk­me­nis­ta­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan öz­gert­me­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne iş­jeň gat­na­şyp, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­na öz go­şan­dy­ny goş­ýar­lar di­ýip, T.Ça­ry­ýew bel­le­di. Olar hä­zir­ki­za­man şä­her­le­ri­ni, oba­la­ry, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny, köp­san­ly dur­muş-me­de­ni mak­sat­ly des­ga­la­ry gur­ýar­lar. Paý­tag­ty­myz­da we ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýän des­ga­lar mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Te­le­ke­çi­niň aý­dy­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­gi ös­dür­mek bo­ýun­ça hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­de go­ýan we­zi­pe­le­rin­den ruh­la­nyp, hu­su­sy te­le­ke­çi­ler soň­ky ýyl­lar­da oba­se­na­gat top­lu­myn­da has-da iş­jeň­lik gör­kez­ýär­ler. Mi­we önüm­le­ri­niň we ir-iý­miş­le­riň bol­çu­ly­gy üp­jün edil­ýär. Yl­myň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­nyň giň­den ula­nyl­ma­gy, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň öw­re­nil­me­gi we ýo­ka­ry hil­li ekiş se­riş­de­le­ri­niň ula­nyl­ma­gy özü­niň oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär. Ila­ty tu­tuş ýy­lyň do­wa­myn­da gök we bak­ja önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mek ug­run­da eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len bir ha­tar­da ýy­la­dyş­ha­na ho­ja­lyk­la­ry ös­dü­ril­ýär we oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň sak­lan­ma­gy­na hem-de gaý­ta­dan iş­len­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Şeý­le hem T.Ça­ry­ýew öz çy­ky­şyn­da suw­dan re­je­li peý­da­lan­mak ba­ra­da­ky mö­hüm me­se­lä de­gip geç­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şu mak­sat bi­len te­le­ke­çi­ler hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny öz­leş­dir­ýär­ler. Ola­ry öz iş­le­rin­de, şol san­da eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­ny su­war­mak­da iş­jeň ulan­ýar­lar. Te­le­ke­çi mil­li Li­de­ri­mi­zi we Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne gat­na­şy­jy­la­ry Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň ýur­du­myz­da azyk howp­suz­ly­gy­ny ber­kit­mek, ba­zar­la­ry özü­miz­de ön­dü­ri­len ýo­ka­ry hil­li önüm­ler bi­len üp­jün et­mek ug­run­da äh­li ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­ma­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy. T.Ça­ry­ýew oba ho­ja­lyk pu­da­gy­na de­giş­li şan­ly se­ne­le­ri bir Ha­syl baý­ram­çy­ly­gy­na bi­rik­dir­me­giň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny tek­lip edip, şun­luk­da, bu se­nä­niň äh­mi­ýe­ti­niň art­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­ni “ýur­duň al­tyn gaz­na­sy” di­ýip at­lan­dyr­ma­gy bi­len ola­ra ynam bil­dir­ýän­di­gi ba­ra­da aý­dyp, je­mi içer­ki önü­miň çäk­le­rin­de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň önüm­çi­lik möç­ber­le­ri­ni 70 gö­te­ri­me ýe­tir­mek bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ber­jaý et­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy. Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň adyn­dan T.Ça­ry­ýew döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­ra­da­ky tek­lip­le­ri­ni we “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2018—2024-nji ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­ny dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­ny” do­ly gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny aý­dyp, ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­niň Türk­me­nis­ta­nyň oňyn ösü­şin­dä­ki bar­ha ýo­kar­lan­ýan or­nu­ny na­za­ra al­mak bi­len, ola­ryň bu mak­sat­na­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy. Çy­kyş ede­niň bel­leý­şi ýa­ly, türk­men te­le­ke­çi­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny, Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň şu ge­zek­ki mej­li­sin­de ka­bul eden çöz­güt­le­ri­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­ýar­lar. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň döw­le­te da­hyl­ly bol­ma­dyk pu­da­gy­nyň we­kil­le­ri­niň adyn­dan T.Ça­ry­ýew umu­my­mil­li fo­ru­myň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny di­ýen de­re­jä­ni ikin­ji ge­zek ber­mek ha­kyn­da­ky baş­lan­gy­jy do­ly gol­da­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Onuň bel­leý­şi ýa­ly, bu ýo­ka­ry sy­lag mil­li Li­de­ri­mi­ziň, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň se­bit­de we äh­lu­mu­my möç­ber­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni we bi­te­wü­li­gi­ni ber­kit­mek, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag we beý­le­ki pu­dak­lar­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da alyp bar­ýan ägirt uly iş­le­ri­ne ber­len ba­ha­dy­gy­ny nyg­ta­dy. T.Ça­ry­ýew çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň äh­li ag­za­la­ry­nyň adyn­dan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy bi­len gut­la­dy we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny aýt­dy. Soň­ra Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň ça­ga­lar sun­gat mek­de­bi­niň mü­di­ri­niň okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry Al­ma­gül Na­za­ro­wa söz be­ril­di. Ol Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýe­ti­niň we sun­ga­ty­nyň ös­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýän mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýa­daw­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de bu ul­ga­myň ok­gun­ly ösü­şi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­len­di­gi­ni nyg­ta­dy. Ýur­du­my­zyň şä­her­le­rin­de we oba­la­ryn­da döw­re­bap me­de­ni­ýet mer­kez­le­ri, sun­gat mek­dep­le­ri, ki­tap­ha­na­lar açyl­dy. Şeý­le des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär. Ola­ryň sa­ny ýyl-ýyl­dan art­ýar. Me­de­ni ojak­la­ryň her bi­ri ila­ty­myz üçin dö­re­di­ji­li­gi­ni ös­dür­mä­ge, öz ze­hi­ni­ni we uky­by­ny gör­kez­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň ru­hy-me­de­ni däp­le­ri­ni we mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy wa­gyz et­mek hem-de ola­ry art­dyr­mak bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu bol­sa her bir ada­my­ny tä­ze zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ne ruh­lan­dyr­ýar. Şu mak­sat bi­len, her ýyl­da şan­ly Ga­raş­syz­lyk baý­ram­çy­ly­gy my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň “Türk­me­niň Al­tyn asy­ry” umu­my­mil­li bäs­le­şi­gi gu­ral­ýar. Ol öz kär­deş­le­ri­niň adyn­dan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň öň­den gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de bu ul­gam­da öňe sü­rül­ýän baş­lan­gyç­la­ryň, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň be­ýik ýö­rel­ge­le­ri­niň we oňyn öz­gert­me­le­ri­niň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ug­run­da äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy. Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň bu ge­zek­ki mej­li­sin­de bir­nä­çe anyk tek­lip­le­riň öňe sür­len­di­gi­ni bel­läp, A.Na­za­ro­wa şu fo­rum­da tek­lip edi­len bir­meň­zeş baý­ram­çy­lyk­la­ry bir gün­de bel­le­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy gol­da­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mas­la­ha­ta gat­naş­ýan me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­niň äh­li­si­niň adyn­dan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za kä­bir şan­ly se­ne­le­ri baý­ram et­me­gi üýt­get­mek ba­ra­da­ky tek­lip bi­len ýüz­len­di. Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­ni sent­ýabr aýy­nyň ahy­ry­na, Kons­ti­tu­si­ýa gü­ni bi­len Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­nü­ni ýur­du­my­zyň her ýy­lyň 27-nji iýu­nyn­da bel­le­nil­ýän Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň gü­ni bi­len bir­leş­dir­mek tek­lip edil­ýär. Bu iki şan­ly wa­ka­nyň bi­le­lik­de bel­le­nil­me­gi mil­li me­de­ni­ýe­tiň we Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň giň­den wa­gyz edil­me­gi­ni şert­len­di­rer we hü­när baý­ram­çy­ly­gy­ny has ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri her ýyl­da döw­let sy­lag­la­ry­na we hor­mat­ly at­la­ra my­na­syp bol­ýar­lar. Mu­nuň özi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu pu­da­gyň iş­gär­le­ri­ne, ola­ryň dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti­ne we dö­red­ýän eser­le­ri­ne ber­ýän ün­sü­niň aý­dyň ne­ti­je­si­dir. Şeý­le hem ol hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik iş­jeň sy­ýa­sa­ty­nyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň yk­rar­na­ma­sy­na we gol­da­wy­na eýe bol­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň yzy­gi­der­li ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de “Gö­rog­ly” epo­sy ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na go­şul­dy. Bu bol­sa türk­men hal­ky­nyň umu­my­dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ösü­şi­ne goş­ýan go­şan­dy­ny hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň yk­rar ed­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de ýa­kyn­da ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry özü­niň äh­mi­ýet­li­li­gi bi­len ta­ry­hy wa­ka­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň “Öňe, di­ňe öňe, jan Wa­ta­nym — Türk­me­nis­tan” at­ly aý­dy­my me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry­ny, şeý­le hem türk­men tür­gen­le­ri­ni tä­ze dö­re­di­ji­lik üs­tün­lik­le­ri­ne we sport ul­ga­myn­da­ky be­ýik ýe­ňiş­le­re ruh­lan­dyr­dy. A.Na­za­ro­wa özü­niň çy­ky­şy­ny döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ba­gyş­la­ny­lan aý­dym bi­len jem­le­di we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za berk jan sag­lyk, uzak ömür, Wa­ta­ny­my­zyň we hal­ky­my­zyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan be­ýik iş­le­rin­de we baş­lan­gyç­la­ryn­da uly üs­tün­lik ar­zuw et­di. Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň 20016 har­by bö­lü­mi­niň Hor­mat ga­ra­wul gul­lu­gy ro­ta­sy­nyň ser­ker­de­si­niň ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry Ýaz­mu­ham­met Öwez­ber­di­ýe­we söz be­ril­di. Ol mil­li Ýa­rag­ly Güýç­le­riň äh­li şah­sy dü­zü­mi­niň adyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy, go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de hem­me­le­ri Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­ly­gy we halk de­mok­ra­ti­ýa­sy­nyň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len gut­la­dy. Bu ta­ry­hy äh­mi­ýet­li wa­ka­nyň Türk­me­nis­ta­nyň Har­by-De­ňiz Güýç­le­ri­niň gü­ni bi­len ga­bat gel­me­gi Wa­ta­ny­my­zyň go­rag­çy­la­ry­nyň baý­ram­çy­lyk ru­hu­ny be­len­de gö­ter­di. Şeý­le hem ol har­by yl­my­ny we sun­ga­ty­ny ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly çuň­ňur ma­ny­ly sar­gyt­la­ry hem-de mas­la­hat­la­ry üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, mil­li Li­de­ri­miz äh­li har­by gul­luk­çy­lar üçin eder­men­li­giň, gaý­duw­syz­ly­gyň nus­ga­sy bol­mak bi­len, hä­zir­ki za­man ýa­rag­la­ry­na us­sat­lyk bi­len erk et­mek­de, tä­ze har­by teh­ni­ka­la­ry do­lan­dyr­mak­da, ýur­du­my­za we hal­ky­my­za we­pa­ly gul­luk et­mek­de gö­rel­de bo­lup dur­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň “Mert­ler Wa­ta­ny beý­geld­ýär” we “Mert ýi­git­ler gaý­rat üçin do­gul­ýar” at­ly ki­tap­la­ry­nyň ýaş ne­sil­le­ri wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de ägirt uly äh­mi­ýe­ti bo­lup, olar türk­me­nis­tan­ly­la­ra, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­na aja­ýyp sow­gat­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Aş­ga­bat­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi halk­la­ryň dost­lu­gy­nyň, sag­dyn­ly­gyň we gö­zel­li­giň öz­bo­luş­ly be­ýa­ny­na öw­rül­di. Dün­ýä ýurt­la­ry­nyň we­kil­le­ri bi­len bir ha­tar­da oýun­lar­da çy­kyş eden türk­men tür­gen­le­ri je­mi 245 me­dal­la­ra my­na­syp bo­lup, ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gy­ny şert­len­dir­di. Umu­my ýeň­şe my­na­syp go­şant go­şan­la­ryň ha­ta­ryn­da har­by gul­luk­çy­la­ryň bol­ma­gy gu­wanç­ly ýag­daý­dyr. Mil­li go­şu­nyň äh­li şah­sy dü­zü­mi­niň adyn­dan Ý.Oraz­ber­di­ýew Sag­dyn­lyk we ru­hu­be­lent­lik ýy­ly­nyň ba­şyn­da ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň har­by bö­lüm­le­ri­ne da­ba­ra­ly ýag­daý­da sö­weş­jeň baý­dak­la­ry gow­şu­ran­dy­gy üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ho­şal­lyk bil­dir­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yna­my­na, hor­ma­ty­na we ýo­ka­ry ba­ha­sy­na my­na­syp bol­mak ýur­du­my­zyň har­by gul­luk­çy­la­ry üçin uly mer­te­be­di­gi bel­le­nil­di. Ol Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li gu­ral­jak da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe iş­jeň gat­naş­jak­dy­gy­na, Oguz­han, Çag­ry beg, Tog­rul beg, Alp Ars­lan, Sol­tan San­jar ýa­ly be­ýik pe­der­le­ri­mi­ziň gah­ry­man­çy­lyk­ly däp­le­ri­ni my­na­syp do­wam et­dir­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň äh­li şah­sy dü­zü­mi­niň adyn­dan umu­my­mil­li fo­ru­ma gat­na­şy­jy tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da Mil­li go­şun­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di we çy­ky­şy­ny Wa­ta­na we­pa­ly­lyk ka­sa­my bi­len ta­mam­la­dy. Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň 5-nji ýyl ta­ly­by Me­kan To­zan­ly­ýew we Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň 2-nji ýyl ta­ly­by Ene­gül Mä­mi­ýe­wa da­gy çy­kyş et­di­ler. Olar ýur­du­my­zyň ýaş ne­sil­le­ri­niň adyn­dan mil­li Li­de­ri­mi­zi we mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ry Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­ly­gy bi­len gut­la­dy­lar. Ta­lyp­lar to­pa­ry­nyň we­kil­le­ri­niň bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň paý­has­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň dur­mu­şy­nyň her bir gü­ni şat­lyk­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Hal­ky­myz se­çi­lip al­nan nu­ra­na ýol bi­len ynam­ly ga­dam ur­ýar. Tu­tuş dün­ýä­de yk­rar edi­len mäh­ri­ban Wa­ta­ny­myz ýyl-ýyl­dan pug­ta­lan­ýar we gö­zel­leş­ýär. Şun­luk­da, ösüp bar­ýan ýaş ne­sil­le­riň aba­dan we my­na­syp dur­mu­şy, ola­ryň ukyp­la­ry­nyň we müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi üçin äh­li ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­dy­gy bel­le­nil­di. Bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, be­den taý­dan berk we ru­hy taý­dan sag­dyn jem­gy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de ýur­du­myz­da köp san­ly döw­re­bap mek­dep­ler we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, sport top­lum­la­ry, ça­ga­lar bag­la­ry hem-de sa­gal­dyş mer­kez­le­ri gu­rul­dy. Bu ul­ga­my döw­re­bap­laş­dyr­mak iş­le­ri tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we öň­de­ba­ry­jy usul­la­ryň esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar. Ta­lyp­lar türk­men ýaş­la­ry­nyň adyn­dan pa­ra­hat we bag­ty­ýar dur­mu­şyň üp­jün edil­me­gi­ni, ýur­du­my­zyň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ne gö­nük­di­ri­len oňyn öz­gert­me­ler üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ho­şal­lyk bil­di­rip, ýaş ne­sil­le­riň döw­le­ti­mi­ziň hem­me­ta­rap­la­ýyn ala­da­sy­na my­na­syp jo­gap ber­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy­lar. Hä­zir­ki za­man bi­lim­le­ri­ni we hü­när­le­ri­ni ele al­ma­ga, şöh­rat­ly pe­der­le­ri­mi­ziň oňyn däp­le­ri­ni my­na­syp do­wam et­mä­ge ça­lyş­ýan okuw­çy ýaş­la­ryň hal­ka­ra bäs­le­şik­le­rin­de aja­ýyp üs­tün­lik­ler ga­za­nyp, Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gy­na my­na­syp go­şant goş­ýan­dyk­la­ry bel­le­nil­di. Ta­lyp ýaş­lar çy­kyş­la­ry­nyň ahy­ryn­da ýaş ne­sil­le­riň öň­de dur­ýan jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­re do­ly dü­şü­nip, mun­dan beý­läk-de mil­li Li­de­ri­miz­den gö­rel­de alyp, edil­ýän ata­lyk ala­da ne­ti­je­li okuw, ha­lal zäh­met we Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­mak ar­ka­ly jo­gap ber­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy­lar. Ta­lyp ýaş­la­ryň döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň bu ta­ry­hy mej­li­sin­de öňe sü­ren äh­li tek­lip­le­ri­ni do­ly gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny nyg­tap, çy­kyş eden­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze berk jan sag­lyk, uzak ömür we ýur­du­my­zyň tu­tuş hal­ky­nyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­muş bi­len üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len äh­li mak­sat­na­ma­la­ry we tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak­da uly üs­tün­lik ar­zuw et­di­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ry jem­läp, Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça çy­kyş eden­le­re we fo­ru­myň işi­ne iş­jeň gat­na­şan­la­ra min­net­dar­lyk bil­dir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz çy­kyş eden­le­riň äh­li­si­niň şu ge­zek­ki umu­my­mil­li mas­la­hat­da öňe sür­len baş­lan­gyç­la­ry gol­dan­dyk­la­ry­ny aý­dyp, be­ýan edi­len tek­lip­le­riň äh­li­si­niň hök­ma­ny su­rat­da göz öňün­de tu­tul­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Soň­ra bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, mil­li Li­de­ri­miz umu­my­mil­li fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň çy­kyş­la­ryn­da mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek we onuň dü­zü­mi­ni üýt­get­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­riň gi­ri­zi­len­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le tek­lip­ler ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ry­nyň ra­ýat­la­ryn­dan şu ýy­lyň do­wa­myn­da ge­lip go­wuş­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, mas­la­ha­tyň işi­ne hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar­dan baş­ga-da, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dür­li gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň iki müň­den gow­ra­gy gat­naş­ýar. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, ar­çyn­lar, te­le­ke­çi­ler we beý­le­ki iş­gär­ler bar. Şo­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­ri­niň we jem­gy­ýe­tiň äh­li gat­lak­la­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň bu we­kil­çi­lik­li mas­la­ha­ta do­ly hu­kuk­ly ag­za bol­mak­la­ry­nyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çy­ky­şyn­da aý­dy­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­ny dö­ret­mek tek­lip edil­ýär. Şu me­se­le bo­ýun­ça mil­li par­la­ment Ka­nu­nyň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­dy. Şeý­le hem “Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da” Ka­nu­nyň ka­bul edil­me­gi­ni na­za­ra al­mak bi­len, ýur­du­my­zyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na goş­ma­ça­la­ryň gi­ri­zil­me­gi ze­rur bo­lup dur­ýar. Mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018-2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy” ha­kyn­da­ky me­se­le gi­ri­zil­di. Ony hem ara alyp mas­la­hat­laş­mak ze­rur bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da we­la­ýat­lar­dan we Aş­ga­bat şä­he­rin­den ge­len we­ki­li­ýet­le­riň Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry bi­len bi­le­lik­de öňe sür­len me­se­le­le­ri çuň­ňur we hem­me­ta­rap­la­ýyn ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gy tek­lip et­di. Bu Ka­nun­la­ryň we Mak­sat­na­ma­nyň tas­la­ma­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan­dan soň, mil­li par­la­men­tiň de­pu­tat­la­ry öňe sür­len tek­lip­le­ri we aý­dy­lan bel­lik­le­ri na­za­ra alyp, Mej­li­siň no­bat­da­ky mas­la­ha­ty­ny ge­çi­rer­ler we de­giş­li ka­rar­la­ry ka­bul eder­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de ara­kes­me yg­lan ed­ýär. Mej­lis öz işi­ni er­tir, 10-njy okt­ýabr­da do­wam eder. Onuň gün ter­ti­bi­niň çäk­le­rin­de şu gün edi­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne ga­ra­lar we de­giş­li res­mi­na­ma­lar ka­bul edi­ler.

Soňky habarlar
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow