Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Jemgyýetiň agzybirligini we bitewüligini pugtalandyrmaga goşandy üçin zenanlarymyzyň birnäçesi «Zenan kalby» ordenine mynasyp boldy
Jemgyýet
Jemgyýetiň agzybirligini we bitewüligini pugtalandyrmaga goşandy üçin zenanlarymyzyň birnäçesi «Zenan kalby» ordenine mynasyp boldy
Çap edildi 10.10.2017
2570

Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, Türkmenistanyň halkynyň ruhy başlangyçlaryny we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge, medeniýetiň ösmegine goşan uly şahsy goşantlary, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli jemgyýetçilik işlerini, ýokary önümçilik-ykdysady görkezijilerini we halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy: Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ogulbossan Geldiýewna Sahatowa, Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Gurbansoltan Orazmyradowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Ýasga geňeşliginiň Ýasga oba medeniýet öýüniň müdiri Ogultäç Haladowa, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň Daşoguz Jemagat abatlaýyş gurluşyk trestiniň Görogly etrabara Abatlaýyş gurluşyk müdirliginiň işçiler toparynyň ýolbaşçysy Güljan Ýusupowna Eminowa, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Halaç şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ogulsapar Çaryýewa, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Sakarçäge şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Şirinjemal Hapadyýewa.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow