16.07
2018
Türkmen türgenleri jiu-jitsu boýunça Aktau (Gazagystan) şäherinde tamamlanan Aziýa çempionatynda ýigrimä golaý medala mynasyp boldular. Ýaryşlara 20 ýurtdan dört ýüze golaý türgen gatnaşdy.
15.07
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan “Türkmenistany 2018 - 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamy hemmetaraplaýyn göwnejaý kämilleşdirilýär, ilatyň arasynda keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we bejeriş işlerini geçirmekde dünýä lukmançylygynyň iň täze gazanan usullary ornaşdyrylýar. Aşgabat şäherinde, welaýatlarda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen abzallaşdyrylan saglygy goraýyş — öňüni alyş hem-de sagaldyş edaralary, şypahanalar, derman kärhanalary ulanylmaga berilýär.
14.07
2018
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.
13.07
2018
Haryt dolanyşygynyň möçberi ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň möhüm görkezijileriniň biridir. Ýurdumyzda sarp edilýän harytlaryň öndürilişiniň artdyrylmagy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalaryň döredilmegi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýleki toplumlaýyn çäreleriň netijesinde söwda ulgamynyň Türkmenistanyň jemi içerki önümine goşýan goşandy artýar.
12.07
2018
Şu ýyl Türkmenistanyň milli intellektual eýeçiligi ulgamyna 25 ýyl dolýar. Häzirki döwürde intellektual eýeçiligiň desgalaryny goramak pudagynda döwlet kadalaşdyrylyşyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda gol çeken Karary bilen döredilen Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet intellektual eýeçiligi gullugy (mundan beýläk Gulluk) alyp barýar.
11.07
2018
Hazaryň kenarynda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görlüşi bilen tanşyp, ýaryşyň geçiriljek ýolunyň jemleýji tapgyrynda geçirilýän işleriň barşyna gözegçilik etdi.
11.07
2018
“Ýyldyz” myhmanhanasynda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de söz azatlygyny ilerletmek babatda hyzmatdaşlyk” atly taslamanyň çäklerinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan maslahat öz işine başlady.
11.07
2018
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Nail Maganowy kabul etdi.
11.07
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary Hajygeldi Baýramdurdyýewiç Orjykowyň üstüne ýüklenildi.
10.07
2018
Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde 4 — 8-nji iýulda geçirilen “Aziýanyň ýaňy” atly sirk sungatynyň XI halkara festiwalynda Türkmenistanyň wekili kümüş baýraga mynasyp boldy.