Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 27.09.2026
19

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Watanymyzyň berkararlygyny we şan-şöhratyny dünýä ýaýýan baş baýramymyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyzlygymyzyň röwşen ýolunda eziz Diýarymyzy abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe alyp gitmäge gönükdirilen tagallalaryňyzyň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Garaşsyzlyk diýen mukaddes düşünjede şöhratly geçmişimiz, bagtyýar şu günümiz we röwşen geljegimiz öz beýanyny tapýar. Garaşsyzlyk ýurt üçin berkararlykdyr, özygtyýarlylykdyr, halk üçin azatlyk, erkinlikdir. Şoňa görä-de, garaşsyzlyk baradaky ganatly arzuwlar, belent maksatlar asyrlarboýy halkymyzyň diliniň senasyna öwrülip geldi. 1991-nji ýylyň altyn güýzünde Garaşsyzlygymyzyň jar edilmegi bilen, ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak hakyndaky ençeme asyrlyk arzuwlary hasyl boldy. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň: «Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,//Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn!» diýen ajaýyp jümleleri bu günki gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli döwletlilik taglymatyny dabaralandyrýar. Täze taryhy döwürde Garaşsyzlyk bize döretmäge joşgun, gurmaga kuwwat, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň gazanýan ähli üstünliklerimiz, ýeňişlerimiz, berkararlygymyz hem-de bagtyýarlygymyz öz gözbaşyny milli buýsanjymyz bolan Garaşsyzlygymyzdan alyp gaýdýar» diýip, örän jaýdar belleýärsiňiz. Türkmenistanyň täze taryhyna ýazylýan şöhratly we ýeňişli sahypalar beýik üstünlikleriň güwäsi bolup, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak boýunça maksatlarymyza ýetmegiň binýadyny emele getirýär. Siziň baştutanlygyňyzda üstünliklere beslenen gadymy türkmen topragy gözümiziň alnynda okgunly özgerýär. Bu gün watandaşlarymyz gözel Diýarymyzyň çar künjegini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň şaýady bolmak bilen, olara gönüden-göni gatnaşýarlar.

Agzybir halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna joşgunly zähmet üstünlikleri bilen geldi. Dürli pudaklarda, ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmakda we innowasion esasda ösdürmekde, ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda ýetilen belent sepgitleriň, baş baýramymyzyň şanyna ýaýbaňlandyrylan binagärlik-gurluşyk açylyşlarynyň, toý-dabaralaryň joşguny alyslara ýaň salýar. Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly açylmagy, «Gadamly» gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi, şeýle-de «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryndaky işlere badalga berilmegi ýaly göwün galkyndyryjy wakalar berkarar Watanymyzyň okgunly ösüşleriniň aýdyň nyşanydyr.

Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halkymyzyň mizemez jebisligini, döwletlilik ýolumyzyň dowamatyny ýene bir ýola görkezdi. Ählihalk geňeşinde «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň», «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli konsepsiýasynyň, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi bolsa halkymyzda uly seslenme döretdi.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyz Garaşsyzlygymyzyň bize beren iň ajaýyp gymmatlygydyr. Türkmen halkynyň ruhy-ahlak garaýyşlarynyň häzirki zaman döwlet syýasaty görnüşinde ýüze çykmagyny aňladýan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz dünýäde giň goldawa eýe bolýar.

Siziň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe sürýän başlangyçlaryňyzyň biragyzdan goldanylýandygy halkymyzy çäksiz buýsandyrýar. Türkmenistanyň başlangyçlary bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti», «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamalar hem şanly ýylyň ajaýyp diplomatik ýeňişleridir.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi ykbalymyza bagt şuglasyny çaýan, ähli ösüş-özgertmelerimiziň gözbaşynda duran mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Goý, döwlet Garaşsyzlygymyzyň binýadyny pugtalandyrmak, halkymyzyň röwşen geljege ynamyny berkitmek, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak ugrundaky asylly maksatlaryňyz üstünlikli amala aşsyn! Beýik Garaşsyzlygymyzyň şan-şöhraty ýeneki ösüşlerimizde ýolumyza ýagty saçsyn!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow