Baş sahypa
\
Sport
\
Jiu-jit­su bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz 18 me­da­la my­na­syp bol­dy
Sport
Jiu-jit­su bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz 18 me­da­la my­na­syp bol­dy
Çap edildi 16.07.2018
3240

Türk­men tür­gen­le­ri jiu-jit­su bo­ýun­ça Ak­tau (Ga­za­gys­tan) şä­he­rin­de ta­mam­la­nan Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da ýig­ri­mä go­laý me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Ýa­ryş­la­ra 20 ýurt­dan dört ýü­ze go­laý tür­gen gat­naş­dy. Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň dü­zü­mi­ne dün­ýä we Azi­ýa çem­pio­nat­la­ryn­da hem-de Aş­ga­bat — 2017 oýun­la­ryn­da ýe­ňi­ji bo­lan iň go­wy tür­gen­ler gir­ýär. Bi­ziň tür­gen­le­ri­miz Ak­tau­da jiu-jit­su­nyň üç ug­ry: kon­takt, “ne-wa­za” we sö­weş gör­nüş­le­rin­de bäs­leş­di­ler. Olar jiu-jit­su­nyň kon­takt gör­nü­şi bo­ýun­ça has köp me­dal­la­ry eýe­le­di­ler. 94 ki­log­ram­dan ýo­ka­ry ag­ram de­re­je­de Mer­gen Te­je­now al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Ser­dar Ho­ja­mu­ham­me­dow bol­sa 94 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­de ýa­rym fi­nal­da we fi­nal­da Hy­taý Taý­be­ýin­den bäs­deş­le­rin­den üs­tün çy­kyp, bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. Rus­tam Roz­me­tow 77 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de ta­pa­wut­lan­dy. Bäs­le­şi­giň üç tap­gy­ryn­da hem (çär­ýek fi­nal, ýa­rym fi­nal we fi­nal) ol ýer eýe­le­ri­niň we­kil­le­ri bi­len güýç sy­na­nyş­dy. Iň ýe­ňil ag­ram de­re­je­sin­de — 56 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram­da çy­kyş eden Ba­tyr Dur­dy­ýew hem di­ňe ga­za­gys­tan­ly tür­gen­ler bi­len tut­lu­şyp, hor­mat mün­be­ri­niň ýo­ka­ry bas­gan­ça­gy­na çyk­ma­gy ba­şar­dy. Be­genç­my­rat Ka­ka­ba­ýew 85 ki­log­ra­ma çen­li, Ýu­sup Taň­ry­ber­di­ýew bol­sa 62 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de kü­müş me­da­la my­na­syp bol­dy. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da iň agyr — 70 ki­log­ram­dan ýo­ka­ry ag­ram de­re­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň to­pa­ry­nyň we­ki­li al­tyn me­da­ly eýe­le­di. Sa­bi­na Aga­ja­no­wa fi­nal tut­lu­şy­gyn­da ga­za­gys­tan­ly bäs­de­şin­den üs­tün çy­kyp, bi­rin­ji or­ny eýe­le­di, ga­zak tür­ge­ni bol­sa, öz ge­ze­gin­de, il­de­şi­miz Aý­sol­tan Gar­ço­wo­wa­ny ýeň­di, ne­ti­je­de, Aý­sol­tan üçün­ji or­na düş­di. Kon­takt jiu-jit­su bo­ýun­ça We­ro­ni­ka Rus (55 ki­log­ram) we Sa­ýa­ra Awez­me­to­wa (49 ki­log­ram) fi­nal bäs­le­şik­le­rin­de ga­za­gys­tan­ly tür­gen­le­ri ýe­ňip, ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­za al­tyn me­dal ge­tir­di­ler. Türk­men tür­gen­le­ri dü­şek­çe­de tut­lu­şy­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýän “ne-wa­za” ug­ry bo­ýun­ça hem ta­pa­wut­la­nyp, dür­li de­re­je­li me­dal­la­ry eýe­le­di­ler. 70 ki­log­ram­dan ýo­ka­ry ag­ram de­re­je­de Aý­sol­tan Gar­ço­wo­wa bi­rin­ji or­na, Sa­bi­na Aga­ja­no­wa kü­müş me­da­la my­na­syp bol­dy. 55 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­de çy­kyş eden An­ge­li­na Fi­lip­po­wa ýe­ne bir al­tyn me­da­ly to­pa­ry­my­zyň sy­lag­la­ry­nyň üs­tü­ne goş­dy. Ol bu üs­tün­li­gi ga­zan­ma­gyň ýo­lun­da dört bäs­de­şi­ni ýeň­me­li bol­dy. Wio­let­ta Krow­ýa­ko­wa (62 ki­log­ram) we Mer­gen Jo­ra­ýew (85 ki­log­ram) kü­müş me­dal, Ne­ji­met­din Ça­ry­ýew (85 ki­log­ram) bü­rünç me­dal ga­zan­dy. Jiu-jit­su­nyň sö­weş gör­nü­şi bo­ýun­ça Aý­sol­tan Gar­ço­wo­wa we Sa­bi­na Aga­ja­no­wa bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Şeý­le­lik­de, bu iki tür­gen jiu-jit­su­nyň üç gör­nü­şi­niň äh­li­sin­de çy­kyş edip, to­pa­ry­my­za je­mi 6 me­dal ge­tir­di. Jiu-jit­su bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň to­pa­ry Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da umu­my ha­sap­da üçün­ji or­ny eýe­läp, je­mi 18 me­da­ly: 9 al­tyn, 5 kü­müş we 4 bü­rünç me­da­ly ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň sy­lag­lar gaz­na­sy­na goş­du­lar.

Soňky habarlar
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
top-arrow