Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Tatneft» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktoryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Tatneft» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktoryny kabul etdi
Çap edildi 11.07.2018
1759

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Nail Maganowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Russiýanyň iri nebit kompaniýalarynyň biriniň ýurdumyz bilen uzak möhletli özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. Milli Liderimiz dostlukly Tatarystanyň Prezidentine hem-de halkyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Russiýa Federasiýasy bilen netijeli döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly üstünlige eýe bolýandygyny belledi. Bu däp bolan gatnaşyklar ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Anyk netijelere gönükdirilen türkmen-tatar gatnaşyklarynyň uly kuwwaty hem muňa ýardam edýär. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Türkmenistanyň durmuşa geçirýän energetika strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary babatda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Bu strategiýa bolsa ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaýyn düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, ylym bilen bagly önümçilikleri döretmäge, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli önümleri çykarmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge gönükdirilendir. Munuň özi öňdebaryjy tejribäni alyşmaga, şol sanda ýangyç çig malyny çykarmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek hem-de nebitgaz, himiýa senagaty ulgamlarynda tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleri şertlendirýär, tagallalary netijeli birleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalara çykmak üçin amatly şertleri döredýär. Duşuşygyň ahyrynda myhman netijeli söhbetdeşlik hem-de türkmen-tatar hyzmatdaşlygy meselelerinde berilýän goldaw üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge çalyşýandygyny ýene-de bir gezek nygtady hem-de milli Liderimize ýurdumyzyň rowaçlygynyň we halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi. *** Şol gün “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekiliýetiniň agzalarynyň türkmen hyzmatdaşlar bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we häzirki döwrüň ýagdaýyna we geljegi nazara almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge umumy gyzyklanma beýan edildi. Duşuşygyň jemleri boýunça “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetiniň arasynda guýularyň önümliligini ýokarlandyrmak boýunça şertnamanyň möhletini uzaltmak hakynda goşmaça ylalaşyga gol çekildi.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow