Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 14.07.2018
1668

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan we Owganystandan gelen telekeçiler degişlilikde Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini we awtobenzini satyn aldylar. Ownuk däneli hlorly kaliý we karbamid (“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni) Türkiýeden we Owganystandan gelen täjirleriň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük we mata ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Özbegistan, Ermenistan, Gyrgyzystan, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 10 million 620 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 55 müň manatlyga golaý pagta-süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow