10.07
2018
Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz boş wagtyny «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň dowamyny işlemäge, aýdym-saz döredijiligine bagyşlady.
10.07
2018
Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekip, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, 2018-nji ýylda orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklady.
09.07
2018
Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 9 — 23-nji iýul aralygynda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň dynç alşa çykýandygyny yglan etdi.
09.07
2018
Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň her çärýekde çykýan ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň birinji sany 2018-nji ýyl üçin neşiriň sanlarynyň tapgyryny açýar, ol öz sahypalarynda halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasy barada söhbet edýär.
09.07
2018
Dzýudo boýunça Hytaýyň Taýbeýinde tamamlanan Aziýanyň açyk halkara ýaryşynda türkmen türgenleri iki medala mynasyp boldular. Bäsleşiklere 23 ýurtdan iki ýüze golaý türgen gatnaşdy, olar ähli sebit konfederasiýalaryna wekilçilik edýärler.
09.07
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Akihito hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abä ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren giň gerimli suw joşguny we süýşgünler zerarly, gynanç hatlaryny iberdi.
09.07
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Tekirdag welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren otly heläkçiligi zerarly, gynanç hatyny iberdi.
07.07
2018
Türkmenistanyň Baş drama teatrynda «Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» atly teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy. Oňa Medeniýet ministrliginiň wekilleri, paýtagtymyzyň we welaýat teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar.
07.07
2018
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.
06.07
2018
Şu gün günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.