Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Çap edildi 27.09.2026
1659

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gadyrly doganym!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Sizi we doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlamaga hem-de iň gowy arzuwlarymy ibermäge örän şatdyryn.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduňyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanandygy hem-de halkara derejede uly abraýdan peýdalanýandygy bizi örän begendirýär. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň kuwwatly döwlet hökmünde berkarar bolmagynda, şeýle hem onuň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artmagynda ajaýyp döwlet we syýasy işgär hökmünde Siziň ägirt uly goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin.

2026-njy ýylyň maý aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Häzirki döwrüň düýpli özgerişlikler şertlerinde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ýakyn doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň güwäsi bolup durýar.

Biziň dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky köpugurly, uzak möhletli we özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde hil taýdan täze derejä çykaryljakdygyna ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
11.11
2026-njy ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
11.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy
11.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitindäki çykyşy
11.11
Ekologiýa abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa
10.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
top-arrow