27.09
2018
Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — täze senenamamyza laýyklykda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen 2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda ilkinji gezek giňden bellenýän Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyzlyk berkararlygymyzyň, agzybirligimiziň we jebisligimiziň berk binýadydyr.
26.09
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.
26.09
2018
Şu gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp, sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy.
26.09
2018
Şu gün paýtagtymyzyň “Parahat - 7” ýaşaýyş toplumynda “Hezreti Omar” metjidiniň açylyş dabarasy boldy, oňa Türkmenistanyň müftüsi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ymamlary, şeýle hem hormatly ýaşulular, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygynyň öň ýanynda bolan bu waka öz köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiziň we däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň we artdyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
26.09
2018
Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi Serkerdeler öýünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň mynasyp bolan “Edermenligi üçin” diýen medalyny Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 1-nji harby mekdebe gowşurmak dabarasy boldy.
26.09
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna daşary ýurtlardan gutlag hatlary gelip gowuşýar
26.09
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň çeper-döredijilik bölüminiň baş režissýory Pygy Hojamuhammedowiç Baýramdurdyýew “Galkynyş” ordeni bilen sylaglandy.
26.09
2018
Şu gün paýtagtymyzda halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, özygtyýarly Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende galmagyna şahsy goşant goşan ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, düzümleriň we guramalaryň işgärlerine, döredijilik wekillerine ýokary döwlet sylaglaryny we hormatly atlaryň berlendigini aňladýan nyşanlary gowşurmak dabarasy boldy.
26.09
2018
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Mukaddes Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan Bitarap Watanymyzyň her bir güni şanly wakalar bilen dabaralanýar. Agzybirligiň, jebisligiň, parahat hem-de abadan durmuşyň mekany bolan berkarar döwletimiz dünýäde dost-doganlyk we parahatçylyk söýüjilik daşary syýasaty bilen uly abraýa eýe bolýar.
26.09
2018
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda buýsandyryjy netijeler gazanylýar. Eziz Diýarymyzyň her bir güni zähmet ýeňişlerine beslenip, Garaşsyz Watanymyzy ýokary depginler bilen ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Geçirilýän bu beýik işlere zenanlarymyz hem işjeň gatnaşýarlar. Olar ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylaýarlar. Agzybir jemgyýetimizde jebisligi has-da berkitmäge saldamly goşant goşýarlar.