Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýur­du­my­zyň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne go­şant üçin döwlet sy­lag­la­ry
Jemgyýet
Ýur­du­my­zyň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne go­şant üçin döwlet sy­lag­la­ry
Çap edildi 26.09.2018
1938

Şu gün paý­tag­ty­myz­da halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry­nyň iň go­wy iş­gär­le­ri­ne, önüm­çi­li­giň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­na, özyg­ty­ýar­ly Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­ne, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gy­na şah­sy go­şant go­şan mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, dü­züm­le­riň we gu­ra­ma­la­ryň iş­gär­le­ri­ne, dö­re­di­ji­lik we­kil­le­ri­ne ýo­ka­ry döw­let sy­lag­la­ry­ny we hor­mat­ly at­la­ryň ber­len­di­gi­ni aň­lad­ýan ny­şan­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çe­ken res­mi­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da köp­ýyl­lyk ha­lal we dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti üçin ýo­ka­ry sy­lag­la­ra hem-de ny­şan­la­ra my­na­syp bo­lan wa­tan­daş­la­ry­my­zyň hor­mat­lan­ma­gy ýur­du­myz­da öz işi­ne us­sat iş­gär­le­re, öz tej­ri­be­si­ni, bi­li­mi­ni, ze­hi­ni­ni mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­za gul­luk et­mä­ge ba­gyş­la­ýan adam­la­ra aý­ra­tyn hor­mat go­ýul­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Mak­sa­da ok­gun­ly, ze­hin­li, öz borç­la­ry­ny nus­ga­lyk de­re­je­de ýe­ri­ne ýe­tir­ýän, Wa­ta­ny­my­zyň bäh­bi­di­ne gul­luk ed­ýän adam­lar ýaş­lar üçin nus­ga­lyk bo­lup dur­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­lik we ag­zy­bir­lik ýag­da­ýyn­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­la­ra Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry gat­naş­dy­lar. Olar bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ry Ga­raş­syz­lyk baý­ram­çy­ly­gy bi­len gut­lap, hem­me­le­re bagt, aba­dan­çy­lyk, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de tä­ze ýe­ňiş­le­ri we dö­re­di­ji­lik üs­tün­lik­le­ri­ni ar­zuw et­di­ler. My­na­syp bo­lan sy­lag­la­ry­ny uly buý­sanç we tol­gun­ma duý­gu­sy bi­len ka­bul eden adam­lar zäh­met­le­ri­ne ber­len ýo­ka­ry ba­ha üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýü­rek­den çyk­ýan ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýt­dy­lar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da­ky ösü­şi şan­ly sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap ynam­ly ga­dam ur­ýan­dy­gy­ny has aý­dyň­ly­gy bi­len äş­gär ed­ýär. Türk­men hal­ky­nyň ön­dü­ri­ji­lik­li we dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de Wa­ta­ny­myz gün-gün­den gül­läp ös­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ägirt uly dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­lar, se­na­gat­laş­dyr­mak, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi kö­pu­gur­ly esas­da ös­dür­mek we onuň eks­port kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak ba­bat­da iri tas­la­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Paý­tag­ty­myz­da we ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik bo­ýun­ça tä­ze döw­re­bap kär­ha­na­lar, ulag-ara­gat­na­şyk dü­zü­mi­ne de­giş­li des­ga­lar gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet we sport ul­gam­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne ägirt uly ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri gö­nük­di­ril­ýär. Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­sin­de örän wa­jyp çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi­niň döw­le­ti­mi­ziň mun­dan beý­läk-de saz­la­şyk­ly ösü­şi üçin kuw­wat­ly iter­gä öw­rül­jek­di­gi, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­lyk de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na hyz­mat et­jek­di­gi bel­le­nil­di. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny aý­dyp, öz­le­ri­niň äh­li güýç-kuw­wat­la­ry­ny we ukyp­la­ry­ny mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ama­la aşy­ryl­ýan oňyn we giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne, mil­le­tiň ag­zy­bir­li­gi­niň we bi­te­wü­li­gi­niň, jem­gy­ýe­ti­miz­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi­ne, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne mun­dan beý­läk-de ak ýü­rek­den gul­luk et­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy­lar.

Soňky habarlar
01.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.01
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
01.01
Arkadag şäherinde Täze ýyl dabaralary
01.01
Ýurdumyz arzuw-umytlar we uly zähmet üstünlikleri bilen 2026-njy ýyly garşylady
01.01
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
31.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
30.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.12
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow