Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Rö­ne­sans Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Rö­ne­sans Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di
Çap edildi 26.09.2018
1481

Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rö­ne­sans Hol­ding” türk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Er­man Yly­ja­gy ka­bul et­di. Myh­man wagt ta­pyp ka­bul edi­len­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Ga­raş­syz­ly­gyň 27 ýyl­lyk şan­ly se­ne­si bi­len gut­la­dy hem-de türk­men hal­ky­na bagt we aba­dan­çy­lyk, mun­dan beý­läk-de ok­gun­ly ösüş ar­zuw et­di. Işe­wü­riň bel­leý­şi ýa­ly, onuň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­de ägirt uly üs­tün­lik­le­re eýe bo­lan ýur­du­myz bi­len köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýän­di­gi­ne buý­san­ýar. Hoş­ni­ýet­li söz­le­ri üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy we dür­li pu­dak­lar­da ýö­ri­te­leş­di­ri­len we şol san­da dün­ýä ba­zar­la­ryn­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan önüm ön­dür­ýän iri se­na­gat des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­ny alyp bar­ýan da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len öza­ra peý­da­ly işe­wür gat­na­şyk­lar üçin açyk­dy­gy­ny bel­le­di. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy we onuň kö­pu­gur­ly esas­da ös­dü­ril­me­gi uzak möh­let­le­ýin esas­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar we oňa dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­si­niň we tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. Türk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Ahal we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de te­bi­gy gaz­dan eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ben­zin ön­dür­jek kär­ha­na­nyň gur­lu­şy­gy­nyň bar­şy ha­kyn­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, des­ga­nyň gur­lu­şy­gy bel­le­nen ter­tip­na­ma la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar we ol kes­git­le­nen möh­let­de ulan­ma­ga ber­ler. Ga­zy gaý­ta­dan iş­le­ýän top­lu­myň gur­lu­şy­gy­nyň wa­jyp­dy­gy ba­ra­da aý­dyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bu giň möç­ber­li tas­la­ma­nyň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­nyň kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak­da mö­hüm ädi­me öw­rül­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da işe­wür kom­pa­ni­ýa bil­dir­ýän yna­my üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ho­şal­lyk bil­di­rip, “Rö­ne­sans Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň öz üs­tü­ne alan hyz­mat­daş­lyk borç­na­ma­la­ry­ny ab­raý bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow