28.09
2018
28-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň stadionynda nurana we ajaýyp baýramçylyk bolan ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli giň möçberli sahnalaşdyrylan çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
28.09
2018
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp at çapyşyklary geçirildi.
27.09
2018
Türkmenistanda baş döwlet baýramy — Garaşsyzlyk güni uly we köpöwüşginli dabaralar bilen bellenildi. Bu baýramçylyk ildeşlerimiziň ählisi üçin eziz Watanymyzyň ykbalynda täze taryhy eýýamyň başlanýandygyny alamatlandyrýar.
27.09
2018
Nýu-Ýorkda geçýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde umumy ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde 26 — 27-nji sentýabrda inçekeseli ýok etmek we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça ýokary derejeli iş maslahaty geçdi.
27.09
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly baýramçylyk ýörişiniň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň baş meýdanyndaky döwlet münberiniň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň gysga mejlisini geçirdi.
27.09
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz egindeşlerinden — Mejlisiň Başlygyndan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerinden ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli gutlaglary kabul etdi.
27.09
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Şu gün türkmenistanlylar özüniň esasy milli baýramy bolan Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününi belleýär.
27.09
2018
Geostrategiýa taýdan amatly ýerleşýän we halkara hyzmatdaşlygynyň ulag diplomatiýasy ýaly ugruny işjeň ösdürýän Türkmenistan logistika hyzmatlarynyň dünýä segmentinde barha işjeň ähmiýete eýe bolýar.
27.09
2018
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!
27.09
2018
Şu gün baş milli baýramymyz — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.