Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ýurdumyzyň raýatlarynyň toparyna «Hormatly il ýaşulysy» ady dakyldy
Syýasy habarlar
Ýurdumyzyň raýatlarynyň toparyna «Hormatly il ýaşulysy» ady dakyldy
Çap edildi 26.09.2018
1469

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Mukaddes Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan Bitarap Watanymyzyň her bir güni şanly wakalar bilen dabaralanýar. Agzybirligiň, jebisligiň, parahat hem-de abadan durmuşyň mekany bolan berkarar döwletimiz dünýäde dost-doganlyk we parahatçylyk söýüjilik daşary syýasaty bilen uly abraýa eýe bolýar. Garaşsyz ýurdumyzyň gazanýan ýeňişlerinde, mähriban halkymyzyň agzybirligini has-da berkitmekde, ösüp gelýän nesillerimize mynasyp edep-terbiýe bermekde ýaşuly nesil uly hyzmatlary bitirýär. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, ata Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere işjeň gatnaşýar. Möhüm ähmiýetli başlangyçlara ýaşulularyň ak patasy bilen badalga berilýär. Şoňa görä-de, ýaşuly nesliň ösüp, barha özgerýän jemgyýetimizdäki ornuna, ýaşlarymyzy watançy, zähmetsöýer, halal, päk ahlakly we ynsanperwer adamlar edip ýetişdirmekde bitirýän hyzmatlaryna döwletimiz hemişe ýokary baha berýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly: Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Abdulkerim Ataýewe, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Berdi Begmyradowa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Öwezgeldi Hajiýewe, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan geňeşliginiň Garagan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Aşyrberdi Bilişowa, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň Nowata obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Orazberdi Bäşimowa, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Akwekil geňeşliginiň Akwekil obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Meretdurdy Orazmuhammedowa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Polat Nurberdiýewe, Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Rejepmyrat Allanurowa, Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Amangeldi Kerimberdiýewe, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Hanbaý Saparowa, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Zaman geňeşliginiň Täzeýol obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Arazgeldi Nuryýewe, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Döwletmämmet Azady adyndaky geňeşliginiň Alilioý obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Meretdurdy Gurbanowa, Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Farap şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Jorakuly Inaýatowa, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Dänew şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ahmet Abdyrahmanowa, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Altyn Asyr geňeşliginiň Mäşpaýa obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Gurt Allakulyýewe, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Rysgally geňeşliginiň Türkmenistan obasynyň ýaşaýjysy Atajan Çaryýewe, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Parahat geňeşliginiň Akgoňur obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Aman Çaryýewe, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň Gowkyzereň obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Çaryýarguly Hommaýewe. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Soňky habarlar
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
top-arrow