2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy her bir türkmenistanlyny Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylamaga, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» hem şu ýylda ýerine ýetirilmeli anyk wezipeler kesgitlenilýär.
Agzalan Maksatnama 13-nji fewralda 2025-nji ýylda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken degişli Karary bilen tassyklandy. Onda 2026-njy ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, ýerine ýetirilmeli işler, Aşgabat we Arkadag şäherleri, welaýatlar boýunça durmuş-ykdysady, maýa goýum görkezijileri bellenildi. Şeýle-de resminamada ilatyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutulýar.
«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we beýleki döwürleýin maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetinde kesgitlenen görkezijilerden, önümçilik we maliýe meýilnamalaryndan hem-de çärelerden ugur alnyp işlenip taýýarlanyldy.
Prezident Maksatnamasynyň, şu ýyl üçin Döwlet býujetiniň ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutulan resminamada işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak arkaly Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, sebitleriň okgunly ösmegini gazanmak möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň Hökümetiň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga berler. Şeýle hem birnäçe binalaryň we desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklaryna maýa goýumlaryň möçberi artdyrylar.
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly güýjünde peýdalanmaga, eksport ugurly we importyň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri höweslendirmäge uly ähmiýet berilýär. Şunda döwrebap sanly tehnologiýalary, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmagy dowam etdirmek, kiçi we orta telekeçiligi giňden goldamak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak 2026-njy ýyla niýetlenen Maksatnamada esasy wezipeleriň hatarynda görkezilýär.
Ykdysadyýeti toplumlaýyn esasda durnukly ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde makroykdysady görkezijileriň durnukly ösüşi üpjün ediler we 2026-njy ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini azyndan 6,3 göterim derejede bolar diýlip çaklanylýar. Türkmenistanyň şu ýyl üçin Döwlet býujeti öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde esasy maliýe guraly bolup hyzmat eder. Ýurdumyzyň baş maliýe resminamasynyň girdejileri we çykdajylary 131,8 milliard manat möçberinde tassyklanyldy. Býujetiň girdeji bölegi ykdysadyýetiň pudaklarynyň hasabyna, esasan, nebitgaz, senagat, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk, obasenagat toplumlaryndan, ulag-aragatnaşyk, dokma, azyk senagaty pudaklaryndan, maliýe-bank, hususy ulgamlardan gelip gowuşjak salgytlaryň we hökmany tölegleriň hasabyna üpjün ediler. 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 41,2 milliard manat möçberinde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek maksat edinilýär. Onuň agramly bölegi önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler.
Şu ýylda milli ykdysadyýeti gurluş taýdan üýtgedip guramak işi dowam etdirilip, bu ugurda ileri tutulýan pudaklarda innowasion, serişde tygşytlaýjy, daşky gurşawa zyýansyz taslamalaryň hem-de önümçilikleriň ösdürilmegine uly üns berler. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreler amala aşyrylar. Şunda maýa goýum işjeňliginiň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini düýpli ýokarlandyrmak, maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyny dowam etdirmek, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulyşýan ýurt hökmünde “işjeň synçy” derejesiniň berilmegi bilen, şu ýyl bu gurama agza bolmak bilen bagly işler dowam etdiriler. Häzirki wagtda Türkmenistanyň kanunçylygyny, daşary söwda ulgamyny bu guramanyň düzgünlerine we ýörelgelerine laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Ykdysadyýetiň pudaklarynda täze kärhanalary gurmagyň, bar bolanlarynyň durkuny täzelemegiň hasabyna ýurdumyz boýunça 5 müň 300-e golaý täze iş ornuny döretmek göz öňünde tutulýar. Döredilýän täze iş ýerleri zähmete ukyply ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna mümkinçilik berer. Hormatly Prezidentimiz agzalan Hökümet mejlisinde ilatymyzyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak üçin ýeňillikli şertlerde karzlaryň berilmegini dowam etdirmek, bankara elektron töleg ulgamyny yzygiderli ornaşdyrmak, sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça tabşyryklary berdi. Şeýle hem ykdysadyýetimizi ösdürmäge maliýe goldawyny bermek, milli puluň hümmetini durnukly saklamak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigine üns çekildi.
Durmuş ulgamy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň dowam etdirýän döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Şu ýyl Döwlet býujetiniň çykdajy böleginde durmuş maksatly ulgama gönükdirilýän serişdeleriň 77,1 göterime barabar bolmagyna garaşylýar. Serişdeleriň esasy bölegi, öňki ýyllarda bolşy ýaly, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy ulgamlarynyň ösdürilmegine gönükdiriler. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Açylmagy göz öňünde tutulýan iri ýaşaýyş jaý toplumlarynyň hatarynda Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 30 sany ýaşaýyş jaýy, köp sanly söwda we hyzmatlar öýleri, Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda 46 sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýy, paýtagtymyzda 127 sany iki gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýy, Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap oba, Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy bar.
Şäherleriň, beýleki ilatly ýerleriň düzümini toplumlaýyn kämilleşdirmäge, raýatlarymyzy ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk konsepsiýasy döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän strategiýanyň wajyp ugurlarynyň biridir. Şunda durmuş ulgamy dolulygyna “akylly” tilsimatlara, ýokary tehnologiýalara esaslanýan Arkadag şäheriniň Diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitleriniň, döredijilik kuwwatynyň ajaýyp nyşanyna öwrülendigini aýratyn bellemek gerek. Paýtagtymyzda, tutuş ýurdumyzda bar bolan ýaşaýyş jaý gaznasyny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, köp gatly, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän kottej görnüşli jaýlar guruldy we olaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Munuň özi ýaşaýjylaryň şahsy isleglerine laýyk gelýän jaýlary saýlamaga bolan şertleriň has-da artmagyna mümkinçilik berýär.
Ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna gönükdirilýän serişdeler ýurduň geljegine maýa goýumdyr. Şundan ugur alnyp, her ýylda ylym-bilim ulgamyna degişli edaralary açyp ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. Mekdebe çenli we umumy orta, ýokary bilimi kämilleşdirmek bilen bir hatarda, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga hem möhüm ähmiýet berilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda 3 müň 380 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1 müň 80 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary dabaraly açylar.
Baý medeni mirasymyzyň köpasyrlyk gymmatlyklaryny dünýäde wagyz etmek, döwrebap görnüşde has-da ösdürmek döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl paýtagtymyzda açylmagy göz öňünde tutulýan 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkez bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüler.
Geçen ýyl kabul edilmegine 30 ýyl dolan “Saglyk” Döwlet maksatnamasy saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi. Şu döwürde paýtagtymyzda, ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap hassahanalar, dürli lukmançylyk, sagaldyş-dynç alyş ugurly edaralar guruldy. Bu düzümleriň hemmesi häzirki zaman enjamlary we täzeçil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Netijede, ilata ýokary derejeli, halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge giň mümkinçilikler döredildi. Şu ýyl Aşgabatda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleri we Stomatologiýa merkezi ulanmaga berler. “Arçman” şypahanasynda bolsa 400 orunlyk täze binalar toplumy raýatlara hyzmat edip başlar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna iri maýa goýum serişdeleri gönükdiriler.
Umuman, täze Maksatnamada bellenen wezipeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy baş maksat edinýändigini doly tassyklaýar. Ykdysady özgertmeleriň geçirilmegi, öňi bilen, ykdysadyýetiň pudaklarynyň işini we dolandyrylyşyny täzeçe, döwrüň talabyna laýyklykda guramaga, ony dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesine daýanyp, yzygiderli kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetiň özboluşly nusgasynyň kemala getirilmegine mümkinçilik berýär.
Diýarymyzda gurluşyk senagatynyň önümleriniň görnüşlerini yzygiderli giňeltmäge, pudagyň önümçilik, ylmy-tehniki kuwwatyny pugtalandyrmaga, dolandyryşyň netijeli usullaryny ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hereket edýän önümçilikleriň tehniki we ykdysady kuwwatlyklaryny artdyrmak, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleri öndürmek üçin iri senagat toplumlary gurlup ulanmaga berilýär. Gaýtadan işleýän kärhanalary, senagat pudaklaryny ýokary depginde ösdürmek üçin goýberilýän maýa goýumlaryň möçberi ýylsaýyn artdyrylýar. Gurluşyk, himiýa senagatynda, elektroenergetika pudaklarynda başy başlanan iri taslamalaryň gurluşygy şu ýylda batly depginde dowam etdiriler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu pudaklaryň ösüşi okgunly häsiýete eýe boldy. Gyzylarbat etrabynda köpugurly elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi tebigy serişdelere baý ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energetika ugruny ösdürmekde täze sahypany açar.
Soňky ýyllarda ýol gurluşygyny ösdürmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini yzygiderli artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýol-ulag düzüminiň barha kämilleşdirilmegi, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak esasynda täze awtomobil ýollarynyň, köprüleriň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Şu ýylda ýurdumyzyň sebitlerini birleşdirýän ulag ýollaryny, goňşy ýurtlara uzaýan halkara ähmiýetli awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdiriler. Häzirki wagtda Türkmenistan ulag toplumynyň pudaklarynyň maddy-tehniki binýadyny işjeň berkidýär, täze awtomobil we polat ýollaryny, howa menzillerini gurmak bilen, iri logistika zynjyrlaryny döredýär hem-de yklymyň möhüm üstaşyr ulag merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Şu ýylda hem ýurdumyzda ýükleriň üstaşyr geçirilişiniň möçberiniň artdyrylmagy üçin ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak, täze üstaşyr geçelgeleri ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylmagy üstaşyr geçirilýän ýükleriň ep-esli artdyrylmagyna ýardam eder.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamy, “akylly” we “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak, emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak möhüm wezipeleriň hataryndadyr. Şoňa görä-de, ýerli hem öýjükli telefon, emeli hemra aragatnaşygy, internet, poçta hyzmatlary, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk ulgamlary döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdiriler.
Nebitgaz pudagy milli ykdysadyýetimizde wajyp orny eýeleýär. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazyň diwersifikasiýa ýoly bilen iberilişiniň möçberini artdyrmak, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak energetika syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biridir. Türkmenistan dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň biri bolmak bilen, döwrüň ýagdaýlaryna we talaplaryna kybap gelýän energetika howpsuzlygynyň täze ählumumy arhitekturasyny döretmek meselelerine aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, sebitde durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ýardam edýän iri energetika taslamalarynyň gurluşygy yzygiderli ilerlediler.
Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, döwlet buýurmasy boýunça ýetişdirilýän oba hojalyk önümlerini hem-de beýleki önümleri öndürmek, ekologik taýdan arassa önümçilikleri döretmek, maldarçylygy ösdürmek, daşky gurşawy goramak, ýer we suw serişdelerinden peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak oba hojalyk pudagynyň esasy wezipeleridir. Bu ugurlara gönükdirilýän düýpli maýa goýumlaryň hasabyna toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, öndürilýän azyklyk önümleriň görnüşlerini we möçberini artdyrmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barlar.
Dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek, esasan-da, halkyň sarp edýän harytlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak söwda toplumynyň öňünde durýan esasy wezipelerdir. Ýeňil senagat kärhanalarynyň we hususy bölegiň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy bilen, öndürilýän önümleriň görnüşleri we eksport ugurlary diwersifikasiýalaşdyrylýar. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek şu ýylda öňde goýlan derwaýys wezipeleriň hataryndadyr. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanýan telekeçiler önümçilik we hyzmatlar ulgamynyň dürli ugurlarynda üstünlikli iş alyp baryp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýarlar.
Diýarymyzyň sebitleriniň ykdysady taýdan ýokary depginli ösüşini gazanmak we innowasion häsiýetli önümçilikleri döretmek, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri öndürmek, olary dünýä bazarlaryna çykarmak, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek we daşky gurşawy gorap saklamak, ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik ulgamlaryny hil taýdan ýokary derejede ösdürmek şu ýyl üçin niýetlenen Maksatnamada esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ähli ugurlarda täze sepgitlere ýetip, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndan orun almagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna ýardam eder.
2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan mejlisde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz şu ýyl üçin kabul edilen Maksatnamanyň örän köp işleri öz içine alýandygyny, ata Watanymyzy mundan beýläk-de has-da gülledip ösdürmegiň baş maksat bolup durýandygyny nygtap, 2026-njy ýylda bellenilen sepgitlere, maksatlara halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekmek arkaly ýetiljekdigine berk ynam bildirdi. Geçen ýyllarda gazanylan oňyn netijeler, şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň depginli ösüşini täze derejä çykarmakda möhüm tapgyry açýar. Durmuşa geçirilýän giň gerimli işler Watanymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşiniň, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi üçin ygtybarly binýady döredýär.