Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
Çap edildi 23.05.2026
31

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her ýylyň 25-nji maýynyň Aşgabat şäheriniň güni hökmünde giňden bellenilmegi diňe bir paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin däl, eýsem, bütin halkymyz üçin buýsandyryjy wakadyr. Bu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergini we maslahaty geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Dünýäniň hemmetaraplaýyn ösen şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Aşgabadyň ähli ulgamlarda ýeten belent sepgitlerini giň halkara jemgyýetçilige ýaýmaga gönükdirilen halkara serginiň we maslahatyň üstünlikli geçirilmegini arzuw edýärin.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara serginiň we maslahatyň ak mermerli paýtagtymyzyň innowasion häsiýetli şähergurluşyk-binagärlik, amatly şäher gurşawyny döretmek, ilata häzirki zaman sanly platformalary esasynda jemagat hyzmatlaryny hödürlemek babatda gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä ýaýjakdygyna berk ynanýaryn. Köpugurly sergi we maslahat şähergurluşyk boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän taraplar üçin möhüm işewürlik meýdançasyna öwrüler, şeýle hem gözel paýtagtymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, öňdebaryjy tejribeleriň giňden öwrenilmegine uly ýardam eder.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak mermerli paýtagtymyzyň ösüşiň hem-de gözelligiň şäheri hökmünde at-abraýy barha artýar. Milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri öňdebaryjy gurluşyk tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp gurulýan dürli maksatly desgalar we binalar ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek bilen bir hatarda, Aşgabadyň täze, döwrebap keşbini emele getirýär. Şol desgalaryň birnäçesi dünýä binagärliginiň ajaýyp täsinligi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi.

Hormatly adamlar!
Gadyrly dostlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk babatda başyny başlan giň gerimli başlangyçlary netijesinde Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabat häzirki döwürde dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek täze taryhy döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatymyzda we kabul edilen özgertmeler maksatnamalarynda baş wezipe hökmünde kesgitlenendir. Şunda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şeýle-de ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda «akylly» öý tehnologiýalarynyň, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şäheriň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak, gözel paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, hereket edýän inženerçilik-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek, şäheriň hemişe arassa bolmagyny gazanmak ugrunda giň möçberli çäreler amala aşyrylýar.

Aşgabat eziz Watanymyzyň dolandyryş, senagat, medeniýet, bilim, ylym, lukmançylyk merkezi bolmak bilen, bu ýerde ylym, akyl we zähmet mümkinçilikleri jemlenendir. Ulag-aragatnaşyk, hyzmatlar, söwda, myhmanhana, medeni-dynç alyş ulgamlary ösendir. Şonuň ýaly-da, ilatyň saglygyny goramaga, medeniýeti, sportuň dürli görnüşlerini ösdürmäge uly üns berilýär.

Paýtagtymyzyň ähli ulgamlarda gazanan ägirt uly üstünlikleri halkara giňişlikde hem giňden ykrar edilýär. Dürli ýyllarda Aşgabat şäheri «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edildi, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Geçen ýyl ak mermerli paýtagtymyzyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi baş şäherimiziň iri ylym-bilim we medeni merkez hökmünde möhüm orun eýeleýändigini görkezen nobatdaky şanly waka boldy.

Hormatly adamlar!

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ak mermerli paýtagtymyzda ençeme desgalary gurup ulanmaga bermegi maksat edinýäris. Şäher gurluşygynda, binagärlikde we täze binalaryň bezeginde öňdebaryjy tejribeleriň hem-de milli binagärlik sungatynyň iň gowy gazananlarynyň ornaşdyrylmagy esasynda ýurdumyzyň baş şäheri geljekde has-da gözelleşip, gaýtalanmajak ajaýyp keşbe eýe bolar. Bu işler Watanymyzyň durnukly ösüşiniň, ykdysady, döredijilik kuwwatynyň barha artýandygynyň aýdyň görkezijisidir. Watanymyzyň ýüregi ak şäherimiz Aşgabat dünýäniň parahatçylyk we dost-doganlyk merkezi hökmünde iri halkara forumlaryň, sergileriň hem-de başga-da köp sanly çäreleriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi.

Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Paýtagtymyzy mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösdürmek we hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmak babatda öňde möhüm wezipeler durýar. Aşgabadyň abadançylygyň hem-de gülläp ösüşiň nusgalyk merkezi hökmündäki abraýyny geljekde has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, paýtagtymyzyň barha gözelleşmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
23.05
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
23.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.05
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Gurban baýramyny bellemek hakynda
22.05
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
22.05
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
22.05
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
22.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
22.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyny kabul etdi
22.05
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
top-arrow