Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 22.05.2026
28

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda işläp düzmek maksady bilen, Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu taslamada Döwlet býujetini düzmek üçin ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler tarapyndan berilmäge degişli hasabatlary hem-de maglumatlary taýýarlamagyň tertibi we möhletleri anyk kesgitlenildi. Geljek ýylyň Döwlet býujeti, maliýe-ykdysady görkezijileri düzülende Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli maksatnamasyndan, hakyky mümkinçiliklerden, degişli hasaplama görkezijilerinden ugur almak göz öňünde tutulýar.

Geljek ýylda ýurdumyzyň makroykdysady ýagdaýyny, jemi içerki önümiň ösüş depginini, maliýe, pul-karz ulgamyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmegi we giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini täze önümçiliklere gönükdirmek bilen, olaryň netijeliligini artdyrmak, pudaklara sanly ulgamy, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda çäreleri durmuşa geçirmek maksat edinilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu işleri geljek ýylda hem dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Karara gol çekdi we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek babatda döredilen hukuk, ykdysady şertler hem-de oňyn maýa goýum gurşawy esasynda iri daşary ýurt kompaniýalary bilen nebitgaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Hususan-da, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar we möhüm ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgaz ýataklarynyň özleşdirilmeginiň uglewodorod gorlaryny artdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işleri dowam etdirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek we ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Daşoguz welaýatynda şaly ekmek işleri geçirilýär, Lebap welaýatynda şaly ekmek möwsümine taýýarlyk görülýär. Welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de bu önümler bilen ilatymyzy ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar.

Wise-premýer ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny gysga wagtda ýygnap almak maksady bilen, hormatly Prezidentimize ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda welaýatlarda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň, il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmagynda galla oragyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem wise-premýere welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek işlerini dowam etdirmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 3-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 10-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşululardan galla oragyna «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda umumybilim berýän mekdepleri, çagalar bagyny we saglyk öýüni gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu etrabyň “Bagyr” ýaşaýyş toplumynda 2 sany her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny hem-de saglyk öýüni gurmak boýunça degişli çäreler görülýär. Gurulmagy meýilleşdirilýän mekdeplerde we çagalar bagynda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli oňaýly şertler dörediler. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, guruljak saglyk öýüni häzirki zaman lukmançylyk serişdeleri we kämil enjamlar bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy, şol sanda Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda umumybilim berýän mekdepleri, çagalar bagyny we saglyk öýüni gurmak hakynda Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şanly sene mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisini hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Serginiň çäginde Türkmen halysynyň milli muzeýinde ýurdumyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren halyçy zenanlara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» atly döwlet sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşurmak göz öňünde tutulýar. Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisine birnäçe döwletden belli halyşynaslaryň, türkmen halysynyň muşdaklarynyň, alymlaryň hem-de ussat hünärmenleriň, halyçylyk bilen meşgullanýan wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle-de paýtagtymyzda «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly maslahatlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halyçylyk sungatyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly üns berilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çäreleri, haly önümleriniň sergisini hem-de türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisine gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa 2026-njy ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, iýun aýynyň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli çäreleriň, dabaralaryň, aýdym-sazly medeni çäreleriň, sergileriň, sport ýaryşlarynyň, bäsleşikleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Paýtagtymyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, birnäçe halkara maslahatlar we olimpiadalar, sergiler geçiriler.

«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlarynyň, «Talyp joşguny — 2026» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyrynyň, Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Arkadag şäheriniň baýramçylyk meýdançasynda Arkadag şäheriniň 3 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guralar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda şu ýylyň iýun aýynda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 3-nji iýunda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramak göz öňünde tutulýar. Şanly sene mynasybetli 30-njy maý — 3-nji iýun aralygynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde welosipedli ýörişleri, sport ýaryşlaryny, ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Bütindünýä welosiped gününiň sagdyn we bagtyýar durmuşy giňden beýan edýän halkara sport baýramydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzda bu sene mynasybetli bedenterbiýe-sport çärelerini guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer hasabatyny dowam edip, “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýany” tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy barada aýtdy.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hususan-da, bu ugurda Milli strategiýanyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz raýatlaryň sagdynlygyny gazanmak, ilat arasynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek maksady bilen taýýarlanan resminama gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen täze Kararnama barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyz birnäçe ýyllaryň dowamynda halkara ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp gelýär we olar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan yzygiderli goldaw tapýar. Hormatly Prezidentimiz bu ýoly ýokary derejede dowam etdirmek bilen, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüş işini ösdürmek, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ilerletmek bilen bagly meseleler boýunça başlangyçlary öňe sürýär. Birleşen Milletler Guramasy bu ugurlar boýunça birnäçe Kararnamany kabul etdi.

Şu ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi bu halkara ähmiýetli waka bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan-saglyk, uzak ömür, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Bitarap Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek ugrunda edýän tagallalarynyň üstünlikli dowam etdirilýändigini belledi.

“Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsiniň bu Kararnamany goldamagy, köp sanly ýurtlaryň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi biziň üçin uly abraýdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz geljekde hem BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini belläp, mejlise gatnaşyjylaryň ählisini gelip gowşan hoş habar — möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň esasynda Türkmenistan bilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklar täze many-mazmuna eýe boldy. Dünýä ykdysadyýetine çalt depginler bilen goşulyşmak, bazar gatnaşyklaryny halkara hukuga laýyklykda ýola goýmak maksady bilen, 2013-nji ýylda Türkmenistanyň bu gurama agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet topary döredildi. Bu topar tarapyndan Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň milli bähbitlerimize laýyk gelýän ähli ugurlary içgin seljerilip, guramanyň agzasy bolmak üçin talap edilýän köptaraplaýyn söwda ylalaşyklary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary düýpli öwrenildi. Bu ugurda alnyp barylýan işlere täzeden itergi bermek babatda Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek maksady bilen iş topary döredildi. Şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde bu gurama bilen hyzmatdaşlyk bölümi açyldy.

Häzirki wagtda BSG bilen alnyp barylýan gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin birnäçe teklip taýýarlanyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamanyň gutarnykly görnüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin degişli iş toparynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 10-njy iýunynda geçirmek teklip edilýär. Ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly bu guramanyň çäklerinde döredilen Türkmenistan boýunça iş toparyna başlyklyk etmek üçin doly ygtyýarly agza ýurtlaryň arasyndan birini kesgitlemek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda BSG bilen bilelikde Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş umman sebitlerinden bolan ýurtlaryň arasyndan saýlamak we kesgitlemek boýunça degişli işleri geçirmäge başlamak baradaky teklip beýan edildi.

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly gepleşikleri alyp barjak Milli gepleşik toparyny döretmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli gepleşik toparynyň düzümini kesgitlemek we tassyklamak, Bütindünýä Söwda Guramasy bilen bilelikde bu toparyň wekillerini degişli taýýarlyk okuwlaryna we gurama tarapyndan geçirilýän mejlisleriň işine synçy hökmünde gatnaşdyrmak boýunça iş meýilnamasyny taýýarlamak teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, ony giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Bütindünýä Söwda Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu pudaga halkara ülňülere laýyk gelýän täze tehnikalar ornaşdyrylýar, ilatymyza ýokary hilli we medeniýetli hyzmat etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Ulanylýan ýolagçy wagonlarynda düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, ilatymyza ýokary hilli hyzmat etmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolagçy wagonlaryny abatlamak boýunça taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň gününiň hem-de uçurymlaryň «Soňky jaň» dabarasynyň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda üç günläp, ýagny 27-28-29-njy maýda Gurban baýramynyň belleniljekdigini aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi. “Gurbanlyk günlerinde beriljek sadakalar kabul bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Aşgabat şäheriniň güni, «Soňky jaň» dabarasy, Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy bu şanly seneler mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
23.05
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
23.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.05
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Gurban baýramyny bellemek hakynda
22.05
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
22.05
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
22.05
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
22.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
22.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyny kabul etdi
22.05
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
top-arrow