Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyny kabul etdi
Çap edildi 22.05.2026
846

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýewi kabul etdi.

Dostlukly ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Gyrgyzystanda Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan goşandyna ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem myhman Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň aprel aýynda Gyrgyz Respublikasyna amala aşyran dostlukly saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, gyrgyz-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýratyn goşandyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin Adylbek Kasymaliýewe minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň şu gezekki mejlisiň işine gatnaşmagynyň Gyrgyz Respublikasynyň GDA-nyň çäklerindäki köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydygyny subut edýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, myhmanyň şu gezekki saparynyň bolsa döwletlerimiziň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň Gyrgyz Respublikasy bilen ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berýändigini kanagatlanma bilen nygtady.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, häzirki wagtda ulag, nebitgaz senagaty, elektroenergetika, oba hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi hem-de ýurdumyzyň bu ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Ynsanperwer hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn hereketleriň aýrylmaz bölegi hökmünde bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň medeniýet, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça tagallalara ýokary baha berýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
10.10
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
top-arrow