Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Gurluşyk-senagat toplumy we elektroenergetika pudagy
Teswirlemeler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Gurluşyk-senagat toplumy we elektroenergetika pudagy
Çap edildi 05.02.2026
27

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi esasynda üstünlikli amala aşyrýan durmuş ugurly syýasaty Türkmenistanyň raýatlarynyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň maksatlaryna doly laýyk gelýär. Garaşsyz Watanymyzyň çar künjeginde alnyp barylýan ägirt uly gurluşyk taslamalary, iň döwrebap tehnologiýalar ulanylyp gurulýan kaşaň desgalar milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny, innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini aýdyň görkezýär.

Soňky ýyllarda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokary görkezijilere eýe bolmagy esasy pudaklaryň durnukly ösmegini, öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň möçberiniň yzygiderli artmagyny üpjün edýär. Şolaryň hatarynda gurluşyk-senagat toplumy hem bar. Toplum Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde möhüm orny eýeleýär. Senagatyň we gurluşyk önümçiliginiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, pudagyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde soňky ýyllarda görlüp-eşidilmedik möçberde gurluşyk taslamalary amala aşyryldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda işe girizilen, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ägirt uly senagat kärhanalary, köp sanly önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalar Türkmenistanyň dünýäniň iň depginli ösýän ýurtlarynyň birine öwrülmegini üpjün etmek ugrunda görülýän toplumlaýyn çäreleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we beýleki maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan, Türkmenistany senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet strategiýasyna laýyklykda, gurluşyk senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndürýän täze kärhanalary gurmaga, hereket edýän önümçilikleriň kuwwatyny ýokarlandyrmaga ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýi bellenilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem birnäçe möhüm desgalaryň açylyş dabaralaryna beslendi.

Geçen ýylyň 12-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylan zawod Türkmenistanda şeýle önümleri öndürýän ilkinji, dünýäde bolsa iň iri we döwrebap kärhanalaryň biri bolup durýar. Bu ýerdäki ähli inženerçilik işleriniň, kärhananyň önümçiliginde ornaşdyrylan enjamlaryň halkara standartlara doly laýyk gelýändigi «SACMI Imola Societa Cooperativa» italýan kompaniýasynyň şahadatnamasy bilen tassyklanyldy. Italiýanyň «Associazione Costruttori Italiani Macchine Attrezzature per Ceramica» kompaniýasynyň şahadatnamasy bolsa kärhananyň ekologik taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desga bolup durýandygyny tassyklaýar.

Täze kärhanada öndürilýän häzirki zaman gurluşyk we bezeg serişdeleriniň dürli görnüşleri Türkmenistanda gurluşyk önümçiligi pudagyny döwrebaplaşdyrmak, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak, önümçilik we ylmy-tehniki binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň anyk mysalydyr.

Geçen ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz ýene-de bir önümçilik desgasynyň — paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylan zawodyň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna ýokary hilli çüýşe önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň halkara standartlaryna laýyk gelýändigi baradaky güwänamalara mynasyp bolan täze önümçilik desgasynyň tapawutly aýratynlygy diňe ýerli çig mallardan däl, kwars çägesinden, hek daşyndan, dolomitden we natriý sulfatyndan hem peýdalanmagydyr. Munuň özi diňe bir taýýar önümleriň özüne düşýän gymmatyny peseltmek bilen çäklenmän, eýsem, önümçilik prosesleriniň üznüksiz bolmagyny-da üpjün edýär. Soňky ýyllarda gurlan beýleki desgalarda bolşy ýaly, önümhananyň gurluşygynda hem ekologik talaplaryň berjaý edilmegine uly üns berildi. Munuň özi daşky gurşawa ýetirilýän täsiri peseltmäge kömek edýär. Bu ýerde ornaşdyrylan öňdebaryjy ulgamlar, önümçilik galyndylaryny dolandyrmagyň döwrebap usullary topragyň we suw serişdeleriniň hapalanmagynyň öňüni almaga, netijede, ekologik abadançylygy üpjün etmäge mümkinçilik döredýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, sebitlerde türkmenistanlylaryň abadan ýaşaýşy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin has amatly şertleriň üpjün edilmegini göz öňünde tutýan döwrebap durmuş-ykdysady düzümleriň kemala getirilmegine uly möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde kemala gelýän täze obalar halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegi nazarlaýan giň gerimli özgertmeleriň aýdyň görkezijisidir. Bu ugurda alnyp barylýan işler diňe bir oba ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga däl, eýsem, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine, täze ilatly ýerleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem goşant goşýar.

Geçen ýylyň sentýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Döwletli mekan, Kaka etrabynda Bagtly zamana obalarynyň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Bitaraplyk şäherçesiniň açylmagy halkymyz üçin mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy. Olaryň her birinde ýaşamak üçin zerur şertler döredilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary guruldy. Olaryň taslama işleri işlenip düzülende oba ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Her bir öýde howly hem-de hojalyk maksatly mellek bar. Obalarda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy we wagtyny gyzykly geçirmekleri üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Ähli çagalar baglary, umumybilim berýän mekdepler häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gurulýar hem-de enjamlaşdyrylýar.

Saglyk öýleri, medeniýet merkezleri, azyk önümlerinden başlap, öý-hojalyk harytlaryna çenli dürli önümleri hödürleýän döwrebap söwda merkezleri häzirki zaman obalarynyň esasy aýratynlygydyr. Azyk önümleriniň esasy böleginiň ýerli önümçilige degişlidigini bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, importyň ornuny tutýan we Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňeldýän döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ähli welaýatlarda maldarçylyk, guşçulyk, ýyladyşhana toplumlaryny öz içine alýan obasenagat klasterleri döredilýär. Munuň özi telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmäge, netijede, zähmeti bilen türkmen topragynyň gülläp ösmegini, azyk bolçulygyny üpjün edýän oba ýaşaýjylarynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

«Ýokary hilli ýaşaýyş» diýen düşünje abadan daşky gurşawy, adamlaryň öndürijilikli işlemegi, doly derejeli dynç almagy üçin gowy şertleri öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, şäherdir obalarda ýaşyl zolaklary döretmek, suw üpjünçiligini gowulandyrmak, serişdeleri we energiýany tygşytlaýan tehnologiýalary ornaşdyrmak, medeni-dynç alyş, sport merkezleriniň işini goldamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Täze döwrüň nyşany bolan döwrebap obalar häzirki zaman ýol-ulag we aragatnaşyk infrastrukturasyna, suw, elektrik energiýasy, gaz hem-de lagym ulgamlaryna eýe bolup, bu ugurdaky işlere jogapkärli çemeleşilýändigini görkezýär.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny, olaryň Türkmenistanda şäherleriň we obalaryň giň gerimli gurluşyk taslamalaryna has işjeň gatnaşýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Ýerli işewür toparlaryň wekilleri ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak arkaly Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga goşant goşýarlar.

Gurluşyk pudagyna ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, ýerli telekeçiligi goldamak boýunça döwlet tarapyndan berilýän goldawlar şähergurluşyk syýasatynyň üstünliklere beslenmegini şertlendirýär. Bu üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň döredijilikli paýhasy ägirt uly gurluşyk taslamalarynda öz beýanyny tapýar. Olaryň iň esasysy Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň gurluşygydyr. Kanunçylyk esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu «akylly» şäher Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Innowasion şäher gurluşygynyň nusgasy hökmünde ykrar edilen bu şäher häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny, adaty bolmadyk binagärlik çözgütlerini özünde jemleýär. Bu giň gerimli taslamanyň binýadyny goýan Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şähere amala aşyrýan iş saparlarynda “Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda batly depginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň gidişini üns merkezinde saklaýar.

Gurluşyk pudagynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň depgini we maýa goýum işjeňliginiň ýokary derejesi ak mermerli Aşgabadyň mysalynda hem aýdyň görünýär. Ýaşyl seýilgählerdir meýdançalar bilen gurşalan döwrebap binalaryň hem-de desgalaryň özboluşly arhitekturasy bilen haýran galdyrýan paýtagtymyz dünýäde iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherleriň biri hasaplanýar. Aşgabadyň birnäçe binalarynyň dürli ýyllarda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi halkymyzy tüýs ýürekden buýsandyrýar. Paýtagtymyzyň gazananlary, ägirt uly serişde we durmuş-ykdysady mümkinçilikleri Aşgabat şäheriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergide we maslahatda öz beýanyny tapýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda guralan nobatdaky giň gerimli forum jemgyýetçilik köpçüligini Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, şäherleriň we welaýatlaryň durmuşyny guramakda ulanylýan innowasion tehnologiýalar, milli ykdysadyýetiň depginli ösýän pudaklarynyň biri hökmünde gurluşyk-senagat toplumynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.

Geçen ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga täze itergi berdi. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli her ýyl geçirilýän forum bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine goşant goşýar. «CIET 2025» forumyna gatnaşan daşary ýurt wekiliýetleriniň giň wekilçilikli düzümi iň gowy dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge möhüm ähmiýet berýän, daşary ýurtly maýadarlar üçin zerur şertler döredilen Türkmenistanyň geljegi uly bazaryna dünýäniň işewür toparlarynyň gyzyklanmasynyň artýandygyny subut etdi.

Gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklaryna gönükdirilýän maýa goýumlara uzak möhletli ykdysady ösüşiň we halkyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynyň esasy hökmünde garalýar. Munuň özi abadan we bagtyýar durmuşy üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, suw, gaz, elektrik üpjünçiligi ulgamlarynyň, täze suw arassalaýjy desgalaryň hem-de häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän döwrebap awtomobil ýollarynyň gurluşygyna uly möçberde serişdeler bölünip berilýär. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşmagy munuň aýdyň mysalydyr. Täze ýoluň gurluşygy Türkmenistanyň logistika mümkinçiliklerini artdyrmaga, onuň yklymda esasy üstaşyr geçiriji ýurt hökmündäki ornuny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň welaýatlarynyň arasynda, goňşy döwlet bilen söwdany we haryt dolanyşygyny, ýük hem-de ýolagçy gatnawyny giňeltmäge ýardam berer.

Esenguly etrabynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metre deň bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we içerki ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde gurlan Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralary boldy.

Baý uglewodorod, mineral we gidromineral çig mallaryna eýelik edýän Türkmenistan halkara bazarlarda mineral dökünleriň esasy öndürijisi hökmünde ornuny berkidýär. 2025-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Täze toplum ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini we içerki sarp edijileri ýokary hilli fosforly dökünler bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer. Munuň özi azyk bolçulygyny üpjün etmäge şert döreder.

Öňde goýlan maksatlardan ugur alyp, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply himiýa senagatyny kemala getirmek, täze önümçilik desgalarynyň sanyny artdyrmak, bar bolan ugurdaş kärhanalaryň durkuny täzelemek hem-de önümçilik kuwwatyny giňeltmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, pudagy ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär. Ýakyn ýyllarda Ahalda gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny, Mary welaýatynyň Mary etrabynda mineral dökünleri öndürýän zawody gurmak meýilleşdirilýär.

Energetika senagaty hem milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetmekde möhüm orny eýeleýär. Bu pudagy ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap elektrik stansiýalary guruldy, bar bolanlarynyň önümçilik kuwwatlyklary ep-esli artdyryldy, elektrik geçirijileri täzelenildi we täze geçirijiler çekildi. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýäniň energetika ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagy üçin zerur şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli elektroenergetika pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we onuň maddy-tehniki, ylym-bilim binýadyny berkitmek üçin netijeli çäreler görülýär.

Geçen ýyl Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň açylyp ulanmaga berilmegi Bilimler we talyp ýaşlar gününe ajaýyp sowgat boldy. Täze binada oturdylan döwrebap, innowasion enjamlar ylmy-barlag we tejribe işlerini ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýär. Bularyň ählisi döwletimiz tarapyndan elektroenergetika pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, şol sanda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, olaryň zerur bilimleri, hünär başarnyklaryny öwrenmekleri babatda yzygiderli tagalla edilýändigini görkezýär.

Gurluşyk we senagat toplumyndaky iň möhüm üstünlikleriň syny milli ykdysadyýetimiziň bu esasy pudaklarynyň ýokary depginde ösdürilýändigine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa geçen ýylda başy başlanan özgertmeleriň üstünlikli dowam etdirilip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda has ýokary sepgitlere ýetiljekdigine ynam döredýär.

Soňky habarlar
06.02
Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny gutlady
05.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Gurluşyk-senagat toplumy we elektroenergetika pudagy
05.02
Türkmenistan GDA gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda «Bedew bady: güýç hem gözellik» ady bilen telewizion filmleriň döwletara bäsleşigini yglan edýär
04.02
2026-njy ýylyň ýanwary: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
04.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde boldy
04.02
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany okyjylara ýetirildi
04.02
Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
03.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Saglygy goraýyş we sport
02.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
02.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 893 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow