Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
Teswirlemeler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
Çap edildi 13.01.2026
35

Nebitgaz toplumy

Häzirki döwürde energetika ulgamynda alnyp barylýan syýasat energetika howpsuzlygy, bazarlar, tehnologiýalar, halkara standartlar bilen şertlendirilýär. Onuň ösüş ýoly bolsa ýurtlaryň syýasy we ykdysady bähbitleri, durnuklylygyň üpjün edilmegi, ekologik meseleleriň çözülmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ählumumy energetika ulgamy energiýa üpjünçiliginiň bütindünýä toruny, bu ugurdaky halkara gatnaşyklary özgerdýän täze meýilleriň, sanly çözgütleriň täsiri bilen yzygiderli ösüşe eýe bolýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ýangyç-energetika ulgamynda sebit we dünýä energetika howpsuzlygynyň berkidilmeginde uly orny eýeleýän iri taslamalaryň amala aşyrylandygyny bellemek gerek. Munuň üçin ygtybarly, durnukly energiýa üpjünçiligi, energiýa çeşmeleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň azaldylmagy, gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösdürilmegi, energiýa netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy zerurdyr.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň energetika syýasaty nebitgaz senagatynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, onuň halkara energetika ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyna, energiýa serişdelerini gazyp almagyň we ulanmagyň has netijeli, ekologik taýdan arassa usullaryny işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýan täze tehnologiýalaryň döredilmegine gönükdirilendir. Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny ep-esli artdyrmagy maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň ägirt uly mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy, türkmen tebigy gazynyň daşarky bazarlara iberilmegi, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda täze infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hökmünde ýangyç-energetika toplumynyň öňünde bu pudagy ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça wajyp wezipeleriň durandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin ylmyň täze gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, nebitgaz ýataklaryny gözläp tapmak, nebiti we gazy çykarmak işlerini yzygiderli kämilleşdirmek, uglewodorod serişdelerini, olary gaýtadan işlemekden alynýan önümleri dünýä bazarlaryna ýerlemek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmek, nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyryp, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek babatda tabşyryklar berildi.

Häzirki wagtda Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girýän kuwwatly energetika döwleti bolmak bilen, iri nebitgaz kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak arkaly göni energiýa hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär. Şunda milli ýangyç-energetika toplumyna iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamlary, hususan-da, 3D hem-de 4D modelirleme usullaryny işjeň ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Milli ýangyç-energetika toplumynyň düzümine girýän elektroenergetika, gaz we nebit pudaklarynyň kärhanalary üstünlikli hereket edip, oňyn görkezijileri gazanýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda tebigy gaz bilen işleýän döwlet energiýa paýlaýjy ulgamynyň möhüm bölegi bolan birnäçe döwrebap elektrik stansiýalary hereket edýär. Netijede, ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwatlyklary ep-esli artdy.

Ýangyç-energetika toplumynyň wajyp binýadyny emele getirýän gaz senagaty Diýarymyzyň senagat önümçiliginiň möçberiniň ýarysyndan gowragyny eýeleýär. Häzirki wagtda gaz pudagynda önümçiligiň ähli tapgyrlarynda ýokary tehnologiýalary ulanmak arkaly täze ýataklary gözlemek, baha bermek we senagat taýdan özleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Gazy gaýtadan işleýän pudak hem barha ösýär. Tebigy gazy gaýtadan işleýän täze kärhanalaryň gurulmagy bilen, çig maly has çuň gaýtadan işleýän ýokary netijeli önümçilikler döredildi.

Täze nebit ýataklaryny ýüze çykarmak we özleşdirmek, çykarylýan nebitiň möçberini ýokarlandyrmaga ýardam edýän häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanmagyň hasabyna nebit senagatynyň önümçilik düzümini kämilleşdirmek işleri dowam etdirilýär. Şeýle hem nebithimiýa pudagy netijeli ösdürilýär. Içerki bazary üpjün edýän, ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny emele getirýän önümçiligiň möçberini we görnüşini artdyrmak, öndürilýän önümleriň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Mälim bolşy ýaly, nebit himiýa senagatynyň möhüm binýady bolup durýar. Bu gymmatly çig mal lybaslary, aýakgaplary, plastik önümleri, boýag serişdelerini, metallurgiýa üçin elektrodlary öndürmekde peýdalanylýar. Tehniki we durmuşda ulanylýan serişdeleri — örtüjileri, paketleri, kommunikasiýa turbalaryny, elektrik kabelleri örtüjileri öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanylýan türkmen polietileni ýokary islegden peýdalanýar. Kislotalara, aşgarlara, ýaglara garanyňda, polietilen has berkligi, mäkämligi, gatylygy, himiki durnuklylygy, dielektrik häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin-de ondan durmuşda ulanylýan himiýa önümleri, çelekler, oýnawaçlar, gap-gaçlar, aşhana we hammam, tikinçilik, mebel önümleri, awtomobil, durmuş tehnikalary üçin şaýlar, guýular, estakadalar görnüşindäki uly möçberli gurluşlar üçin zerur serişdeler taýýarlanylýar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody nebitgaz senagatynyň gerimini giňeltmekde wajyp orny eýeleýär. Netijede, wodorod ýangyjynyň, bioýangyjyň, ýokary oktanly awtoulag benzininiň, uçar, yşyklandyryş we tehniki kerosiniň, suwuklandyrylan gazyň, dürli görnüşli dizel ýangyjynyň, tehniki çalgy ýaglaryň, polipropileniň, gyzdyrylan elektrod koksunyň, ýol we gurluşyk bitumynyň önümçilikleri ýola goýuldy. Täze tehnologiýalarydyr usullary peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzda nebiti, gazy çykarmagyň ýokary depginini üpjün etmekde tebigy gazy düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň möhümdigini bellemek gerek. Şunda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze ekologik ölçegleriň çäklerinde öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak, döwrebap enjamlary satyn almak üçin täze maýa goýumlary çekmek, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri döretmek Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi energiýanyň sarp edilişiniň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni alýan az çykdajyly energiýa serişdelerini öndürmäge bolan çemeleşme uly gyzyklanma eýe bolýar. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň ünsüni energetika howpsuzlygyna çekmek arkaly soňky ýyllarda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürip, mundan beýläk-de maksada gönükdirilen halkara işini üstünlikli dowam etdirýär. Her ýyl geçirilýän sergiler, duşuşyklar we maslahatlar nebitgaz pudagynda täze taslamalary işe girizmek, dünýädäki ýagdaýlar bilen tanyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Geçen ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum muňa aýdyň mysaldyr. Bu çäre “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň “Türkmen Energiýa Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guramagynda diňe adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurdunda sanly ulgam arkaly hem görkezildi.

Iki günüň dowamynda forumyň öňüsyrasyndaky sessiýalaryň ikisi, plenar mejlis we ugurdaş mejlisleriň bäşisi geçirildi. Forumyň öňüsyrasynda guralan «Emeli aňy ulanmak arkaly uglewodorod serişdelerini gazyp almagyň geljegi: nebitgaz känleriniň mümkinçiliklerini açmak» atly mejlisde bellenilişi ýaly, ýakyn geljekde emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy işiň netijeliligini ýokarlandyrmak, uglewodorod känleriniň ulanyş çykdajylaryny azaltmak, olaryň ägirt uly kuwwatlyklaryny ýüze çykarmak üçin täze mümkinçilikleri açar. Forumyň öňüsyrasynda geçirilen «Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ykdysady we maýa goýum kuwwatynyň ösüş mümkinçilikleri: bilim, syýahatçylyk we telekeçilik ugurlary» atly ikinji mejlisde bolsa emeli aň, kiberhowpsuzlyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, talyplaryň akademiki alyşmalaryny artdyrmak we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça bilelikdäki başlangyçlary işläp taýýarlamak, medeni gatnaşyklar, syýahatçylyk başlangyçlary arkaly durnukly syýahatçylygy ilerletmek üçin bilim ulgamynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: bütindünýä energiýasynyň we durnukly ösüşiň geljegini emele getirmekde Türkmenistanyň orny» atly plenar mejlisiň gün tertibine energetika diplomatiýasynyň, sebit durnuklylygynyň we ählumumy hyzmatdaşlygyň binýady hökmünde ýurdumyzyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlary girizildi. «Türkmenistanyň energetika pudagyndaky täze maýa goýum mümkinçilikleri: tebigy gaz we monetizasiýa», «Gurluşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk ulgamlaryna aýratyn üns berip, Türkmenistanda infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlary çekmek işini çaltlandyrmak», «Türkmenistanyň energetika pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri: nebit we nebithimiýa», «Türkmenistanyň we Malaýziýanyň hususy pudaklarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek: senagat we hyzmatlar ulgamy», «Durnukly geljegi döretmekde arassa energiýanyň orny: metanyň we kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň azaldylmagy» atly mejlislerde foruma gatnaşyjylar baý tebigy serişdeleri netijeli ulanmak, energetika bazarlaryny ösdürmek, özara bähbitli iri taslamalara maýa goýumlary çekmek, ýurdumyzyň iri ýataklarynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmakda täze gurallar, daşky gurşawa zyýansyz önümçilikleri, innowasion tehnologiýalary we nou-haulary ornaşdyrmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, Türkmenistandaky durnukly ykdysady we syýasy ýagdaý, kemala getirilen degişli kanunçylyk binýady daşary ýurtly maýadarlar üçin ýurdumyzyň özüne çekijiliginiň barha artmagynyň möhüm şertidir. Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebit ýataklaryny özleşdirmäge maýa goýumlary çekmäge hem aýratyn üns berildi. Uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ugur edinýän anyk taslamalaryň çäklerinde Türkmenistan — Hytaý, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijilerini tebigy gaz bilen üpjün etmek, Özbegistana, Eýranyň üsti bilen «swap» usulynda Türkiýä gaz ibermek maksady bilen, iri «Galkynyş» gaz käni özleşdirilýär. Şeýle hem forumda uglewodorod baýlyklaryny gözlemekde we gazyp almakda döwrebap çemeleşmeler, önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmek, nebiti, tebigy gazy çuň gaýtadan işlemek, dürli görnüşli nebit hem-de gazhimiýa önümlerini öndürmek boýunça teklipler beýan edildi. Daşary ýurtlaryň nebitgaz kompaniýalarynyň bilermenleri çykyşlarynda toplan tejribelerini, täze ylmy işläp taýýarlamalaryny, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda innowasion taslamalaryny paýlaşdylar. Gün we ýel energiýasyndan, bioýangyçdan iş ýüzünde peýdalanmak barada synag-tejribe işläp taýýarlamalarynyň görkezilişi guraldy.

Häzirki döwürde Türkmenistan nebitgaz toplumyna innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini işjeň ornaşdyryp, daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary, işewür düzümleri bilen ynanyşmaga, hormata we özara bähbitlere esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. 14-nji maýda Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufik, Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýeg bilen halkara derejeli duşuşygy we ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmegi hem munuň güwäsidir.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň nebitgaz pudagynyň, Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda bellenilişi ýaly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi diňe durmuşa geçirilýän taslamalary däl-de, eýsem, Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze ugry bolan senagat pudagyndaky iri taslamalary hem göz öňünde tutýar. Onuň netijeleri boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Ylalaşyklara gol çekildi.

Türkmenistanda tebigy serişdeler özleşdirilende, olar rejeli ulanylýar, daşky gurşawy goramak babatda yzygiderli alada edilýär, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça möhüm halkara başlangyçlar öňe sürülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda energiýa serişdeleri gazylyp alnanda, önümçilige netijeli gorag tehnologiýalary ornaşdyrylanda ekologik töwekgelçilikleri azaltmak, döwrebap dolandyryş çözgütlerini ulanmak boýunça degişli işler geçirilýär. Netijede, bu ugurda kadalaşdyryjy hukuk binýady döredildi. Ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýän senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

5-nji iýunda utgaşykly görnüşde geçirilen «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň baş maksady sanly tehnologiýalary we adam maýasyny ösdürmegi ugur edinýän ýurdumyzyň we iri energetika kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalaryň, ylmy jemgyýetçiligiň, maliýe institutlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat boldy. Forumda tehnologiýalar we howanyň üýtgeýän şertlerinde energetika pudagyny durnukly ösdürmegiň, daşky gurşawa oňaýsyz täsirleri azaltmakda amaly çözgütleri işläp taýýarlamagyň hem-de öňdebaryjy tejribeleri alyşmagyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), Nebit inženerleri jemgyýetiniň, Halkara energetika agentliginiň, «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.», «CNPC», «Dragon Oil», «Eni S.p.A.» ýaly meşhur kompaniýalaryň wekilleri hem-de ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarydyr esasy hünärmenleri ara alyp maslahatlaşmalara gatnaşdylar.

«Täze uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde energetiki mümkinçilikler, täze tehnologiýalar we daşky gurşaw taraplary» atly mejlisde çykyş eden hünärmenler nebitgaz ýataklaryny rejeli özleşdirmek üçin netijeli we ekologik taýdan arassa usullaryň işlenip taýýarlanylmagynyň daşky gurşawy hapalanmakdan goramakda wajyp ähmiýete eýedigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, tebigata antropogen täsiri azaltmak üçin nebit senagatynyň işiniň ekologik taýdan arassalygyny üpjün etmegiň, uglewodorod ýataklary özleşdirilende iň täze enjamlary we tehnologiýalary ulanmagyň, energiýa çykdajylaryny azaltmagyň, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ösdürmegiň zerurdygyna üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, energiýa çykdajylarynyň düýpli azaldylmagy, Gün we ýel elektrik stansiýalary arkaly energiýa öndürmek tehnologiýalarynyň ösdürilmegi az uglerodly ykdysadyýete geçmekde hem-de ekologik taýdan durnukly geljegi gurmakda aýgytlaýjy ähmiýete eýedir. Şunda arassa energiýa geçmegiň Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi.

“Adam maýasy ekologik jogapkärçiligiň hereketlendiriji güýji hökmünde: metanyň we kömürturşy gazynyň zyňyndylary babatyndaky meseleleri çözmekde hünär bilimini we innowasiýalary ulanmak» atly mejlisde ekologik durnuklylygy gazanmakda adam faktorynyň aýgytly orny ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça strategiýalara garaldy. Uglewodorod serişdelerini gazyp almagyň, ekologik taýdan arassa önümleri we hyzmatlary üpjün etmegiň önümçilik zynjyrynyň düzüminde metanyň, ugurdaş gazyň zyňyndylaryny hasaplamagyň hem-de azaltmagyň tehnologiýalary, usullarydyr tejribesi bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy. Halkara derejeli bilermenler türkmen kärdeşleri bilen tejribelerini paýlaşdylar hem-de köp mukdardaky kömürturşy gazy saklanýan uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek we atmosfera zyýanly zyňyndylary azaltmak boýunça hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň ugurlaryny kesgitlediler. Türkmen alymlary hem bu ugurda täze ylmy işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrdylar.

2025-nji ýylda geçirilen iş maslahatlarynda, Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde ýangyç-energetika toplumynyň infrastrukturasyny innowasion taýdan ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge gönükdirilen energetika strategiýasynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara bähbitlilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda sebitdäki ýurtlar bilen yzygiderli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy bu strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 20-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň wajyp bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşmagy we onuň nobatdaky tapgyryna ak pata bermegi hem munuň şeýledigini aýdyň görkezdi.

Şeýlelikde, 2025-nji ýylyň jemleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak, importyň ornuny tutýan önümçilik ulgamynda wezipeleri çözmek, Watanymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän strategiýada ýangyç-energetika toplumyna möhüm ornuň degişlidigini subut etdi. Türkmenistanda bu pudakda amala aşyrylýan iri taslamalar diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär.

Soňky habarlar
13.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
13.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
12.01
Täze, döwrebap tehnikalar gelip gowuşdy
12.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak boldy
11.01
Innowasiýalar — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň we abadançylygynyň möhüm şerti
11.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
09.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
09.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow