Şu ýyl her bir türkmenistanly üçin mukaddes hasaplanýan şanly senä — Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi halkara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm wakalaryň biri boldy. 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda we 2025-nji ýylyň 21-nji martynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň Baş Assambleýa tarapyndan gaýtadan kabul edilmegi ýurdumyzyň ynamly alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu Kararnamalarda BMG-niň Tertipnamasynyň esas goýujy maksatlary, hususan-da, ýüze çykýan dawalary gönüden-göni parahatçylykly ýollar arkaly çözmek boýunça borçnamalar öz beýanyny tapdy.
Bitaraplygy BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji döwlet bolmak bilen, Türkmenistan hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik usullarynyň ähli gurallaryny ulanyp, ägirt uly parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmäge girişdi. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamalary muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu resminamalaryň ählisi häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge, dünýä halklarynyň parahatçylyk däplerini pugtalandyrmaga, gymmatlyklarydyr dünýägaraýyşlary dikeltmäge, halkara gatnaşyklaryň aýrylmaz şerti hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini kesgitlemäge gönükdirilendir.
Aslynda, ýurdumyzyň bu başlangyçlary parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş pikiri durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologik, amaly taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryşdyr. Häzirki döwürde Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, sebitde we dünýäde möhüm parahatçylyk dörediji merkez hökmünde işjeň çykyş edýär. Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek, gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar we hyzmatdaşlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, Ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan ýörelgeler Garaşsyz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň binýadyny düzýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda tassyklanan “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda bu syýasatyň hukuk esaslary hem-de ony halkara gatnaşyklarda durmuşa geçirmegiň ýörelgeleridir maksatlary kesgitlenilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, bu Kanunyň taslamasy döwletimiziň hemişelik, oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ornuny has-da berkitmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy. Kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak çygryndaky döwlet syýasaty ýurdumyzyň Konstitusiýasyna, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny we ynsanperwerlik ýörelgelerini kesgitleýän «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna hem-de şu Konstitusion kanuna esaslanýar. 2-nji maddada nygtalyşy ýaly, bitaraplyk; deňhukuklylyk; adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak; birek-birege hormat goýmak; özara ynam, açyklyk we hormat esasynda hyzmatdaşlyk; hoşniýetli goňşuçylyk; güýç ulanmazlyk we güýç ulanmak howpuny salmazlyk, harby bileleşiklere hem-de birleşmelere gatnaşmazlyk; beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk; jedelleriň öňüni almak we olary parahatçylyk ýollary bilen çözmek; ynsanperwerlik; halkara gatnaşyklarda «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasyna eýermek; halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak; halkara borçnamalary ak ýürekden ýerine ýetirmek; döwletleriň deňhukuklylygyny, özygtyýarlylygyny hormatlamak parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň esasy ýörelgeleridir.
Kanunyň 3-nji maddasynda Birleşen Milletler Guramasynyň esas goýujy ýörelgelerine, gymmatlyklaryna we maksatlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hem-de öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak; Türkmenistanyň durnukly ösmegi üçin amatly daşarky şertleri döretmek; parahatçylyk we ynanyşmak arkaly Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmek; jedelleriň we gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegi üçin ynanyşykly dialog medeniýetini ösdürmek; parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bu syýasatyň esasy maksatlary hökmünde kesgitlenendir. Ýurdumyzyň syýasy ugry parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen, şol sanda bu ýörelgeleri ykrar etmegiň toplumlaýyn çemeleşmelerini öz içine alýan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasy baradaky başlangyçlary wagyz etmegi we ilerletmegi maksat edinýär.
Halkara gatnaşyklar ulgamynda döwletiň milli bähbitlerini yzygiderli goramak bilen bir hatarda, daşary ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, döwletara birleşikler we halkara guramalar hem-de forumlar arkaly dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we ony halkara giňişlikde ýaýmak arkaly dünýäde parahatçylyk dörediji, ylalaşdyryjy-araçy merkez hökmünde Türkmenistanyň ornuny berkitmek hem möhüm wezipe bolup durýar. Parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary Konstitusion kanunyň 4-nji maddasynda beýan edilýär. Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn strategiýasyny işjeňleşdirmek arkaly geljegiň ykdysadyýetine täze çemeleşmeleri we uzak möhletleýin nusgalary döretmek; «ýaşyl» ykdysadyýet, «akylly» şäher strategik ugurlaryny ösdürmek; demokratik institutlar, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek, Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary bilen birek-birege hormat goýmak esasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek meseleleri şolaryň hataryndadyr.
Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty ulag-aragatnaşyk, daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylyk, Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek, suw serişdelerini rejeli we adalatly peýdalanmak ugurlaryny öz içine alýan dürli ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem gönükdirilendir. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň, ýaşlaryň halkara gatnaşyklarda we parahatçylykly başlangyçlarda işjeňligini artdyrmaga, halklardyr döwletleriň özboluşly medeniýetlerine, däp-dessurlaryna hormat goýmak arkaly medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, bu ugurda halk diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu syýasat dünýäniň ykdysady we medeni-ynsanperwer giňişligine deňhukukly goşulmaga, mundan beýläk-de halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berjek zerur şertleri döretmäge gönükdirilendir.
“Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Konstitusion kanunyň aýratyn maddasy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan halkara giňişlikde işjeň ilerledilýän «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasyna bagyşlanýar. Mälim bolşy ýaly, bu ählumumy başlangyç 2021-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň çäklerinde öňe sürüldi. Forumyň Jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. BMG-niň Baş sekretarynyň Täze gün tertibini döretmek baradaky başlangyjy bilen gönüden-göni baglanyşýan halkara gatnaşyklaryň bu filosofiýasy parahatçylygy döretmäge, dawalaryň öňüni almaga we öňüni alyş çärelerini goldamaga gönükdirilendir. Hut şoňa görä-de, «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgesi parahatçylyk we ynanyşmak babatda halkara gatnaşyklaryň binýadyny emele getirmelidir. Diplomatik gepleşikler bolsa halkara we sebit derejesinde ýüze çykýan dawalary, gapma-garşylyklary çözmegiň kabul ederlikli ýeke-täk usuly hökmünde ykrar edilmelidir.
Halkara giňişlikde işjeň orny eýeleýän, häzirki zamanyň ählumumy meselelerini çözmäge goşant goşýan Türkmenistanyň toplan tejribesi Bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleriniň parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň netijeli guraly bolup durýandygyny görkezmek bilen, beýleki döwletler üçin nusga bolup hyzmat edýär. Ýurdumyz «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýa eýerip, köpugurly, doly görnüşli, dürli derejeli ulgamlaýyn dialogy ýola goýmagyň tarapdary hökmünde çykyş edip, mundan beýläk-de häzirki zaman wehimleriniň öňüni almaga, olaryň täsirlerini peseltmäge gönükdirilen çäreleri öňe sürer we amala aşyrar.
Kanunyň 6-njy maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar etmek bilen, halkara gatnaşyklarda ynsanperwerlige parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Umumadamzat gymmatlyklaryny, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek bu syýasaty durmuşa geçirmegiň çäklerindäki ynsanperwer tagallalaryň binýatlaýyn ýörelgesi hökmünde kabul edilýär. Halkara gatnaşyklarda ynsanperwer meseleleriň çözülmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçilikleriniň ulanylmagy möhüm ugurdyr.
Türkmenistan halkara hem-de sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen, geljekde-de parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň berkidilmegine, deňagramly, birleşdiriji häsiýete eýe bolan gün tertibiniň döredilmegine ýardam eder. Kanunda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan goňşy we sebit ýurtlary bilen ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan gatnaşyklary alyp barýar. Bu ugurda adam hukuklarynyň goralmagy, medeni, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi, ynanyşmaga we birek-birege hormat goýmaga ýardam edýän çäreleriň geçirilmegi boýunça başlangyçlaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilen tagallalary goldaýar.
7-nji maddada parahatçylygyň we ynanyşmagyň berkidilmeginde öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn ornuň degişlidigi, şunda esasy maksadyň Birleşen Milletler Guramasynyň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça institutlarynyň, ýörite syýasy wekilhanalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işlerine goldaw bermäge gönükdirilendigi bellenilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda açylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi sebitiň parahatçylygyna we howpsuzlygyna agram salýan hem-de mümkin bolan wehimleri ýüze çykarmakda we aradan aýyrmakda Merkezi Aziýa döwletlerine ýardam berýän düzümdir. Onuň işiniň esasy ugry Merkezi Aziýa we oňa ýanaşyk sebitleriň meseleleriniň toplumy boýunça maslahat beriş-bilermenlik dialogynyň, köptaraplaýyn öňüni alyş diplomatiýasynyň binýadynyň döredilmegine we ilerledilmegine, öňüni alyş diplomatiýasynyň halkara gatnaşyklaryň tejribesine ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir.
Kanunda parlament diplomatiýasynyň ornuna aýratyn üns çekilýär. Parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny durmuşa geçirmegiň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny berkitmek; Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyny halkara jemgyýetçilige giňden ýaýmak boýunça parlamentara dostluk toparlarynyň, parlamentara dialogyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak; dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň berkidilmegi ugrunda halkara parlamentara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bu diplomatiýanyň esasy wezipeleridir.
Bitaraplygyň dostlary toparyna bagyşlanan aýratyn maddada topara parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde giň mümkinçilikleriň döredilmegi üçin ähli sagdyn, jogapkärli güýçleri, döwletleri ýa-da ýurtlaryň toparlaryny birleşdirýän meýdança hökmünde garalýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan gapma-garşylyklaryň öňüni almak, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmak, ynsanperwerlik meselelerini çözmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde köptaraplaýyn dialoga giňden ýardam bermek maksady bilen, bu topary döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Bitaraplygyň dostlary toparynyň işi täze agza ýurtlary çekmegi; Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk döredijilikli milli tejribesini halkara gatnaşyklar ulgamyna ornaşdyrmagy; duşuşyklary yzygiderli geçirmegi we öňe sürülýän başlangyçlaryň hem-de teklipleriň durmuşa geçirilmegi boýunça tagallalary birleşdirmegi ugur edinýär. Şunda parahatçylygyň we ynanyşmagyň ynsanperwer ýörelgelerini, sagdyn, bilimli ýaşlary kemala getirmegi wagyz etmek, bu işe ählumumy derejede ýaşlaryň goşulyşmagyny gazanmak maksady bilen, Bitaraplygyň dostlary toparynyň işinde jemgyýetçilik torlaryny we sanly diplomatiýany amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini ulanmak möhüm ugur bolar.
Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly bolup, halkara guramalar, ilkinji nobatda, tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy gazanmagyň ýeke-täk meýdançasy hökmünde BMG bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça saýlap alan ugruna üýtgewsiz eýerýär. Soňky ýyllarda toplanan baý hyzmatdaşlyk tejribesine we onuň ýokary derejesine daýanýan bu gatnaşyklar häzirki tapgyrda hil taýdan täze mazmuna eýe bolýar. “Parahatçylygyň we ynanyşmagyň berkidilmegi babatda halkara hyzmatdaşlyk” atly 10-njy madda laýyklykda, Türkmenistan BMG-niň öz ygtyýaryna girýän islendik meseleleri çözmekde onuň ileri tutulmagyny ykrar edýär hem-de ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün edýän, ähli hukuk ygtyýarlyklaryna eýe bolan ýeke-täk halkara gurama hökmünde onuň möhüm ornunyň berkidilmegini goldaýar.
Ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi, parahatçylygyň we özara ynanyşmagyň üpjün edilmegi boýunça daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Kanunyň 11-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny wagyz etmek babatda halkara forumlaryň we maslahatlaryň umumy syýasy meýdançasy bolup durýar. Dekabr aýynda Halkara Bitaraplyk güni, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek başlangyjy hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Ýokary wekilçilikli forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň iň esasysy bolar. Oňa durnukly parahatçylygyň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi üçin uly mümkinçilikleri açjak ählumumy derejeli waka hökmünde garalýar. Bularyň ählisi Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerine eýerip, dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde halkara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna ýardam bermek bilen, netijeli we köptaraply dialogyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşmagy dowam etdirýändiginiň aýdyň mysalydyr.