Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistan ynsanperwer gün tertibi boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegi maksat edinýär
Teswirlemeler
Türkmenistan ynsanperwer gün tertibi boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegi maksat edinýär
Çap edildi 16.10.2025
57

Ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş etmek bilen, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmakda BMG-niň eýeleýän ornuny güýçlendirmegiň, halklaryň ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine ýardam etmegiň, medeni diplomatiýanyň netijeli ugurlaryny herekete getirmegiň wajypdygyny nygtady.

Türkmenistan köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen, bu babatda anyk teklipleri ulgamlaýyn esasda öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe süren Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek baradaky başlangyjy munuň aýdyň güwäsidir. Bu teklip dillere we medeni dürlülige hormat goýmak arkaly halkara gatnaşyklarda köpdilliligi goldamak, halklaryň arasynda ynanyşmagy, özara düşünişmegi, dialogy pugtalandyrmak boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Toplanan tejribä we täze döreýän mümkinçiliklere daýanyp, ýurdumyz ynsanperwer gün tertibi boýunça Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasyndaky ileri tutýan garaýyşlarynda adam mümkinçilikleriniň, medeniýetara dialogyň, adam hukuklarynyň ilerledilmegine ýardam berýän taslamalary öňe sürmegi hem-de olary goldamagy maksat edinýändigi tassyklanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň çäginde “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly halkara geňeşmeleri geçirmek başlangyjyny öňe sürýär. Bu format dünýä gurluşynda we sebit hyzmatdaşlygy meselelerinde zenanlaryň ornuny pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.

Mälim bolşy ýaly, bu dialog BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň goldamagynda 2020-nji ýylyň dekabrynda döredilen sebitiň taryhyndaky şeýle düzümleriň ilkinjisidir. Düýbünden täzeçil bu format geçen döwrüň içinde gender deňliginiň meselelerini ilerletmek, zenanlaryň hukuklaryny, mümkinçiliklerini giňeltmekde garaýyşlary, tejribeleri we öňdebaryjy gazanylanlary alyşmak, jemgyýetiň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer durmuşynda olaryň mümkinçiliklerini herekete getirmek babatda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin netijeli meýdança öwrüldi. Bu dialog “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistan bu işde başlangyçlar bilen çykyş edip, öňde goýlan wezipeleri çözmäge jogapkärli we öňdengörüjilikli çemeleşýändigini görkezip gelýär. Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna, milli kanunçylygyna we umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, zenanlar baradaky alada, olaryň jemgyýetdäki ornuny berkitmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Zenanlar bu günki gün döwlet häkimiýetiniň ähli şahalaryndaky düzümlere, şol sanda parlamente wekilçilik edip, daşary syýasy işe-de işjeň gatnaşýarlar. Olar dürli pudaklarda gaýratly zähmet çekip, telekeçilik bilen meşgullanyp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň we ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Ýaş nesli terbiýelemekde, gadymdan gelýän maşgala we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamakda-da zenanlara aýratyn orun degişlidir.

Türkmenistan degişli ugurda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Muňa ýurdumyzyň dürli ýyllarda BMG-niň ugurdaş düzümleriniň agzalygyna saýlanylmagy-da şaýatlyk edýär. Bu babatda döwletimiz birnäçe gezek forumlaryň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň geçirilen merkezine öwrüldi. Şunda şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Sekretariatynyň bilelikde guramagynda geçirilen Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny muňa anyk mysal hökmünde görkezmek bolar. Onuň gün tertibine DÇBÖBD-de Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň möhüm meseleleri girizildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda zenanlar dialogynyň işini işjeňleşdirmäge, onuň çäklerinde sebitara we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen täze başlangyçlary häzirki zaman dünýäsinde zenanlaryň döredijilik mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, döwletleriň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerletmäge hemmetaraplaýyn itergi bermäge çalyşýan Türkmenistan köptaraply ýaşlar dialogyny ösdürmek boýunça teklipler bilen çykyş edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda ýurdumyz Merkezi Aziýada ýaşlar dialogyny ilerletmegi, “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly ählumumy gün tertibiniň çäklerinde onuň işini giňeltmegi maksat edinýär. Şunda ýaşlaryň çözgütleri kabul etmäge hem-de parahatçylyk döredijilikli başlangyçlara işjeň çekilmegine aýratyn üns berler.

Islendik ýurduň hem-de jemgyýetiň ösüşiniň hereketlendiriji güýji bolup durýan ýaşlara parahatçylygy döretmek işinde möhüm orun degişlidir. Türkmenistanda ýaş nesliň watançylyk ruhunda, ýokary ynsanperwer gymmatlyklaryň binýadynda terbiýelenmegi hemişe üns merkezinde saklanylýar. Gahryman

Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, aň-paýhas mümkinçiliklerinden, ukyp-başarnyklaryndan netijeli peýdalanmaklary, hünär taýdan kämilleşmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Şu maksatlaryň esasynda yzygiderli çäreler görlüp, degişli milli kanunçylyk-hukuk binýady ulgamlaýyn kämilleşdirilýär.

Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň ýaşlary döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Olar täze bilimleri, innowasion tehnologiýalary uly höwes bilen öwrenip, dürli kärleri ele alýarlar, telekeçilikde, döredijilikde, sportda üstünlikleri gazanyp, Garaşsyz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň ýokarlanmagyna goşant goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ýurdumyzyň ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Türkmenistan BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki halkara guramalar hem-de daşary döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek bilen, ýaşlar babatda ileri tutulýan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýar. Bilelikdäki işiň giň ugurlaryny öz içine alýan “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň” kabul edilmegi hem muny aýdyň tassyklaýar. Bilim, ylym we medeniýet, maglumat-aragatnaşyk, syýahatçylyk, bedenterbiýe, sport ýaly ulgamlara, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işine ýaşlary çekmek, olaryň halkara meýletinçilik taslamalaryna we maksatnamalaryna gatnaşmagy şolaryň hataryndadyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar dialogyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edipdi. Onuň ilkinji mejlisi bolsa 2023-nji ýylyň oktýabrynda Arkadag şäherinde geçirildi. 2025-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilen ikinji mejlise dünýäniň 45 ýurdunyň wekilleri gatnaşdylar. Dialogyň duşuşyklaryna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmeleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji we 79-njy sessiýalarynyň resminamalary hökmünde çap edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň maksatnamasyna ýaşlar mowzugynyň girizilmegi-de onuň ileri tutulýan ugurdygyny ýene bir gezek tassyklaýar. Onuň çäklerinde geçirilen Ýaşlar forumy DÇBÖBD-niň ýaş nesliniň wekilleriniň häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaklary üçin netijeli meýdança bolup, gatnaşyjylara täze taslamalardyr başlangyçlaryň durmuşa geçirilişinde öňdebaryjy tejribäni paýlaşmaga mümkinçilik berdi. Forumyň çäklerinde «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köprüleri gurmak» atly Ýaşlar jarnamasy tassyklanyldy.

Jemgyýetçilik gatnaşyklaryna, möhüm sebit we ählumumy meseleleriň çözülmegine ýaşlary çekmek mowzugynyň Awaza maslahatynyň çäklerinde guralan Nesilleriň arasyndaky dialogyň we beýleki çäreleriň dowamynda hem öz beýanyny tapandygyny bellemek gerek. Şeýlelikde, Awazada geçirilen duşuşyklar hemmeler üçin nurana geljegi gurmak boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine goşant goşdy.

Türkmenistan Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Aşgabatda ýaş parahatçylyk gurujylary taýýarlajak sebitleýin platformany döretmegi öňe sürýär. Ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlarynda bellenilişi ýaly, bu merkez diplomatiýa, parahatçylyk gurujylyk hem-de dürli milletleriň arasynda düşünişmek medeniýetini ilerletmek ulgamynda ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyny ugur edinýän halkara bilim we dialog meýdançasyna öwrüler. Bu başlangyç oňyn Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan Türkmenistanyň bar bolan mümkinçilikleriniň, ýaşlar hyzmatdaşlygynyň kuwwatlyklarynyň netijeli ulanylmagy ugrunda tagalla edýändigini görkezýär.

Medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem halkara gatnaşyklaryň gün tertibiniň möhüm bölegini düzýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan «Parahatçylygyň we ösüşiň esasy hökmünde Beýik Ýüpek ýolunyň medeni mirasy» atly Kararnamanyň taslamasyny nobatdaky sessiýanyň garamagyna hödürlemegi maksat edinýär. Bu başlangyç halklaryň arasynda ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasy hökmünde taryhy-medeni mirasyň ähmiýetini açyp görkezmek bilen, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant bolar.

Ýewraziýany birleşdirýän Beýik Ýüpek ýoly gadymy döwürlerde-de yklymüsti söwda we kerwen ýoly hökmünde giň medeni alyşmalaryň özboluşly köprüsi bolup hyzmat edipdir. Ynsanperwer gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda aýratyn ähmiýetli orun eýelän bu ýol dürli halklara bilimleri alyşmaga, birek-biregiň medeniýeti, däp-dessurlary, ruhy gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik beripdir. Asyrlaryň dowamynda Ýewraziýanyň ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan häzirki döwürde “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasyny durmuşa geçirýär. Täze taryhy şertlerde bu strategiýa giň gerime eýe bolýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlarynda Türkmenistanyň milli mirasyň wagyz edilmegine, medeni gazanylanlaryň alşylmagyna, ynsanperwer gatnaşyklaryň ilerledilmegine gönükdirilen medeni-sergi hem-de syýahatçylyk işi ulgamynda başlangyçlary öňe sürmegi dowam etdirjekdigi bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu ugurda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýändigini nygtamak gerek. Türkmenistan degişli hukuk binýadyny berkitmegiň çäklerinde bu guramanyň esas goýujy halkara resminamalaryna goşuldy. Milli we köptaraply hödürnamalaryň çäklerinde taryhy-medeni ýadygärlikler, halkymyzyň maddy däl gymmatlyklary hem-de tebigy goraghanalar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawlaryna girizildi. Bu ugurda meýilnamalaýyn işler häzirki wagtda-da dowam etdirilýär.

Durnukly ösüşiň binýatlaýyn şerti hökmünde bilim we ylym ulgamlaryna uly üns bermek bilen, Türkmenistan tejribeleriň alşylmagy, bu ugurda sebit hem-de ählumumy başlangyçlaryň utgaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär. Däp bolan özara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyna ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň açylmagy, orta mekdepleriniň birnäçesiniň guramanyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna goşulmagy-da aýdyň şaýatlyk edýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça institutynyň arasynda gol çekilen “Ýol kartasynyň” çäklerinde sanly bilim we milli derejede bu ulgama öňdebaryjy halkara tejribäni ornaşdyrmak bilen bagly taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilendigini, Aşgabadyň bolsa «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigini bellemek gerek.

Halkara hyzmatdaşlygyň ynsanperwer ugrunyň çäklerinde hukuk ulgamy barada aýratyn nygtamak zerur. Milli kanunçylyga we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, ýurdumyzda demokratik institutlaryň binýadyny berkitmek, Türkmenistanda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini goramak hem-de kepillendirmek boýunça ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Hususan-da, BMG, onuň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki halkara we sebit düzümleri bilen bosgunlaryň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleri boýunça netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmenistan bu ugurda köptaraply halkara resminamalara goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Ýurdumyz bu babatda toplan oňyn tejribesini daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen paýlaşmaga taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, şöhratly ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerine eýerip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen, şu güne çenli ýurdumyzda ýaşaýan, şol bir wagtda başga döwletiň raýaty bolmadyk adamlaryň 32 müňden gowragy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Geçen döwürde daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň müňlerçesine hem ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Şu ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 142 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi. Olar 7 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýar. Munuň özi Watanymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgä, gadymdan gelýän demokratik gymmatlyklara esaslanýan özgertmeler syýasatyna ygrarlydygynyň güwäsidir.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň binýady hökmünde ynsanperwerligiň mizemez gymmatlyklaryny yzygiderli ilerletmegi dowam etdirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň we başlangyçly orny eýeleýän ýurdumyz olary çözmäge jogapkärli, ulgamlaýyn hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşýändigini görkezýär.

Soňky habarlar
16.10
Türkmenistan ynsanperwer gün tertibi boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegi maksat edinýär
16.10
Arkadag şäherine täze halkara sylag gowşuryldy
15.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze önümçilik desgasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyndaky çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
14.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
14.10
Halkymyz barada hemmetaraplaýyn alada — durmuş ugurly syýasatyň esasy maksady
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
13.10
Türkmenistan ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk başlangyçlaryny öňe sürýär
top-arrow