Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz sebit we halkara gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda çykyş edip, bu ugurda anyk başlangyçlary öňe sürýär.
Häzirki wagtda toplanan baý tejribäniň we bar bolan mümkinçilikleriň esasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygy täze mazmuna eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän iki möhüm senäniň — BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň özara baglanyşyklydygy bellärliklidir. Türkmenistan Milletler Bileleşigi bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarly bolup, onuň möhüm maksatlaryna ýetmek üçin geljekde-de bilelikde işlemäge taýýardygyny görkezýär. Munuň özi 9-njy sentýabrda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda öz işine başlan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlarynda hem öz beýanyny tapýar. Bu resminama ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen birnäçe wajyp ugurlary öz içine alýar.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky işinde oňyn Bitaraplyk, gapma-garşylyklary we düşünişmezlikleri diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmek ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtamak gerek. Mälim bolşy ýaly, geçen döwürde ýurdumyz BMG-niň çäklerinde anyk başlangyçlary, şol sanda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek, öňüni alyş diplomatiýasynyň mehanizmleriniň ornuny pugtalandyrmak, bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen bagly başlangyçlary öňe sürdi. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda agzalan meseleler boýunça birnäçe Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Şolaryň biri-de 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamadyr. Bu başlangyç ähli döwletlere dünýäniň ykbaly, tutuş adamzadyň geljegi üçin öz jogapkärçiligine düşünmek baradaky ýüzlenmedir. Çünki parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasy ählumumy ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň bu ugurda yzygiderli durmuşa geçirýän işleri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda logiki taýdan dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 21 — 24-nji sentýabr aralygynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde 80-nji ýubileý sessiýanyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş etmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýäniň häzirki ýagdaýy, syýasy, ykdysady, durmuş prosesleriniň häsiýeti we meýilleri döwletlerden hem-de halkara guramalardan esasy umumy maksady gazanmagyň — parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, mundan beýläk-de okgunly ösüş üçin şertleri döretmegiň, häzirki zaman dünýä gurluşynyň binýadynda goýlan hukuk esaslaryny gorap saklamagyň bähbidine utgaşykly hyzmatdaşlygy talap edýär. Türkmenistan Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň esasy wezipelerine hut şu nukdaýnazardan seredýär we berk deňagramly hem-de howpsuz dünýä arhitekturasyny döretmekde oňa uly umyt baglaýar. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmaga taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň bu wezipeleri ilerletmekde hem-de ýerine ýetirmekde iň netijeli gurallaryň biridigine berk ynam bildirdi.
Türkmenistan Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly aýratyn bendi girizmek başlangyjyny öňe sürdi. “Dünýä jemgyýetçiliginiň bitaraplygyň wajyplygyna, BMG-niň parahatçylyk döredijilikli strategiýasynda onuň mümkinçiliklerine we gurallaryna düşünýändiginden ugur alyp, ol möhüm diýlip hasaplanýar. Bu ugry dowam etdirmek bilen, Türkmenistan şu gezekki sessiýanyň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň taslamasyna seretmegi teklip eder” diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşynda nygtady. Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp geçiriljek ýokary derejeli iri halkara forum BMG-niň strategik maksatlaryna ýetmäge anyk goşant bolar.
Hormatly Prezidentimiz döwlet çemeleşmeleriniň dünýäniň ösüş meýillerine ýakynlaşmak prosesiniň ulgamlaýyn we yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekip, BMG-niň münberinden Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek başlangyjyny öňe sürdi. Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamak sammitiň esasy wezipeleriniň biri bolar. Bu kodeks ýurtlaryň arasynda özygtyýarlylyga we çäk bitewüligine hormat goýmak, dünýä meselelerini bilelikde çözmek hem-de hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin köpugurly esas bolup hyzmat eder. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we özara düşünişmegi üpjün etmek meselelerine häzirki zaman ösüşiniň ugurlary, medeni we ruhy gatnaşyklary gorap saklamak hem-de ýakynlaşdyrmak zerurlygy bilen aýrylmaz baglanyşykda garaýandygyny aýtdy. Bu babatda ýüzýyllyklaryň dowamynda Gündogar bilen Günbataryň arasynda medeni köpri bolan Merkezi Aziýa häzirki günde öz taryhy wezipesini gaýtadan dikeldip, dialog, hyzmatdaşlyk babatda dünýägaraýyşlary we gymmatlyklary ýakynlaşdyrmak üçin giňişlik bolmalydyr. Şunda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň şu gezekki sessiýanyň dowamynda BMG bilen hyzmatdaşlykda hem-de sebitiň ýurtlarynyň, beýleki gyzyklanma bildirýän döwletleriň, halkara institutlaryň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi» atly halkara forumy geçirmegi teklip etjekdigini belledi.
Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyň ähli möhüm ugurlary boýunça sebitleýin we sebitara dialogy ösdürmek üçin meýdançalary döretmek babatda yzygiderli iş alyp barýandygyny nygtamak gerek. Aşgabatda hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi muňa aýdyň mysaldyr. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2022-nji we 2024-nji ýyllarda kabul edilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalar hem bu hakykaty doly tassyklaýar. Watanymyz parahatçylyk we döredijilik kuwwatyny dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirmek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň alyp barýan işlerine işjeň gatnaşmagy maksat edinýär. Şoňa görä, ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlarynda Türkmenistanyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 2031-2032-nji ýyllarda hemişelik däl agzalygyna saýlanylmagy boýunça taýýarlyk işlerini dowam etdirjekdigine üns çekilýär.
Şeýlelikde, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermek bilen, ýurdumyz tutuş dünýäde halkara gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmegine uly goşant goşýar. Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň garamagyna Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakynda Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi munuň nobatdaky güwäsidir. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu Kararnama gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we kadalaşdyrmakda diplomatiýanyň hem-de bitarap meýdançalaryň ähmiýetini nygtar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlarynda beýan edilişi ýaly, Türkmenistan Parahatçylyk we howpsuzlyk üçin Bitaraplygyň ýörelgelerini berjaý etmek we durmuşa geçirmek boýunça ýörite gollanmany taýýarlamaga işjeň gatnaşmagy, BMG-niň howandarlygynda Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek maksady bilen, geňeşmeleri geçirmek başlangyjyny öňe sürmegi maksat edinýär. Gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak, şol sanda olary ýörite ylalaşdyryjy merkezleri döretmek arkaly kadalaşdyrmak boýunça parahatçylykly gepleşikleri geçirmek üçin bitarap ýurtlaryň çäklerini netijeli ulanmak ýörelgesi şu ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamada hem öz beýanyny tapýar. Bu resminamada Türkmenistanyň öz çäginde ýokarda ady agzalan palatany döretmek baradaky teklip bellenilýär. Mundan başga-da, Kararnamada sebitiň ýurtlary, dünýäniň beýleki döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde ýurdumyzyň eýeleýän işjeň orny ykrar edilýär.
Watanymyzyň parahatçylyk döredijilikli tagallalarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerine we halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilen halkara hukugyň kadalaryna esaslanýandygyny aýratyn nygtamak zerur. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda Türkmenistanyň hemişe ähli halkara başlangyçlaryny BMG-niň Tertipnamasyna we esas goýujy resminamalaryna, uzak möhletli maksatlaryna laýyk getirýändigini belledi. BMG bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ileri tutýan strategik ugry bolup durýar. «Biz BMG-niň köpugurly ygtyýarlyklara eýe bolan ýeke-täk halkara guramadygyny ynam bilen aýdýarys. Birleşen Milletler Guramasy parahatçylygyň we ösüşiň kepili, ählumumy howpsuzlygyň, durnuklylygyň binýady bolmagynda galmalydyr» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Türkmenistan halkara işlerde BMG-niň eýeleýän esasy ornuny pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli çykyş etmegini dowam etdirer. Şunda halkara hukugyň berkidilmegi, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegi, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy munuň esasy şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürýär. Munuň özi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýatlaryny berkitmekde möhüm ädim bolar.
Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde eden çykyşynda bu sessiýanyň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýedigine ünsi çekdi. 30 ýyl mundan ozal şol ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Ol ýurdumyz üçin taryhy waka bolup, Türkmenistanyň geljekki daşary syýasy we halkara işini kesgitledi. Biziň Bitaraplygymyzyň halkara derejede ykrar edilmegi daşarky amatly şertleri üpjün edip, döwletimiziň içerki ösüşini işjeňleşdirmäge ýardam berdi. Şular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň özüne bildirilen ynamy hemişe ýatda saklajakdygyny we öz üstüne alan halkara borçnamalaryna pugta eýerjekdigini tassyklady.
Ýurdumyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik, köpugurly we netijeli häsiýeti Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda geçirilen duşuşykda ýene bir gezek aýdyň ýüze çykdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitarap döwlet bolmak bilen, halkara giňişlikde işjeň syýasaty alyp barýar, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary dowam etdirýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny muňa aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bu maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistana hoşallyk bildirip, forumyň we onuň dowamynda kabul edilen resminamalaryň BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň meselelerini çözmek boýunça alyp barýan işinde täze tapgyry açandygyny belledi. Şeýle-de iri halkara guramanyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň sebit we ählumumy meseleleriň oňyn çözgütlerini işläp taýýarlamakdaky goşandyna, Merkezi Aziýada hem-de dünýä giňişliginde parahatçylyk taglymlaryny ilerletmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdi.
Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň jogapkärli agzasy bolmak bilen, sebitleýin we halkara proseslere işjeň gatnaşýar, parahatçylyk dörediji merkez, dialog üçin ygtybarly meýdança hökmünde eýeleýän ornuny iş ýüzünde tassyklap, bu ugurda çemeleşmelerini we işlerini anyk kesgitleýär, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbidine häzirki döwrüň meseleleriniň deňagramly çözgütlerini işläp düzmek babatda tagallalary birleşdirmek ugrunda çykyş edýär.