BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna bagyşlanan makalalar toplumynyň ozalky sanlarynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary wekilçilikli forumyň geçirilmegine döwletleriň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmakda, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk formatlaryny döretmekde ýurdumyzyň goşýan ägirt uly goşandynyň ykrar edilmesi hökmünde garaýar. Bu makalada bolsa halkara hyzmatdaşlygyň netijeli guralyna öwrülen parlament diplomatiýasyna üns çekiler.
Parlament diplomatiýasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk awgust aýynyň başynda geçirilmegi bellenilen ýokary derejeli ýedi forumyň esasy mowzuklarynyň biri bolar. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde dünýä ýurtlarynyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda barha ösýän hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtamak zerur. Parlamentara gatnaşyklar ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy berkitmegiň, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň öňe sürýän parlament diplomatiýasy häzirki wagtda parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň netijeli guraly bolmalydyr.
Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli halk parlamentarizminiň düýp mazmuny we häsiýeti barada aýdylanda, möhüm, ykbal çözüji çözgütleri kabul etmek üçin iň mynasyp, parasatly, döwleti dolandyrmakda tejribesi bolan, jogapkärli, öňdengörüji adamlary saýlamagyň halkymyzda asyrlaryň dowamynda ýörelge bolup gelýändigini bellemeli. Halk wekilçiliginiň öňden gelýän baý mirasyna daýanyp, ýurdumyzda häzirki zaman şertlerinde bu tejribäniň dowam etdirilmegi üpjün edilýär. Häzirki wagtda Mejlis häkimiýetiň diňe bir kanun çykaryjy şahasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, asyrlaryň dowamynda synagdan geçen taryhy däpleriň hem mynasyp dowam etdirijisidir. Onuň netijeli işi döwlet gurluşynyň berkararlygynyň, syýasy ulgamyň kämilleşdirilmeginiň, sazlaşykly jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň, okgunly durmuş-ykdysady ösüşiň esasy sütünleriniň biri bolup durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan döredijilikli daşary syýasat ugruna ynamly eýerýär. Şunda Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan parlament diplomatiýasynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda bu hukuk derejäniň ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllygy baýram edilýär.
Soňky döwürde milli parlamentiň alyp barýan işi hil taýdan täze derejä çykaryldy. Kanun çykaryjylygyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek bilen bir hatarda, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy berkitmäge, özara düşünişmäge, dürli milletden bolan adamlaryň arasynda deňhukuklylyga hem-de hormata esaslanýan dialogy ýola goýmaga, medeniýetleriň arasynda aragatnaşyk köprülerini gurmaga gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge-de uly ähmiýet berilýär. Parahatçylyk döredijilikli strategiýa laýyklykda, dostlukly ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň iş gurallaryny işläp düzmek we kämilleşdirmek ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenendir. Bu babatda Türkmenistanyň Mejlisiniň alyp barýan işi dürli ugurlardaky, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Parlamentara Birleşik, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy ýaly iri halkara institutlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri öz içine alýar.
Parlamentara dostluk toparlarynyň mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Soňky ýyllarda Mejlisiň halkara hyzmatdaşlygynyň gerimi düýpli giňedi. Daşary ýurtlaryň 40-dan gowragynyň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn esasda dostluk toparlarynyň hereket etmegi-de muňa şaýatlyk edýär. Şeýle düzümler hyzmatdaş döwletleriň kanun çykaryjy edaralary bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin hemişelik meýdança bolup, olar bilen açyk we netijeli dialog üçin amatly guraldyr. Milli parlamentiň mümkinçilikleri Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy we ykdysady wezipelerinde ileri tutýan garaýyşlaryny ählumumy hem-de sebit derejesinde ilerletmekde netijeli peýdalanylýar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe sürlen “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly başlangyjy durmuşa geçirmäge möhüm ähmiýet berýändigini bellemelidiris. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyjyň düýp manysy dünýä bileleşigi bilen parahatçylykly we ynanyşykly ýaşamak ýörelgelerini berkitmekde halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmekden, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerini çözmek üçin dialogyň, hyzmatdaşlygyň esasynda bilelikde iş alyp barmakdan ybaratdyr. Şeýle-de ol BMG-niň Baş sekretarynyň, şol sanda ählumumy strategik töwekgelçilikleri peseltmegi, gapma-garşylyklaryň öňüniň alynmagyna, parahatçylygyň berkidilmegine hem-de sebit derejesinde öňüni alyş hereketleriň goldanylmagyna maýa goýumlary gönükdirmegi öz içine alýan parahatçylykly durmuşy gurmak üçin Täze gün tertibini kemala getirmek baradaky başlangyjy bilen gönüden-göni utgaşýar.
2021-nji ýylyň aprelinde paýtagtymyzda Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly sanly ulgam arkaly duşuşygynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen 2022-nji ýylyň maýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň, 2024-nji ýylyň fewralynda utgaşykly görnüşde paýtagtymyzda geçirilen Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň “Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny” atly duşuşygynyň geçirilmegi döwletimiz tarapyndan parlament diplomatiýasyna uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Bu çäreleriň netijeleri kanun çykaryjy edaralaryň hyzmatdaşlygyň bilelikdäki mümkinçilikleriniň gerimine göz ýetirmek bilen, ony durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny görkezdi.
Parlament diplomatiýasy barada gürrüň edilende, halkara jemgyýetçiligiň ýüzbe-ýüz bolýan häzirki zaman meseleleriniň ählumumy dialogyň gurallarynyň täzelenilmegini talap edýändigini nygtamak möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, dürli formatlarda parlament alyşmalaryny ilerletmek, parlamentarileriň netijeli başlangyçlaryny goldamak döwletiň möhüm wezipeleri bolup durýar. Şunda ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmekde, hususan-da, durnukly ösüşi üpjün etmekde, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde we beýleki ugurlarda Birleşen Milletler Guramasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde milli parlamentleriň ornunyň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Çünki onda parlamentarileriň işjeň orny eýelemekleri Milletler Bileleşiginiň çäklerinde döwletara ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça tagallalary has netijeli utgaşdyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, parlament forumynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerindäki esasy çäreleriň biri hökmünde kesgitlenilmegi-de tötänleýin däldir.
Parlament diplomatiýasy ýurtlaryň milli daşary syýasy strategiýalaryny netijeli durmuşa geçirmekde möhüm serişde, dünýä ýurtlarynyň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi berkitmekde kanun çykaryjy edaralaryň täsir etmeginiň ýörite guraly bolmaga, durnukly ösüş institutlaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Bu ugurdaky işler meseleleriň oňyn çözgüdiniň tapylmagyny, dawa-jenjelleriň öňüniň alynmagyny şertlendirýär hem-de halkara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny emele getirip, ony has-da kämilleşdirýär. Parlament diplomatiýasy diňe bir döwletara hyzmatdaşlygyň däl, eýsem, demokratik gymmatlyklary, adam hukuklaryny, durnukly ösüşi berkarar etmegiň hem guralydyr. Häzirki zaman şertlerinde parlament institutlaryny berkitmäge gönükdirilen tagallalar ählumumy parahatçylygy we durmuş adalatlylygyny üpjün etmekde strategik ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen birlikde, milli parlament edaralary resmi we jemgyýetçilik diplomatiýasyna mahsus aýratynlyklary utgaşdyryp, döwletleriň we halkara guramalaryň syýasy garaýyşlaryny kemala getirmekde, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça dürli derejedäki anyk çözgütleri çykarmakda öz esasy iş ugurlaryndan peýdalanýarlar.
Parlament diplomatiýasynyň eýeleýän aýratyn orny onuň adamlar üçin derwaýys ugurlary ara alyp maslahatlaşmaga, garaýyşlaryň galtaşýan nokatlaryny kesgitlemäge, giň goldawa eýe bolýan wajyp teklipleri işläp taýýarlamaga şertleri döredýänliginde hem aýdyň görünýär. Sebit parahatçylygyny, durnuklylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam bermek kanun çykaryjy edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Şundan ugur alyp, parlamentariler ýurtlaryň arasynda garaýyşlaryň ýakynlaşmagynyň ýollaryny agtarmaga gönükdirilen täze pikirleri we çemeleşmeleri öňe sürüp, başlangyçly işlemäge çalyşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, alyp barýan işleri anyk wezipeleri çözmäge gönükdirilen parlamentara dostluk toparlarynyň özara gatnaşyklaryna hem uly ähmiýet berilýär.
Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde, şol sanda azyk howpsuzlygy, ekologiýa, daşky gurşawy goramak, lukmançylyk hyzmatlarynyň we bilimiň elýeterliligi ýaly meselelerde döredijilikli işler ýerine ýetirilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň, milli we parlamentara birleşikleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, Awazada «Gün tertibi — 2030-da» bellenilen wezipelere ýetmekde innowasiýalar boýunça tejribe alyşmak meýilleşdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, döwletara gatnaşyklarda ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurtlar üçin möhüm zerurlyk bolup durýar. Şunda parlament diplomatiýasynyň üsti bilen gatnaşyklary ýola goýmak hem ileri tutulýan ugur bolup çykyş edýär. Hususan-da, ulag, energetika, senagat hyzmatdaşlygy ýaly strategik ugurlarda halkara hukuk goldawyny döretmek we herekete getirmek wajyp meseledir. Şoňa görä, milli kanunçylygy ýakyn ýagdaýa getirmek hem-de sazlaşdyrmak, ilkinji nobatda, hukuk bökdençliklerini aradan aýyrmak maksady bilen, döwrüň talap edýän çözgütlerini kabul etmek wezipesi parlament düzümleriniň öňünde goýlandyr. Medeni-ynsanperwer ulgam döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidir. Şunda bu ulgamda hyzmatdaşlygy berkitmek, has ýakyn medeni gatnaşyklar babatda zerur şertleri kemala getirmek, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we taslamalaryny işläp düzmek, döredijilik, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleriniň özara alyşmalary üçin parlament gurallaryna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, öňde geçiriljek forum bu ugurdaky hyzmatdaşlyga-da itergi berip, ony täze, netijeli pikirler bilen baýlaşdyrar.
Garaşsyz Türkmenistanyň üýtgewsiz garaýyşlary ýurtlaryň we halklaryň arasynda deňhukukly, özara hormata esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda dünýä giňişliginde BMG-niň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam bermekde jemlenýär. Şu nukdaýnazardan, dünýäniň birnäçe döwletleriniň parlament ýolbaşçylarynyň, ugurdaş halkara we sebit guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Awazada geçiriljek köptaraply duşuşyk ägirt uly ähmiýete eýe bolar. Sebäbi Türkmenistan dürli syýasy ulgamly we garaýyşly ýurtlaryň açyk, netijeli gepleşikleri geçirip biljek ählumumy parlament meýdançasy bolup çykyş eder. Garaşylyşy ýaly, parlament ýolbaşçylarynyň öňde boljak duşuşygynyň dowamynda häzirki zaman parlamentarizmini ösdürmek barada pikir alyşmalar geçiriler. Olarda halklaryň we döwletleriň, olaryň ykdysady, durmuş-medeni ösüşiniň bähbidine mundan beýläk-de bilelikde işleşmek üçin anyk ugurlar kesgitleniler.
Duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän, Watanymyzyň okgunly ösüşini üpjün etmäge, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, dünýäniň halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändigine aýdyň göz ýetirip bilerler. Umuman, parlament ýolbaşçylarynyň Awaza duşuşygy parlamentara hyzmatdaşlygyň bu görnüşiniň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini, onuň ösüşiniň geriminiň giňdigini we dürlülige baýdygyny görkezmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, bu forum kanun çykaryjylygyň iň gowy tejribelerini we parlament işiniň usullaryny alyşmakda abraýly meýdançalaryň biri bolar.