Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
Syýasat habarlary
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
Çap edildi 05.06.2025
117

Şu gün Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň binasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça öňde duran wezipeler we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Utgaşykly görnüşde guralan maslahata tebigaty goramak boýunça düzümleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik birleşikleriniň, iri halkara hem-de sebitleýin guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmakdan, özboluşly, gaýtalanmajak gözel tebigatymyzy aýawly saklamakdan, ony geljek nesillerimize has-da gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdyr. Häzirki döwürde daşky gurşawy gorap saklamakda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz has-da ösdürilýär.

Umumy mejlisdäki çykyşlar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän milli ekologiýa syýasatyna, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna, daşky gurşawy goramak ulgamyndaky kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere bagyşlandy.

Türkmen tarapyndan çykyş edenler tebigata aýawly çemeleşmek babatda gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler. Gidrometeorologiýa ulgamynda Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, daşky gurşawy goramak boýunça halkara ylalaşyklaryň ýörelgeleri bilen baglylykda, metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça görülýän çärelere möhüm ähmiýet berildi. Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy ýurdumyzyň häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň güwäsidir.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çykyşynda şu günüň herekete geçmäge çagyryşdygyny we hemmeler üçin ekologiýa durnuklylygyna tarap möhüm ädim ätmäge mümkinçilikdigini belledi. Häzirki döwürdäki özgertmeler hökümet edaralary, ýerli jemgyýetçilik, akademiki işgärler, hususy düzümler, aýratyn-da, ýaşlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi talap edýär.

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekiliýetiniň INTPA taslamasynyň utgaşdyryjysy Borislow Dimitrow biodürlüligi gorap saklamakdan we tokaý zolaklaryny döretmekden başlap, energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmaga we suw serişdelerini aýawly peýdalanmaga çenli howa hem-de daşky gurşaw bilen bagly meseleleri çözmäge ýurdumyzyň gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem ÝB-niň degişli ugurlardaky tagallalary goldamaga taýýardygy nygtaldy.

Soňra maslahat ýurdumyzyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem-de Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda geçirilen üç bölümde öz işini dowam etdi.

«Daşky gurşawy goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary» atly bölüm tebigaty goramak ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Halkara Migrasiýa Guramasynyň (IOM) ýurdumyzda durmuşa geçirýän taslamalary bilen baglanyşykly meseleleri öz içine aldy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen, birnäçe milli maksatnamalar kabul edildi. Metan zyňyndylarynyň daşky gurşawa zyýanly täsirini azaltmak we soňuna çykmak maksady bilen, umumydöwlet ähmiýetli çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem parnik gazlaryna hemra aragatnaşygy arkaly gözegçilik etmekde Ýaponiýanyň Çuo uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygyň geljegi, Merkezi Aziýanyň we beýleki sebitleriň ýaramazlaşan çöl ekologik ulgamyny dikeltmekde biologik dürlülikden peýdalanmagyň ylmy esaslary barada çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem Türkmenistanda alajagaplaňlary gorap saklamak boýunça alnyp barlan işleriň oňyn netijeleri barada gürrüň edildi.

«Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde ekologiýanyň orny» atly bölümiň gün tertibi suwaryşyň innowasion usulyndan peýdalanylanda ekologik täsirleri öwrenmegiň meselelerini, ýurdumyzyň biodürlüliginiň baýlaşmagynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ähmiýetini öz içine aldy. Şeýle hem ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmagyň möhümdigi barada durlup geçildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde degişli ulgamda üstünlikli durmuşa geçirilýän milli strategiýa Milletler Bileleşiginiň Durnukly ösüş maksatlary hem-de dünýäniň ekologik ulgamyny goramak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler bilen sazlaşykly utgaşýar.

«Aralýaka sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmagyň meseleleri» atly bölümde degişli sebitde biologik dürlüligi gorap saklamakda döwlet tebigy goraghanalaryň alyp barýan işleri, galofit ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň şorlaşan topraklary özleşdirmekde ulanylyşy ýaly ugurlar giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyşlarda bu sebitde soňky ýyllarda tebigy heläkçilikler bilen göreşmek üçin taýýarlanylan taslamalarda ylmy usulyýetler bilen bir hatarda, ýokary tehnologiýalaryň döwrebap toplumynyň işläp düzülişiniň hem ilerledilýändigini bellediler.

Dürli landşaftlaryň ýerüsti we ösümlik goruny anyklamak arkaly uzak aralykdan barlaglary geçirmek boýunça tehnologiýalaryň sanly ulgamyň üsti bilen gözegçiligi alyp barmaga, biodürlüligi gorap saklamaga gönükdirilen milli meýilnamalary gysga wagtyň içinde işläp taýýarlamaga ýardam edýändigi bellenildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda daşky gurşawy goramak meseleleriniň hemişe üns merkezinde saklanylýandygy üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, eziz Watanymyzyň daşky gurşawynyň goralmagynda netijeli işleri alyp barmak üçin öňde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny bellediler.

Oba hojalyk toplumynyň binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda ýeten sepgitlerini aýdyň şöhlelendirdi. Bu ýerde Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň bähbidine durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, ekologik taslamalaryň başyny başlaýjy Gahryman Arkadagymyzyň eserlerine aýratyn orun berlipdir.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi.

Soňky habarlar
06.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
05.06
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň ugurlary: täze tehnologiýalar we ekologiýa
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
04.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow